Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni
    3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni surady
    30/11/-0001

    988

    3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni

    2022-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaraly welosiped ýörişi geçirildi. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýörişler eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde uly şatlyk-şowhuna beslendi. Bu asylly çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlary, professor mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar.
    Hormatly Prezidentimiz ilat arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini ýaýbaňlandyrmagy asylly däbe öwürdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň ulanylmaga berilmegi we medeni-dynç alyş zolaklarynyň barha artmagy raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, olary köpçülikleýin sport çärelerine işjeň çekmäge giň mümkinçilikleri berýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi.
    Türkmenistanyň işjeň tagallalary bilen 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamany kabul etdi. Bu şatlykly hoş habar dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýanlygynyň ýene bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň we ekologiýa diplomatiýasynyň diňe bir biziň halkymyzyň bähbidine däl, eýsem-de tutuş dünýä halklarynyň, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilendiginiň beýanyna öwrüldi.
    Paýtagtymyzyň Çandybil şaýolunyň we Bekrewe köçesiniň çatrygynda gurlan hem-de Aşgabadyň özboluşly ajaýyplygyna öwrülen Welosiped binasy bu baýramçylygyň aýdyň nyşany boldy. Bu täsin binada Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginiň ähmiýeti, sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapdy.
    Şu ýerde 2018-nji ýylda köpugurly «Aşgabat» stadionynda 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda welosiped sporty boýunça köpçülikleýin tälim beriş sapagynyň geçirilendigini ýatlamak bolar. Şondan bir ýyl geçenden soň, Olimpiýa şäherçesinde «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýörişi» geçirildi. Oňa welosipedçileriň 2019-sy gatnaşdy. Bu çäreleriň ikisi hem Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bularyň ählisi sport döwleti hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
    Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI