Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 3-nji dekabr ─Halkara maýyplar güni
    3-nji dekabr ─Halkara maýyplar güni surady
    03/12/2024

    1875

    3-nji dekabr ─Halkara maýyplar güni

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen alyp barýan syýasatynyň çäklerinde, maýyplaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri hökmünde öňe sürülýär. Döwletimizde maýyplaryň beýleki raýatlar bilen deň derejede okamagy, bilim almagy, özleriniň söýen hünärlerine eýe bolmagy, halal zähmet çekmegi, maşgala gurmagy we sagdyn, bagtly durmuş sürmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir.
    Halkara Maýyplar güni 1992-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilip, her ýylyň 3-nji dekabrynda bütin dünýäde bellenilýär. Bu günüň bellenilmegi olaryň durmuşda gabat gelýän kynçylyklaryna has oňat düşünip, olaryň hak-hukuklaryny durmuşa geçirmegiň ýollaryny tapmaga ýardam edýär.
    Esasy Kanunymyzda: “Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr” diýlip bellenilýär. Biziň ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli adamlaryň özlerini kemala getirmekleri üçin ähli derwaýys şertler döredilip, çagalaryň bilim almaklary üçin mekdepler hereket edýär, mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin iş ýerleri döredilýär, maýyplygy bolan ulularyň hem-de çagalaryň ähli hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň mäkämligini üpjün edýän kanunçykaryjy hukuknamalaryň ençemesi hereket edýär. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek döwletiň ilkinji wezipeleriniň hatarynda durýar.
    Halkara maýyplar gününiň geçirilmeginiň esasy maksady olaryň durmuş abadanlygyny üpjün etmäge, olaryň hak-hukuklaryny we mertebesini goldamaga gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasy (BMG) hemme adamlaryň, şol sanda maýyplaryň hem hukuklaryny goramaga gönükdirilen çäreleri geçirýär. BMG jemgyýetiň syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda maýyplaryň hem beýleki adamlar bilen deň derejede gatnaşyp bilmekleri üçin ýörite çäreleri geçirýär.

    Ýunus TAGANOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI surady

    08/05/2026

    8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni surady

    02/05/2026

    3-nji maý – Bütindünýä metbugat azatlygynyň güni
    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady

    23/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI