Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly şäherleri gurmakda ýaşlaryň ornuna bagyşlanan okuw sapagy geçirildi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 26-njy iýun - Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni
    26-njy iýun - Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni surady
    30/11/-0001

    1881

    26-njy iýun - Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara güni

    1987-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 42-nji sessiýasynda her ýylyň 26-njy iýunyny Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara gününi bellemek barada Kararnama kabul etdi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň esasy maksady dünýäde neşe serişdeleriniň ulanmaklygyň, şeýle hem olary bikanun dolandyrmaklygyň öňüni almak üçin dünýä jemgyýetçiligini işeňňir gatnaşmaklyga çagyrmakdyr.

    Türkmenistan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreşmegi durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, häzirki wagtda beýleki ýurtlar üçin mynasyp görelde döwlet hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyz BMG-niň Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara Konwensiýalaryna hem-de BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin we halkara taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy wezipesi neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekdäki, neşe serişdelerini ele salmak maksady bilen serhet gözegçiligini güýçlendirmekdäki tagallalary birikdirmekden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki taýdan kömek bermekden we okatmakdan ybaratdyr.

    Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryna laýyklykda, neşekeşlige garşy göreşmek we ýüze çykarmak, neşe serişdelerini ulanmaga ýykgyn edýän adamlary bejermek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. “Neşe serişdelerine, psihotrop maddalara, prekursorlara we bularyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreler hakynda” kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny hem alnyp barylýan işleriniň aýdyň subutnamasydyr. Neşekeşligiň öňüni almak boýunça çäreleriň yzygiderli esasda geçirilmegi oňyn netijeleri berýär. Bu çärelere ähli düzümler, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeň gatnaşýarlar.

    Sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty işjeň wagyz etmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman stadionlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary we ýüzüş howuzlary bolan täze mekdepler hereket edýär.

    Merjen GURBANNAZAROWA,

      Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş

    kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI surady

    23/04/2026

    BÜTINDÜNÝÄ KITAP WE AWTORLYK HUKUGY GÜNI
    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady

    22/04/2026

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady

    11/04/2026

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI