Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 24-nji Ýanwar - Halkara bilimler güni
    24-nji Ýanwar - Halkara bilimler güni surady
    23/01/2021

    1125

    24-nji Ýanwar - Halkara bilimler güni

    Bilim – üstünligiň gözbaşy. Döredijiligiň ylham çeşmesi. Edil giň dünýä ýaly, bilimiň-ylmyň çygry hem örän giňdir. Onuň belli bir basgançagyna ýetip, özüňi beýik adam hasaplamak bolmaz. Bilim tükeniksiz umman mysalydyr.

    2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda 24-nji ýanwary “ Halkara bilimler güni ” diýlip yglan edildi. Bu bolsa dünýä ýüzünde häzirki wagtda bilim ulgamynyň esasy orunda durýandygyň subutnamasy bolup durýar. Dünýä jemgyýetinde ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerlemegi, sanly ykdysadyýetiniň we bilimler jemgyýetiniň kemala gelmegi, bilim ulgamynyň täze nusgasynyň durmuşa ornaşdyrylmagy öňe tutulýan ugurlaryň biridir.

    Häzirki wagtda muňa garamazdan, UNESKO-nyň bellemegine görä dünýäde 262 mln. çaga mekdebe gitmeýär, 617 mln. çaga we ýetginjek okap, ýazyp bilmeýär, 4 mln. bosgunçy okuw hukuklaryndan mahrum edilendir. Bu çagalaryň we ýetginjekleriň okamak haklary ellerinden alnan we bu ýagdaýyň kabul edilmezligini hem-de, ähli ýurtlaryň, guramalaryň ýokary hilli bilim bermek üçin ynsanperwerlik kömegini etmeklerini isleýärler.

    Şunuň ýaly ýagdaýlary göz öňünde tutup, häzirki wagtda ähli ýurtlarda, sebitlerde bilimiň, ylmyň deň derejede ösmegine gözegçiligi ýokarlandyrmak göz öňüne tutulýan esasy meseleleriň biridir. Dünýä ýüzünde bilimiň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, kämil tehnologiýalar bilen üpjün etmek, ýaşlaryň ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykarmaklary ugrunda alnyp barylýan özgertmeler muňa aýdyň mysaldyr.

    Eziz Diýarymyzda hem bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň ýokary hilli bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ösen tehnologiýalar bilen ornaşdyrylan ýokary okuw mekdepleri, orta we orta hünär okuw mekdepleri ýaşlaryň okamaga, döretmäge bolan isleglerini has-da artdyrýar.

    Şunuň ýaly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

     

    Gyzlargül ANNAGURDOWA

    Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI