Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 24-nji oktýabr – Bütindünýä ösüş barada maglumatlaryň güni
    24-nji oktýabr – Bütindünýä ösüş barada maglumatlaryň güni surady
    30/11/-0001

    1421

    24-nji oktýabr – Bütindünýä ösüş barada maglumatlaryň güni

    Her ýylyň 24-nji oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanan Bütindünýä ösüş barada maglumatlaryň güni 1972-nji ýyldan bäri bellenilýär. BMG-niň Baş Assambleýasy bu günüň senesini 1970-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Ösüş On ýyllygy üçin Halkara Ösüş Strategiýasynyň kabul edilen senesi we BMG-niň döredilen gününe gabat gelmeli diýen karar bilen kesgitleýär. Bu günüň maksady, ösüş meseleleri we olary çözmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek barada jemgyýetiň pikirini ösdürmekden ybarat.

    Biz nädip jemgyýeti maglumat bilen üpjün edip bileris?

    Elbetde, häzirki zaman tehnologiýalaryň, esasanam köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (gazet-žurnallar, teleradioýaýlymlar) üsti bilen üpjün edip bileris. Sebäbi KHBS dünýäde bolup geçýän islendik wakany dogry hem doly şöhlelendirýän, jemgyýete täsir ediji, ynamdar ulgamdyr.

    Dünýäde her ýurduň ösüşi onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuşy bilen kesgitlenilýär. Ösüş hem öz gezeginde birnäçe görkezijilere daýanýar. Bu ugurdan esasy görkeziji bolsa ylym-bilim ulgamydyr. Şonuň üçin bilim ösüşiň açary hasaplanylýar.

    Bütindünýä ösüş barada maglumatlaryň gününde BMG-niň ýolbaşçylygynda oňa agza döwletlerde dürli çäreler, ylmy konferensiýalar, ýygnaklar, maslahatlar geçirilýär. Ýygnaga gatnaşýan agzalar ýüze çykan meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Mysal üçin, 2005-2014-nji ýyllar aralygynda geçirilen seminarlarda ilkinji nobatda ara alnyp maslahatlaşylan tema: bilim bilen baglanyşykly ýüze çykýan meseleler bolupdy. Häzirki döwürde Adamzadyň ýaşaýşyna täsir edýän syýasy, ekologiýa we tehnologiýa ýaly döwrebap meseleler has-da köpeldi. Munuň özi ähli ýurduň ösüşine we ykdysadyýetine özüniň täsirini ýetirýär. Syýasat bilen baglanyşykly hökümetiň üýtgemegi, gender deňligi, howanyň üýtgemegi, açlyk we garyplyk ýaly meseleler döwletiň ösüşine uly zyýan ýetirýär. Bu meseleleriň öňüni almak we çözmek üçin dünýäde Birleşen Milletler Guramasy hereket edip, her ýylyň sentýabr aýynda Baş Assambleýanyň mejlisi geçirilýär. Onda umumadamzat meselelere garalýar. Her ýylda geçirilýän bu mejlise hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan hem gatnaşyp, Adamzada howp salýan meseleler barada umumadamzat bähbitli teklipler bilen çykyş edýär.

    Şeýle-de Türkmenistan hem öz gezeginde Bütindünýä ösüşiň maglumatlar gününde döwletimiziň syýasy we medeni taýdan ösüşini ileri tutýanlygyny görkezmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk döwründe ýeten belent sepgitleri barada seminarlary, halkara ylmy konferensiýalary, maslahatlary geçirýär.

    Döwletýar ARÇAMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI