Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 24-nji oktýabr – BMG-niň Halkara güni
    24-nji oktýabr – BMG-niň Halkara güni surady
    30/11/-0001

    1162

    24-nji oktýabr – BMG-niň Halkara güni

    BMG-niň Halkara güni 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kabul edilmeginiň iki ýyllygy mynasybetli guramanyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Rezolýusiýasynyň esasynda bellenilýär. Aslynda, BMG adamzady howsala salýan esasy syýasy meseleler bilen meşgullanýan iň iri we abraýly halkara gurama hasaplanýar. BMG-niň syýasy işi ykdysady we durmuş meseleleri bilen aýrylmaz baglanyşykda alnyp barylýar.

    1971-nji ýylda Baş Assambleýa öz Rezolýusiýasynda BMG-niň gününiň halkara derejeli baýramyna öwrülmelidigini nygtap, oňa agza döwletlerine öz döwlet baýramy hökmünde belläp geçmegi barada teklip berýär. Şondan bäri hem her ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Halkara güni oňa agza döwletleri tarapyndan ýokary derejede bellenilýär.

    Birleşen Milletler Guramasy – dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen döredilen halkara guramasydyr. Guramanyň Tertipnamasynda bellenilen maksatlar esasan dünýäde howpuň öňüni almakdan we oňa garşy göreşmekden, halkara dawalaryň parahatçylyk ýoly bilen çözülmekden, milletara dostlukly gatnaşyklary hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýaly ýörelgeler esaslarynda guramakdan ybarat.

    Häzirki wagtda BMG-niň düzümine 193 döwlet girýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hem 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň işjeň agzasydyr. Häzirki wagtda BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýasy, Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we Durmuş Geňeşi, Halkara Kazyýeti, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de Guramanyň ýöriteleşdirilen edaralaryna Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy (UNICEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär.

    Her ýylda BMG-niň Halkara güni 20-26-njy oktýabr aralygynda geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň hepdeliginiň çäklerinde bellenilýär. Bu baýramçylyk gününde dürli duşuşyklar, mejlisler, “tegelek stollar”, sergiler we halkara konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Däp boluşy ýaly, şol gün BMG-niň Baş Sekretary dünýä giňişligine öz ýüzlenmesi bilen çykyş edýär. Şeýle-de geçirilýän ýörite çäreleriň dowamynda BMG-niň agzalary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar we bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli birek-biregi gutlaýarlar.

    Gurbanmyrat AŞYROW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI