21/06/2023
1013
21-nji iýun - Halkara ýoga güni
Ýoga Hindistanda dörän gadymy fiziki, akyl we ruhy taýdan adam saglygyny bejermegiň sungaty hasaplanylýar. Köp adamlar üçin ýoga dynç almagyň, ruhuňy taplamagyň usuly hökmünde görülýän bolsa, käbirleri üçin ol fiziki we emosional dartgynlykdan soň dynç almagyň, beden saglygyny berkitmekde sportuň bir görnüşidir. “Ýoga” sözüniň manysy “beden hem aňyň birleşmesi” diýmekligi aňladýar. Bu maşk bilen yzygider meşgullanýanlar daş-töwerekdäki dünýäni başgaça duýup, hem-de durmuş hakykatlaryna täzeçe düşünip, akyl ýetirip başlaýandyklaryny öňe sürýärler. Ýoga bilen meşgullanan ynsanlar içki hem-de daşky dünýäniň sazlaşygyny gazanmak bilen köp zada çynlakaý çemeleşip, özüne zerur bolan düşünjeleri tapýarlar. Ýoga bilen meşgullanmaklyk XX asyrda has-da ösüp başlapdyr, oňa bolan gyzyklanma has hem artypdyr. Bu görkeziji häzirki wagtda barha ýokarlanýar.
Bilşimiz ýaly, Halkara ýoga güni Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylda esaslandyrylyp, 2015-nji ýyldan bäri her ýylyň 21-nji iýunynda giňden bellenilip geçilýär. Hindistan tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç BMG-ä agza döwletleriň 175-isi tarapyndan ykrar edildi. Türkmenistan hem sportuň ýoga görnüşüne we bu halkara güne aýratyn ähmiýet berýär. Munuň şeýledigine 2015-nji ýylda Aşgabatda Ýoga we adaty lukmançylyk merkeziniň açylmagy hem şaýatlyk edýär.
Her ýyl belli bir şygar astynda geçirilýän Halkara ýoga güni mynasybetli çäreler tebigatda, açyk meýdanda adamlar bir bitewülikde ýoga geçip, akyl dünýäsini durlap, beden saglygyny berkidýärler. Ýoga bilen diňe ulular däl-de, eýsem çagalaryň hem meşgullanmaklary çagalaryň fiziki hem akyl taýdan işjeň bolmagyna uly täsir edýändigi barada dünýäniň meşhur bilermenleri tarapyndan häli-şindi aýdylýar.
Maýsa AŞYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI