Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / 2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti
    2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti surady
    26/03/2024

    1003

    2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti

    Golaýda «Forbes» žurnaly 2024-nji ýylyň dünýä boýunça iň uly ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlaryň sanawyny çap etdi. Ýurtlaryň häzirki wagtdaky jemi içerki önümi (JIÖ) boýunça düzülen sanawyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň atlary agzalýar.
    «Forbesiň» hünärmenleriniň beýle netije çykarmaklaryna näme itergi berdikä? Bu soragyň jogaby, ine, şeýleräk...
    1. Amerikanyň Birleşen Ştatlary
    JIÖ — 27 trillion 974 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 83,06 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1,5 göterim.
    ABŞ 1960-njy ýyldan häzirki wagta çenli sanawdaky ýerini ýitirmän, dünýäniň esasy ykdysadyýeti we iň baý ýurdy adyny saklap gelýär. Ýurduň ykdysadyýeti hyzmatlar, önümçilik, tehnologiýa, maliýe ýaly möhüm pudaklaryň kömegi arkaly ösýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary uly sarp ediş bazaryna eýe, şonuň üçin-de ýurtda innowasiýa we telekeçilik barha rowaçlanýar.
    2. Hytaý Halk Respublikasy
    JIÖ — 18 trillion 566 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 13,16 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 4,2 göterim.
    Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşinde uly öwrülişigi başdan geçirdi. Has dogrusy, 1960-njy ýyldaky dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýetinden 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 2-nji orna süýşmegi başardy. Hytaý ykdysadyýeti, esasan, önümçilige, eksporta we maýa goýuma bil baglaýar. Şeýle-de ýurt işçi güýjüne, döwlet goldawyna, infrastruktura ösüşine we giň sarp ediş bazaryna eýedir.
    3. Germaniýa Federatiw Respublikasy
    JIÖ — 4 trillion 730 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 56,04 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 0,9 göterim.
    German ykdysadyýeti eksporta aýratyn üns berýär. Şeýle-de ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde inženerçilik, awtoulag, himiýa we derman senagatynyň orny örän uludyr.
    4. Ýaponiýa
    JIÖ — 4 trillion 291 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 34,55 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1 göterim.
    Ýapon ykdysadyýeti ösen tehnologiýasy, önümçilik ukyby hem-de hyzmatlar pudagy bilen beýleki ykdysadyýetlerden düýpgöter tapawutlanýar. Ykdysadyýetiniň ösen pudaklaryna awtoulag, elektronika, tehnika we maliýe degişli bolup durýar. Mundan başga-da, Ýaponiýa üýtgewsiz iş düzgüni hem-de ösen eksport kuwwaty bilen meşhurdyr.
    5. Hindistan Respublikasy
    JIÖ — 4 trillion 112 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 2,85 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 6,3 göterim.
    Hindistan 2024-nji ýylda jemi içerki önümi boýunça dünýäde 5-nji orny eýeleýär. Hindistanyň ykdysadyýeti maglumat tehnologiýasy, hyzmatlar, oba hojalygy we önümçilik pudaklarynyň hasabyna çalt ösýär. Ýurt iri içerki bazaryna, ýaş we tehnologik taýdan ökde işçi güýjüne eýedir.
    6. Beýik Britaniýa
    JIÖ — 3 trillion 592 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 52,43 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 0,6 göterim.
    Britan ykdysadyýeti hyzmatlar, önümçilik, maliýe we medeniýet pudaklaryny öz içine alýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň ýokary depgin bilen ösmeginde eksport-import amallaryna aýratyn orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, London daşary ýurt maýa goýumlaryny köp çekýändigi üçin, dünýäniň maliýe merkezi hökmünde bellidir.
    7. Fransiýa
    JIÖ — 3 trillion 182 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 48,22 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1,3 göterim.
    Fransiýa esasy ünsüni howa gatnawyna, syýahatçylyga, kaşaň harytlara we oba hojalygyna gönükdirýär. Ýurduň ykdysadyýeti sosial üpjünçilik ulgamyna, ösen infrastrukturasyna, gözleg işlerine goýýan maýa goýumlary bilen tapawutlanýar.
    8. Italiýa
    JIÖ — 2 trillion 280 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 38,93 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 0,7 göterim.
    Italiýa Ýewropa Bileleşiginiň iň uly 3-nji ykdysadyýeti bolup, ýurt ýokary derejede ösen içerki bazara eýedir. Şeýle-de täsirli we öňdebaryjy işewürlik pudagy, bäsdeşlige ukyply oba hojalygy bilen meşhurdyr.
    9. Braziliýa
    JIÖ — 2 trillion 272 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 11,03 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1,5 göterim.
    Braziliýanyň ykdysadyýetinde oba hojalygy, magdançylyk, önümçilik we hyzmatlar ýaly pudaklary ösendir. Esasan hem, oba hojalyk önümlerini eksport etmekde ösen merkez hökmünde öňe saýlanýar. Braziliýanyň ykdysadyýetiniň ösüşini harydyň nyrhlary, içerki sarp ediş bazary we infrastrukturanyň ösüşi düzýär.
    10. Kanada
    JIÖ — 2 trillion 242 milliard amerikan dollary.
    Adam başyna düşýän JIÖ — 55,53 müň amerikan dollary.
    JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1,6 göterim.
    Kanadanyň ykdysadyýeti, esasan, nebit, gaz, minerallar, agaç ýaly tebigy baýlyklara esaslanýar. Mundan başga-da, ýurt ösen hyzmatlar we önümçilik pudagyna eýedir. Kanada innowasiýalary we tehnologiýa ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýär.

    Sahypany taýýarlan:
    Jahantäç ÖWEZOWA,
    TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby,
    «Biznes reklama».

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 25.03.2024 ý. // 2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI