26/03/2024
737
2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti
Golaýda «Forbes» žurnaly 2024-nji ýylyň dünýä boýunça iň uly ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlaryň sanawyny çap etdi. Ýurtlaryň häzirki wagtdaky jemi içerki önümi (JIÖ) boýunça düzülen sanawyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň atlary agzalýar.
«Forbesiň» hünärmenleriniň beýle netije çykarmaklaryna näme itergi berdikä? Bu soragyň jogaby, ine, şeýleräk...
1. Amerikanyň Birleşen Ştatlary
JIÖ — 27 trillion 974 milliard amerikan dollary.
Adam başyna düşýän JIÖ — 83,06 müň amerikan dollary.
JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1,5 göterim.
ABŞ 1960-njy ýyldan häzirki wagta çenli sanawdaky ýerini ýitirmän, dünýäniň esasy ykdysadyýeti we iň baý ýurdy adyny saklap gelýär. Ýurduň ykdysadyýeti hyzmatlar, önümçilik, tehnologiýa, maliýe ýaly möhüm pudaklaryň kömegi arkaly ösýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlary uly sarp ediş bazaryna eýe, şonuň üçin-de ýurtda innowasiýa we telekeçilik barha rowaçlanýar.
2. Hytaý Halk Respublikasy
JIÖ — 18 trillion 566 milliard amerikan dollary.
Adam başyna düşýän JIÖ — 13,16 müň amerikan dollary.
JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 4,2 göterim.
Hytaý ykdysadyýetiniň ösüşinde uly öwrülişigi başdan geçirdi. Has dogrusy, 1960-njy ýyldaky dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýetinden 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 2-nji orna süýşmegi başardy. Hytaý ykdysadyýeti, esasan, önümçilige, eksporta we maýa goýuma bil baglaýar. Şeýle-de ýurt işçi güýjüne, döwlet goldawyna, infrastruktura ösüşine we giň sarp ediş bazaryna eýedir.
3. Germaniýa Federatiw Respublikasy
JIÖ — 4 trillion 730 milliard amerikan dollary.
Adam başyna düşýän JIÖ — 56,04 müň amerikan dollary.
JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 0,9 göterim.
German ykdysadyýeti eksporta aýratyn üns berýär. Şeýle-de ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşinde inženerçilik, awtoulag, himiýa we derman senagatynyň orny örän uludyr.
4. Ýaponiýa
JIÖ — 4 trillion 291 milliard amerikan dollary.
Adam başyna düşýän JIÖ — 34,55 müň amerikan dollary.
JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini — 1 göterim.
Ýapon ykdysadyýeti ösen tehnologiýasy, önümçilik ukyby hem-de hyzmatlar pudagy bilen beýleki ykdysadyýetlerden düýpgöter tapawutlanýar. Ykdysadyýetiniň ösen pudaklaryna awtoulag, elektronika, tehnika we maliýe degişli bolup durýar. Mundan başga-da, Ýaponiýa üýtgewsiz iş düzgüni hem-de ösen eksport kuwwaty bilen meşhurdyr.
5. Hindistan Respublikasy
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI