10/01/2024
12886
2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Turuwbaşdan ýaşlara bagyşlanan 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem şeýle ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda türkmen ýaşlary ylymda, bilimde, sportuň dürli ugurlarynda şeýle hem döredijilikde uly ýeňişleri gazanyp, belent sepgitlere ýetdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu şanly ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy, bu kitapda türkmen ýaşlarynyň döwlet we halkara derejesinde gazanan üstünlikleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ähli türkmen halkyna, şol sanda biz bagtyýar ýaşlara hem ajaýyp täze ýyl sowgady boldy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly many – maňyzdan püre – pür goşgusyny ähli türkmen halkyna peşgeş bermegi bolsa biz bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. Beýik şahyryň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilip geçiljek, ýaňy – ýakynda gadam basan 2024-nji ýylymyzyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy tüýs jüpüne düşdi. Hormatly Prezidentimi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip, örän jaýdar belläp geçişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygyry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aşakdaky setirlerini okanyňda ýaşap ýören bagtyýar zamanyň, berkarar döwletiň gymmatyna has hem gowy düşünýärsiň.
Hor bolmasyn puştba – puştum,
Berkarar döwlet islärin.
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz daýym bolsun goýulsyn.
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alyli –
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Şahyr bütin ömründe ähli türkmen tire – taýpalarynyň agzybir bolup bir döwlete gulluk etmeklerini, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir. Akyldaryň «Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi» diýen setirinden hem görnüşi ýaly, ol öz ýaşaýan döwründe bu arzuwynyň hasyl bolşuny görüp bilmändir. Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän zamanasy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda wysal boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä ýüzünde barha pajarlap ösýän döwletleriň hataryna girýär. Häzirki döwürde şahyryň sarpasy belentden tutulýar. Her ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, ýurdumyzyň birnäçe şäherleriniň dürli köçelerine, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we başgada birnäçe ýerlere şahyryň belent adynyň dakylmagy, häzirki wagtda bolsa Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde, gojaman Köpetdagyň eteginde şahyryň belent heýkeliniň gurulmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyry bolsa akyldar şahyryň ruhuny ýene bir mertebe tirsegine galdyrandyr.
Aslynda – ha il – ulusy, Watany üçin ägirt işleri bitiren beýikler hiç mahal hem ýatdan çykmaýarlar. Olar öz bitiren işleri, döreden eserleri bilen halkyň aňynda baky ýaşaýarlar. Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçenine üç asyr bolan hem bolsa şahyryň ajaýyp şygyrlary häzir hem ähmiýetini ýitirmän gelýärler. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi beýik akyldara halkara derejesinde goýulýan ägirt uly sylagdan nyşandyr. Dünýä derejesinde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilip geçiljek «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýyl hem goý, türkmen halkyna bagt, bagtyýarlyk, rysgal – döwlet getirjek ýyllaryň biri bolsun!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman bolsun! Il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Döwran ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI