Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / 2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly
    2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly surady
    10/01/2024

    14253

    2024-nji ýyl – «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda biri-birinden zyýada gelýän her bir ýyl türkmen halkynyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Turuwbaşdan ýaşlara bagyşlanan 2023-nji Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem şeýle ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda türkmen ýaşlary ylymda, bilimde, sportuň dürli ugurlarynda şeýle hem döredijilikde uly ýeňişleri gazanyp, belent sepgitlere ýetdiler. Hormatly Prezidentimiziň bu şanly ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň çapdan çykmagy, bu kitapda türkmen ýaşlarynyň döwlet we halkara derejesinde gazanan üstünlikleriniň ýerleşdirilmegi bolsa ähli türkmen halkyna, şol sanda biz bagtyýar ýaşlara hem ajaýyp täze ýyl sowgady boldy. Bu ýylda Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly many – maňyzdan püre – pür goşgusyny ähli türkmen halkyna peşgeş bermegi bolsa biz bagtyýar ýaşlaryň göwün guşuny has hem ganatlandyrdy. Beýik şahyryň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilip geçiljek, ýaňy – ýakynda gadam basan 2024-nji ýylymyzyň hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy tüýs jüpüne düşdi. Hormatly Prezidentimi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Şahyryň eserlerine siňdiren berkarar ýurt gurmak, haýyr-sahawatlylyk, edep-ekram, sylag-hormat, sahylyk, myhmansöýerlik, agzybirlik baradaky filosofik pikirleri, ynsanperwer garaýyşlary, şahyrana öwüt-ündewleri biziň milletimiziň müdimi ýörelge edinen durmuş mekdebidir» diýip, örän jaýdar belläp geçişi ýaly, Gündogaryň beýik akyldary, söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň her bir şygyry külli adamzat üçin nusgalyk mekdep bolup durýar. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň aşakdaky setirlerini okanyňda ýaşap ýören bagtyýar zamanyň, berkarar döwletiň gymmatyna has hem gowy düşünýärsiň.
    Hor bolmasyn puştba – puştum,
    Berkarar döwlet islärin.

    Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
    Ýurt binamyz daýym bolsun goýulsyn.

    Türkmenler baglasa bir ýere bili,
    Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
    Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alyli –
    Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
    Şahyr bütin ömründe ähli türkmen tire – taýpalarynyň agzybir bolup bir döwlete gulluk etmeklerini, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir. Akyldaryň «Çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi» diýen setirinden hem görnüşi ýaly, ol öz ýaşaýan döwründe bu arzuwynyň hasyl bolşuny görüp bilmändir. Magtymguly Pyragynyň arzuw eýlän zamanasy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda wysal boldy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda dünýä ýüzünde barha pajarlap ösýän döwletleriň hataryna girýär. Häzirki döwürde şahyryň sarpasy belentden tutulýar. Her ýylyň iýun aýynyň üçünji ongünlüginde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilýär. Ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, ýurdumyzyň birnäçe şäherleriniň dürli köçelerine, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutyna we başgada birnäçe ýerlere şahyryň belent adynyň dakylmagy, häzirki wagtda bolsa Aşgabat şäheriniň iň bir gözel künjekleriniň birinde, gojaman Köpetdagyň eteginde şahyryň belent heýkeliniň gurulmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygyry bolsa akyldar şahyryň ruhuny ýene bir mertebe tirsegine galdyrandyr.
    Aslynda – ha il – ulusy, Watany üçin ägirt işleri bitiren beýikler hiç mahal hem ýatdan çykmaýarlar. Olar öz bitiren işleri, döreden eserleri bilen halkyň aňynda baky ýaşaýarlar. Magtymguly Pyragynyň ýaşap geçenine üç asyr bolan hem bolsa şahyryň ajaýyp şygyrlary häzir hem ähmiýetini ýitirmän gelýärler. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasy bolan ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizilmegi beýik akyldara halkara derejesinde goýulýan ägirt uly sylagdan nyşandyr. Dünýä derejesinde şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilip geçiljek «Pähim-paýhas ummany - Magtymguly Pyragy» atly 2024-nji ýyl hem goý, türkmen halkyna bagt, bagtyýarlyk, rysgal – döwlet getirjek ýyllaryň biri bolsun!
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary aman bolsun! Il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Döwran ÝOWBAGŞYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI