987
17-nji maksada bagyşlanan okuw sapagy
2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde yzygiderli dowam edip gelýän Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanyp gurnalan okuw sapaklarynyň jemi jemlendi. 17-nji maksada bagyşlanan bu okuw sapagyny Durnukly ösüş maksatlary boýunça
ylmy-usulyýet merkezi gurnap, oňa bu merkeziniň ýaş ilçileri, şeýle hem 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.
Ýaş ilçiler tarapyndan alnyp barlan sapagyň barşynda 17-nji maksada aýratyn üns berildi. Bu maksat “Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk” diýlip atlandyrylyp, ol DÖM-iň 17 maksadyny durmuşa geçirmekde möhüm hasaplanylýar. Sebäbi 17-nji maksat olaryň ählisiniň birigýän nokady bolup durýar. Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň ýaş ilçileri tarapyndan 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde gurnalan okuw sapaklarynyň ählisi öz wagtynda geçirildi. Bu sapaklar aýratyn gyzyklylygy bilen tapawutlanyp, okuwçylaryň Durnukly ösüş maksatlary babatdaky düşünjeleriniň has-da artmagyna itergi berdi. Okuw sapagyň ahyrynda bu ugur boýunça ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilýän ägirt uly işler barada anyk mysallar arkaly giňişleýin gürrüň edildi.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.