12/03/2024
722
ÝURDUMYZYŇ HALKARA YKDYSADY DEREJESINE BERILÝÄN BAHA
Bütindünýä söwda guramasy, ol 1995-nji ýylda agza döwletleriniň arasynda halkara söwdany düzgünleşdirmek we söwda-ykdysady gatnaşyklary sazlamak maksady bilen döredildi.
Häzirki wagtda onuň 164 sany agzasy bardyr. Bu guramanyň esasy maksady gümrük päsgelçiliklerini aradan aýyrmak, halkara söwdasyndaky kemsitmäniň ähli görnüşini ýok etmek, söwda düzgünlerini kämilleşdirmek arkaly harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasynyň liberallaşdyrylmagyna ýardam bermek bolup durýar. Häzirki wagtda dünýä söwdasynyň 4/5 bölegi şu guramanyň düzgünnamasy esasynda amala aşyrylýar. Köptaraplaýyn ylalaşyklar bilen baglanyşykly köptaraplaýyn dolandyryş işlerini alyp barmak, halkara söwdanyň ýagdaýlaryna gözegçilik etmeklik we bu ugurda maslahatlary bermek, köptaraplaýyn söwda gepleşiklerini amala aşyrmaklykda forumyň wezipesini ýerine ýetirmek, halkara söwda ulgamynda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň bir bütewi ulgamyny döretmek we global derejedäki söwda syýasatyna täsir etmeklikde beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bu guramanyň esasy wezipeleri bolup durýar.
Bütindünýä söwda guramasynyň esasy ýörelgeleri hökmünde bolsa, has artyk amatlyklar düzgüni esasynda söwdany kemsitmesiz amala aşyrmak, bazarlara girmekde giňeldilen mümkinçilikleri döretmek, bäsleşige goldaw bermek we adalatly bäşleşigiň esasynda halkara söwdasyny ösdürmek, gümrük töleglerden goraglylygy üpjün etmek, ykdysady özgertmelere ýardam bermek, gümrük paçlaryny bellemek arkaly milli haryt öndürijileri goramak, düzgünleşdirmegiň tarif däl serişdelerinden ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek, gümrük tarifleriniň derejesini peseltmek, söwda meselesini sazlamak maksady bilen gatnaşyjy ýurtlara maslahatlar bermek we ösüp gelýän ýurtlar üçin ýeňillikli düzgün döretmek ýaly işleri görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlyk edýän ýurtlarymyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Hut Milli Liderimiziň başlangyjy bilen birnäçe döwletlerde eýýäm Türkmenistanyň söwda wekilhanalary açyldy. Ýurdumyzyň daşary ýurtlaryndaky wekilhanalarynda hereket etjek täze söwda-attaşe wezipesi hem girizildi. Şol çäreleriň ählisi Türkmenistanyň daşary strategiýasynda söwda-ykdysady ugra aýratyn orun degişlidigine güwä geçýär. Häzirki wagtda bolsa Türkmenistan döwletimiz dünýäniň 105-den gowrak döwleti bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar. Taryha nazar salsak, 2011-nji ýylyň 14-15-nji ýanwary aralygynda Ýewropa Komissiýasynyň şol wagtky Başlygy Žoze Manuel Barrozunyň resmi sapar bilen ilkinji gezek Türkmenistanda bolandygyny, şeýle hem saparyň çäklerinde Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşyp, Türkmenistany Bütindünýä söwda guramasyna girmek üçin ýüz tutma bermäge çagyrandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy, şonda: «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi sebitleýin hem-de dünýä möçberli söwdada Türkmenistanyň paýyny artdyrýar» diýip belläpdi. Dünýäde ösen we kämilleşýän integrasion birleşik hasaplanýan Ýewropa Bileleşigi Bütindünýä söwda guramasynyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berýär, sebäbi munuň özi uzak möhletli ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär. Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň şeýle abraýly halkara ykdysady guramasyna Türkmenistanyň girmekligi baradaky ýüz tutma bermäge çagyrmagy bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň häzirki durmuş-ykdysady ösüşine dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary baha berýändiginiň ýene bir subutnamasydyr. Çünki dünýä ýurtlary häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, taraplaryň bähbitlerini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-ne synçy döwlet hökmünde girdi. 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda bolsa Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy üçin arza berildi. Arza Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala tarapyndan kabul edildi. Umuman, Türkmenistan döwletimizde Bütindünýä söwda guramasyna girmeklik üçin ähli şertler hem mümkinçilikler bardyr. Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) wekilleri 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji maýy aralygynda sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde boldular. Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýöredýän parasatly ykdysady syýasatynyň netijesinde dünýä hojalygynyň maddy esasyny düzýän halkara zähmet bölünişigine ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli taýýar önümler bilen girmegini has-da çuňlaşdyrylmagyna garalýan meseleler saparyň gün tertibiniň üns merkezinde boldy.
2024-nji ýylyň 26-29-njy fewraly aralygynda BAE-niň Abu-Dabi şäherinde geçirilen 13-nji Ministrler maslahatyna gatnaşdylar. Bütin dünýäde geosyýasy dartgynlygyň barha güýjeýän we wehimleriň barha artýan häzirki döwründe bu çäräniň geçirilmegi ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedir.
Bütindünýä söwda guramasynyň 13-nji Ministrler maslahatynyň gün tertibi halkara söwdanyň we ösüşiniň onlarça meselelerini öz içine alar. Şolaryň hatarynda düşünişmezlikleri çözmekde Bütindünýä söwda guramasynyň ulgamyny özgertmek, oba hojalygy, balykçylyk üçin ýeňillikler, elektron söwda, global senagat we üpjünçilik zynjyrlary, Bütindünýä söwda guramasynyň goşulmak ýaly meseleler bar. Şeýle hem Bütindünýä söwda guramasynyň nobatdaky maslahatynyň dowamynda iki sany täze agzanyň - Komor adalarynyň we Timor Respublikasynyň Guramanyň düzümine goşulmagy barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar, dünýä ýurtlary, halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler diňe biziň däl, eýsem bütin dünýä halklarynyň parahat we bagtly geljegine gönükdirilendir.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI