11/05/2023
929
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGY WE ONUŇ SEBIT HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEKDÄKI ÄHMIÝETI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň howpsuzlygyň bitewiligi we bölünmezligi baradaky konsepsiýasyna laýyklykda öňe sürýän halkara başlangyçlary Merkezi Aziýanyň oňa ýanaşyk Hazarýaka sebiti bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy, sebitdäki howpsuzlygyň berkarar edilmeginiň ilkinji şertiniň bolsa goňşy Owganystandaky syýasy asudalygy gazanmaga baglydygy baradaky hakykatdan ugur alýar. Barha globallaşýan dünýäde geosyýasy taýdan amatly aýratyn alnan sebitleriň, ýangyç-energetika gorlaryna baý döwletleriň agramy has-da artmak bilen. Bu babatda dünýä syýasatynyň geostrategiki we geoykdysady taýdan bolan ähmiýetli garaýyşlarynyň Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerine gönükmegini aýratyn üns bermeli mesele hökmünde garap bolar. Şunuň bilen baglylykda, kuwwatly geosyýasy merkezleriň halkara bähbitleriniň özara utgaşyklygyny gazanmak we olary parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna gönükdirmek hem bilelikdäki tagallalaryň binýadynda durýar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň strategik esaslarynyň we ynsanperwerlik tebigatynyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri döredýänligi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki taryhy döwrüň çylşyrymly tapgyrlarynda Türkmenistanyň bitaraplygyň binýatlyk häsiýete eýe bolan strategik esaslarynyň we ynsanperwerlik tebigatynyň täze mümkinçilikleri açylýar. Bu aýratyn hem halkara gatnaşyklarynyň syýasy-diplomatik, halkara-hukuk, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik we beýleki derwaýys çäklerinde barha giňden öz beýanyny tapýar.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň parahatçylygy dörediji mümkinçilikleri, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitleriniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesinde aýdyň açylýar. Olaryň mazmuny ilki bilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň strategik ähmiýetli we ileri tutýan ugurlary bolan geosyýasy we geoykdysady esaslarynda, şeýle hem ynsanperwerlik meseleleri, ekologiýa, saglygy goraýyş, medeniýet, ylym-bilim ýaly möhüm ugurlarda aýdyň ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň geosyýasy esaslary barada aýtmak bilen, halkara gatnaşyklarynda döreýän jedelli meseleleri we dawalary parahatçylykly ýollar bilen we syýasy-diplomatik çemeleşmeler arkaly çözmegiň ileri tutulýan wezipe bolup durýanlygyna ünsi çekmek zerurdyr. Bu babatda öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny, parahatçylygy döretmek we hoşniýetli araçylyk usullarynyň giňden ulanylmagynyň Merkezi Aziýada hem-de ýanaşyk Orta Gündogar sebitindäki ýüze çykýan dartgynly ýagdaýlary kadalaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolanlygyny aýratyn nygtap bolar. Munuň şeýledigini hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji Konsultatiw duşuşygy, şeýle hem onuň bilen ugurdaş geçirilen çäreleriň toplumy aýdyň subut etdi.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki Beýannamasynda Taraplar sebiti ulgamlaýyn we yzygiderli esasda ösdürmegiň möhüm meselelerine seretmek üçin hemişelik hereket edýän konsultatiw platforma hökmünde Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialogy döretmek hakyndaky meseläniň üstünde işlemek barada aýtdylar.
Türkmen halkynyň milli Lideri dünýä howpsuzlygynyň ilkinji nobatda öz sebitiňdäki howpsuzlygy üpjün etmekden başlanmalydygyny nygtamak bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65 we 68-nji sessiýalarynda Merkezi Aziýada we Hazar basseýninde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki Forumy döretmek hakyndaky öz başlangyjyny öňe sürdi. Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisindäki sanly ulgam arkaly çykyşynda bolsa hormatly Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýada gepleşikler gurallaryny ösdürmek maksady bilen, Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak» atly Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak meseleleriniň özara baglanyşyklydygyna hem-de aýrylmazdygyna göz ýetirmek bilen, Türkmenistan «Merkezi Aziýa - Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 22-nji iýulynda bolup geçen 4-nji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda şeýle belledi: “Howpsuzlygy üpjün etmek baradaky mesele örboýuna galdy. Gynansak-da, biz entek Ýewraziýa giňişliginde parahatçylyk mizemez, durnuklylyk bolsa dolanuwsyz häsiýete eýe boldy diýip aýdyp bilmeris. Howplar bar, olar dürli görnüşlerde we dürli ýagdaýlarda ýüze çykýar”.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti esasy dört ugra ünsi çekdi:
1. Birinjiden, sebitiň döwletlerinde içerki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synanyşyklar jebisligi we bilelikde olara garşy durmakda aýgytlylygy talap edýär;
2. Ikinjiden, ekstremistik we radikal güýçleriň Merkezi Aziýa aralaşmak synanyşygy we terrorçylyk howpy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we hukuga garşy işleriň beýleki görnüşleri;
3. Üçünjiden, sebitiň serhetleriniň golaýynda bolup geçýän harby-syýasy gapma-garşylyklaryň netijeleriniň Merkezi Aziýadaky ýagdaýa ýetirip biläýjek ýaramaz täsiri;
4. Dördünjiden, maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagy we Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň ýaşaýyş-durmuşynyň esasy gymmatlyklaryna we asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýörelgelerine çapraz gelýän pikirleriň, garaýyşlaryň daşyndan zorluk bilen ornaşdyrmaga synanyşylmagy.
Ýokarda sanalyp geçilen wehimleriň sebitde howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, sebit ýurtlarynyň öňe gitmegine päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegini talap edýäligini Türkmenistanyň Prezidenti aýratyn nygtap geçdi. Türkmenistan sebit döwletleriniň özara tagallalaryny birleşdirmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň işjeň ulanylmagyna aýratyn ünsi çekýär.
2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy mejlisinde Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adyndan gün tertibiniň «Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak» atly 58-nji maddasyna laýyklykda hödürlenen “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny” atly Kararnamasynyň taslamasyna seredildi. Türkmen tarapy bu kararnamany hödürlemek bilen, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle-de ýüze çykyp biljek töwekgelçilikleriň hem-de gapma-garşylyklaryň öňüni almak boýunça netijeli platforma hökmünde bu Merkeziň özüni görkezendigini belledi.
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI