586
Hazarýaka portlar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine
II. EÝRAN
Hazar deňziniň Eýran Yslam Respublikasyna degişli kenarynda gündogardan günbatara çenli Türkmen, Hojanepes, Gäz, Amirabad, Neka, Babolsar, Fereýdunkenar, Nouşehr, Çamhale, Kiýaşehr, Kaspiýan, Çalus, Enzeli, Astara ýaly deňiz portlary bar. Olaryň içinde has ähmiýetlisi Enzeli, Amirabad, Neka, Astara, Nouşehr hasaplanýar. Eýranyň Portlar we gämiçilik guramasynyň 2025-nji ýyla çenli deňiz ulaglaryny ösdürmek boýunça maksatnamasyna laýyklykda, bu ugra 2 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýumlar gönükdirildi. Taslamanyň çäginde Eýran deňiz desgalaryny gurmagy maliýeleşdirmek barada Singapur bilen ylalaşyga gol çekdi.
Enzeli — Tährandan 280 kilometr demirgazykda, Hazaryň günorta kenarýakasynda ýerleşýän deňiz porty. Ol 1980-nji ýyla çenli Pehlewi porty diýlip atlandyryldy. Porta suw sygymy 4 müň tonna bolan 7 sany gämi birbada ýanaşyp bilýär. Eýranyň Russiýa bilen haryt dolanyşygynyň esasy möçberi şol portuň paýyna düşýär. Eýranyň Mejlisi 1990-njy ýyllaryň başynda Enzeli portuny erkin söwda we senagat zolagyna öwürmek barada karar kabul etdi. Eýran Enzelini rejelemek we giňeltmek işlerini tizleşdirip, Hazarýaka we Merkezi Aziýa döwletleriniň Pars aýlagynyň ýurtlary bilen ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmak babatdaky islegini kanagatlandyrmaga çalyşýar. Port döwrebaplaşdyrylyp, onda söwda üçin möhüm infrastruktura (ammarlar, sergi pawilýonlary) döredildi, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde bu porta möhüm orun degişlidir. Enzeliniň golaýynda ýerleşýän Reşt şäherindäki port hem abadanlaşdyrylan.
1994-nji ýylda Enzeli we Nouşehr portlaryna Türkmenistandan ýük daşamalar ýola goýuldy. Taraplar Türkmenbaşy portundan Enzeli portuna, ondan aňryk bolsa awtoulaglar arkaly Türkiýäniň Trabzon portuna çenli gatnawy ýola goýmagy hem ylalaşdylar.
2014-nji ýylyň ahyrynda Enzeli portuny abadanlaşdyrmak boýunça 5 sany taslama amala aşyrylyp, munuň özi onuň ýük geçirijiligini 20 göterim artdyrmaga getirdi. Türkmenistan we Gazagystan deňiz arkaly Enzeli portuna öz nebit önümlerini iberýärler. Olar soňra awtoçeleklere ýüklenip, Yragyň Hanekin şäherine eltilýär. Türkmenistandan, esasan, benzin we dizel ýangyjy iberilýär. Enzeliniň üsti bilen gatnawyň açylmagy taraplar üçin amatly boldy.
Enzeliden Türkmenbaşy we Olýa portlaryna, şeýle hem Mahaçkala — Baku — Nouşehr portlarynyň arasynda parom gatnawyny, Lagan (Galmygystan) — Nouşehr (BAE çykmak şerti bilen) demir ýol parom gatnawyny ýola goýmaga möhüm ähmiýet berilýär.
Enzeli porty Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde möhüm orun eýeleýär. Hindi ummanyny Russiýa we Ýewropa bilen birleşdirýän bu halkara ulag geçelgesiniň uzynlygy 7 200 kilometr bolup, Hindistandan gelýän ýükler deňziň üsti bilen Eýranyň Bender-Abbas portuna gelip düşýär. Ol ýerden otluda Bender-Enzeli portuna, soňra Astrahana, ondanam demir ýol bilen Ýewropa äkidilýär. Bu ugur has ýakyn hasaplanýar. Ýükler Mumbaýdan Moskwa ortaça 20 günde eltilýär, çykdajylar bolsa 30 — 40 göterim azdyr.
Türkmenistan we Eýran Türkmenbaşy — Bender-Enzeli ugry boýunça gatnawlaryň güýçlendirilmegine gyzyklanma bildirýärler.
Neka porty 1995-nji ýylda işläp başlady. Ol, esasan, Eýranyň nebit porty hasaplanýar. Bu port arkaly «swop» ylalaşygy boýunça Hazarýaka döwletler öz nebitini Eýranyň Pars aýlagyndaky portlaryna iberýärler. Portda 5 sany gämi duralgasy bar. Häzirki wagtda porty giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
Amirabad porty — Eýranyň demirgazygynda, Hazar deňziniň günortasynda, Sari şäherinden 50 kilometr demirgazyk-gündogarda ýerleşýän hem-de çalt depginde ösýän portlaryň biri.
Amirabadyň gurluşygyna 1996-njy ýylda girişilýär. Portuň ägirt uly meýdany we ajaýyp mümkinçilikleri — 7,5 million tonna ýük göterijilik ukyby bolan 15 sany gämi duralgasy bar. 1997-nji ýylda Amirabad elektronika we elektroenergetika ugurly «ýörite ykdysady zolak» hökmünde ykrar edildi. Portuň Merkezi Aziýanyň bazarlaryna çykmaga mümkinçiligi ony halkara Demirgazyk — Günorta üstaşyr geçelgeleriň möhüm halkasyna öwürdi. Portuň esasy artykmaçlygy onuň Eýranyň demir ýollary bilen birikdirilenligidir. Amirabad Eýranyň Hazarda däne ýüklemäge ukyply ýeke-täk portudyr. Amirabadda Gazagystanyň däne ýükleri üçin ýörite terminal guruldy. Hazarýaka döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň tarapdary bolan Eýran Amirabad portuny hem häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrdy.
Nouşehr porty Hazaryň günortasynda, Tährandan 194 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Onuň sekiz sany gämi duralgasy bar. Portuň çäginde däne önümlerini saklamak üçin 90 müň inedördül metr ýapyk, 70 müň inedördül metr açyk ammarlar, şeýle hem ýolagçy terminaly bar.
Çalus — Eýranyň demirgazygynda, Mazenderan welaýatynda ýerleşen port hem-de kurort şäheri.
Astara — Hazar deňziniň günbatarynda, Gilýan welaýatynda ýerleşen ilkinji köpugurly hususy portdur. Ol 2012-nji ýylda ulanmaga berildi. Taslama kuwwaty ýylda 3,5 million tonna deňdir. Astaradan Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky deňiz däl ýükleriň dolanyşygynyň aglaba bölegi geçýär. Bu ýerde Reşt — Astara aralygyndaky gara ýoluň soňky nokady ýerleşýär. Russiýanyň günortasyny Eýranyň demirgazygy bilen birikdirýän Astara — Reşt — Kazwin demir ýolunyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. 2018-nji ýylyň fewralynda Russiýadan Astara şäherine synag otlusy geldi. 2018-nji ýylyň martynda demir ýoluň eýran bölegi, Astara bekedi bilen birlikde, Azerbaýjana 25 ýyllyk kärendesine ulanmaga berildi. Ilkinji 11 aýda bu demir ýol arkaly 270 müň tonnadan gowrak ýük daşaldy. Şol ýylyň martynda Eýran bilen Azerbaýjanyň arasynda Astara — Reşt demir ýoluny gurmak barada ylalaşyga hem gelindi. Bu taslamanyň Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesinde ähmiýeti uludyr. 2019-njy ýylyň 6-njy martynda ýoluň Kazwin — Reşt aralygy açyldy. Astara Russiýanyň Astrahan porty bilen ykjam gatnaşygy-da ýola goýan portdur.
Türkmenistanyň we Eýranyň Hazarýaka portlarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk saklanylýar. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Eýrana resmi sapary mahalynda iki döwletiň arasynda ulag meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy topary döretmegi teklip etdi. Agzalan sapar mahalynda gol çekilen Hazar deňzinde söwda gämi gatnawy hakynda hökümetara Ähtnama bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hukuk binýadyny berkitdi.
Eýranyň döwlet Baştutanynyň 2018-nji ýylyň martynda Türkmenistana resmi saparynyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geljekde Eýranyň Hazardaky Enzeli we Neka portlary bilen suw-ulag aragatnaşygyny has-da ösdürmäge hem-de halkara multimodal ýük daşalyşyny köp esse artdyrmaga mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Taraplar Hazar deňzi sebitinde nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem uly geljeginiň bardygyny aýratyn bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Tährana amala aşyran resmi saparynyň barşynda Hazar deňzi arkaly ulag ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň gümrük we tarif meselelerini ýeňilleşdirmegiň kanunçylyk binýadyna seretmäge taýyndygy aýdyldy. Hazarýaka ulag taslamalaryny işjeňleşdirmek üçin hususy maýany, işewür toparlary çekmelidigine, Türkmenbaşy, Amirabad, Enzeli portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Makala 25.06.2022 ý. senesinde "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/70109
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI