15/09/2026
37
BITARAPLYK SYÝASATYNA BAGYŞLANAN OKUW SEMINARY
2026-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly okuw seminary geçirildi. Bu okuw seminara institutyň ähli fakultetleriniň 1-nji ýyl talyplary şeýle-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar.
Geçirilen bu okuw seminary institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Öwliýagulyýewa alyp bardy. Okuw seminarynyň dowamynda mugallym hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oňyn Bitaraplyk syýasaty Türkmenistanyň halkara arenadaky ornunyň ähmiýeti, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen bu taryhy derejäniň ýurdumyza dünýäde ynamdar we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik döredilýändigi, şeýle hem paýtagtymyzda ýerleşýän Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ähmiýeti barada we 2007-nji ýylda Aşgabatda açylan bu merkeziň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy saklamakda we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda nähili anyk wezipeleri ýerine ýetirýändigini giňişleýin gürrüň berdi.
Okuw seminarynyň ahyrynda talyp ýaşlar we orta okuw mekdepleriň okuwçylary mugallyma gyzyklanýan soraglary berdiler.
Yhlas MÜLKÜAMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby