Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky aýratyn orny we ähmiýeti
    Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky aýratyn orny we ähmiýeti surady
    15/12/2023

    1681

    Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky aýratyn orny we ähmiýeti

    Türkmen halkynyň Milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow:
    -Biziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler
    Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa dünýäde ählumumy
    parahatçylygy we ylalaşyklylygy pugtalandyrmagyň, özara düşünişmäge we
    ynanyşmaga esaslanýan halkara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň
    bähbidine dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde
    Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny barha belende galdyrýar.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky abraýy günsaýyn artýar. Bitaraplyk ýörelgelerine pugta uýup, dünýäde parahatçylygy ündemegi dünýä ýüzünde ýurdumyza bolan ynamy has-da artdyrýar. Merjen şäherimiz Aşgabat sebitde ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş etmegi hem ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň subutnamasydyr.
    Bitaraplyk milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasy bolmak bilen, ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, medeni ýörelgelerine laýyk gelip, dünýä giňişliginde, şeýle hem içerki ösüşde Türkmenistanyň üstünlikleriniň inkär edip bolmajak we möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
    Bitaraplyk durnuklylygyň, durmuş adalatlylygynyň we ösüşiň guraly hökmünde ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna berk ornaşdy. Halkara gatnaşyklar ulgamynda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň nyşany hökmünde çykyş edýär.
    Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda 185 agza döwletleriň makullamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýasy kabul edildi. Onda dünýä jemgyýetçiligi ýaş Türkmenistan döwletiniň Bitaraplygyny ykrar edýändigini we gollaýandygyny beýan etdi. 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Konstitusion kanun kabul edildi. Bitaraplyk hukuk derejesi milli kanunçylygymyza girizildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasynda Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ýurdumyzyň tutýan işjeň we oňyn orny ykrar edildi. Şeýle-de, 2017-nji ýylyň fewralynda kabul edilen BMG-niň 71/275 Kararnamasynyň esasynda 12-nji dekabr Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edildi.
    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär. Bu tejribe öwrenilýär hem-de ýaýradylýar.
    Mundan başga-da, iri halkara guramalaryň wekilleriniň, meşhur syýasatşynaslaryň gatnaşmagynda teleköprüler, wideoaragatnaşyk arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bitaraplygyň ähmiýetine bagyşlanan duşuşyklar hem-de brifingler guralýar. Bularyň ählisi halklaryň ýakynlaşmagynda, döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda Bitaraplygyň ähmiýetli ornuny giňden beýan edýär.
    Bu syýasata goldaw bermek ýörelgeleri halkara guramalarynda kabul edilen we halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk ýörelgeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylan birnäçe Kararnamalarda hem-de beýleki çözgütlerde öz beýanyny tapdy. 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyga, howpsuzlygy we durnukly ösüşe goldaw bermekde hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny» atly halkara maslahat geçirildi.
    BMG agza döwletleriň 34-siniň awtordaşlygynda kabul edilen bu wajyp resminama Bitaraplyk syýasatynyň häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde durýan wajyp meseleleriň çözgüdinde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.
    Şeýle hem, 2020-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 47-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde hem-de tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem ýurdumyzyň Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky ähmiýetiniň aýdyň mysaly bolup durýar.
    Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamaklygy teklip etdi. Biziň pikirimizçe, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz: «Biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris» diýip nygtady.
    Häzirki wagtda Bitaraplyk ýörelgelerini Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ulgamlarynda diýen ýaly peýdalanmagyň mümkindigini, bu syýasatyň hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ýola goýmak işlerinde uly mümkinçiliklere eýedigini, Birleşen Milletler Guramasynyň binýat goýujy maksatlaryny hem-de strategiýalaryny durmuşa geçirmekde ähmiýetli orun eýeleýändigini bellemek bolar.
    Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirildi. Şolaryň hatarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum, «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň» duşuşygy, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylan «tegelek stoluň» başyndaky maslahat geçirildi. Şu işleriň ählisi ýurdumyzyň özüniň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini hem-de tejribesini ulanmak arkaly, onuň çäklerinde bellenilen maksatlary hem-de wezipelerini ýerine ýetirmek üçin tagallalary amala aşyrýanlygynyň möhüm alamatyna öwrüldi.

    Rahym AKMURADOW,

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI