30/11/-0001
670
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli daşary-syýasy strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen Türkmenistanyň sebit we halkara abraýy yzygiderli ösýär we barha berkeýär. Ýurdumyzda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede dostlukly açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barmak alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň özeni bolup durýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesinde deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Häzirki wagtda döwletimiz dünýäniň 151 ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Ine, şeýle dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýän döwletleriň biri hem Täjigistan Respublikasydyr. Mälim bolşy ýaly, strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-täjik gatnaşyklary giň ugur boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Iki dostlukly halkyň bähbidine gönükdirilen önjeýli hyzmatdaşlyk, syýasy-diplomatik çygrynda, söwda-ykdysady ulgamda, bilim medeniýet we sport ugurlarynda has-da işjeňleşdirilýär. Iki döwletiň arasyndaky dürli derejelerde yzygiderli geçirilýän syýasy gepleşikler, duşuşyklar syýasy-diplomatik özara hereketleriniň mümkinçilikleriniň ösdürilmegine doly itergi berýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlarda, ilkinji nobatda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda däbe öwrülen tükmen-täjik hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin iki döwletiň döwlet baştutanlary tarapyndan birnäçe işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, şu ýyl Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy dolýar. Dostlukly döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlardan bäri gelýän däplerine, taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, täze wehimlere öz wagtynda jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagy talap edýän häzirki döwrüň anyk ýagdaýlaryna düşünilmegine daýanýar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan we Täjigistan Merkezi Aziýanyň parahat we durnukly ösüşini, jedelli ýagdaýlara ýol berilmezligini, bar bolan hemme meseleleriň syýasy-diplomatik ýollar bilen çözülmegini, hoşniýetli goňşuçylygyň pugtalandyrylmagyny, özara bähbitleriň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de BMG-niň Tertipnamasyna daýanmak arkaly berjaý edilýän gatnaşyklaryň alnyp barylmagyna aýratyn üns berýär. Mundan başga-da, dostlukly döwletleriň ikisiniň hem ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak hem-de goldamak, halkara terrorçylygyň wehimlerine garşy hereket etmek, Owganystandaky ýagdaýlary düzgünleşdirmek, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak hem-de howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler boýunça umumy ýörelgeler bilen çykyş etmegi özara bähbitli gatnaşyklaryň ysnyşmagynda möhüm orun eýeleýär.
Iki döwletiň arasyndaky medeni ynsanperwer ulgamda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem gatnaşyklaryň ysnyşmagynda aýratyn ähmiýetli bolup durýar. Muňa 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi aýdyň mysal bolar. Şeýle-de şu ýylyň fewral aýynyň 6-na Täjigistan Respublikasynyň Ilçisiniň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine, ýagny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bolan sapary iki doganlyk döwletleriň gatnaşyklarynyň has hem çuňlaşmagyna goşant goşjak ädimleriň biri boldy.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.