700
Türkmen-hytaý gatnaşyklary rowaçlanýar
Türkmen-hytaý gatnaşyklary. Hytaý — Beýik Ýüpek ýolunyň gözbaşy. Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. Taryhyň şaýatlyk edişi ýaly, gadymy Parfiýa döwleti bilen Hytaýyň arasynda baryp şol döwürler ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda netijeli ýagdaýda ösdürilýär. Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» strategiýasy bilen has içgin utgaşdyrmak ugrunda depginli işler alnyp barylýar. Bu amala aşyrylýan işler birinjiden, taryhy ýoluň gaýtadan dikeldilmesini, ikinjiden, sebitleriň arasyndaky bar bolan gatnaw ugurlaryň düýpli köpugurlaşdyrylmasyny aňladýar. Bu günki günde türkmen-hytaý gatnaşyklary Arkadagly Serdarymyzyň uly tagallalary bilen dowamat-dowam tapýar.
Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy bar. Gadymy döwürlerde ýurtlarymyzy we halklarymyzy baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny alyp barmakda däl, eýsem, medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde hem özboluşly köpri bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda Türkmenistan we Hytaý dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, Pekin we Aşgabat uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklaryň amatly görnüşini işläp taýýarlady. Geçen döwürde hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Ýokary derejede, hökümet we parlament derejelerinde, işewür toparlaryň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklar alnyp barylýar. Şu ýylyň 5-6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran döwlet sapary taryhy taýdan ähmiýetlidir. Bu saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynyň gözýetimini has-da giňeltdi. Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy ýanwarda bolan duşuşygy giň halkara seslenmä eýe boldy. Pekinde geçirilen gepleşikler HHR-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy üns beren meseleleriniň biri boldy. Sapar mahaly Hytaýyň «Ženmin Žibao» merkezi gazetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasy çap edildi hem-de bu abraýly we meşhur neşiriň millionlarça okyjysynda uly gyzyklanma döretdi. Saparyň jemleri boýunça gol çekilen 16 sany resminama türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň hukuk-binýady pugtalandyrdy. Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň 6-njy ýanwarda bolan duşuşygy giň halkara seslenmä eýe boldy. Pekinde geçirilen gepleşikler HHR-iň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy üns beren meseleleriniň biri boldy. Sapar mahaly Hytaýyň «Ženmin Žibao» merkezi gazetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Strategik hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady» atly makalasy çap edildi hem-de bu abraýly we meşhur neşiriň millionlarça okyjysynda uly gyzyklanma döretdi. 17 — 19-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna görä, onuň täze mazmun bilen baýlaşdyrylylýandygyny ýene bir ýola subut etdi. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti — hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalgadyr. Forumy geçirmek üçin Sian şäheriniň saýlanyp alynmagynda hem çuňňur many bar. HHR-iň bu iri senagat, işewürlik, medeni we bilim merkezi gadymy döwürlerde söwda kerwenleriniň ugraýan başlangyç ýeri bolupdyr. Ondan ugraýan kerwenler Beýik Ýüpek ýoly bilen Merkezi Aziýanyň çäginden geçip, Hytaýy we sebitiň beýleki döwletlerini baglanyşdyrypdyrlar. Şunda Sian bilen Mary şäheriniň doganlyk şäherlerdigini bellemek gerek. Bu baradaky degişli Ylalaşyga 2014-nji ýylyň maý aýynda gol çekildi. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň täze gözýetimleri kesgitlendi. Häzirki wagtda sebitiň dört döwleti — Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, Gazagystan bolsa hemişelik hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň iň ýokary derejelerde ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Bu sammit «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň ýokary hilli amala aşyrylmagyna täze itergi berer. Bu günki gün Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar. Tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Aziýanyň we Ýewropanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek babatda uly işleri alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemegi hem muňa doly mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasynyň (A, B we C) geçirijilik ukyby 55 milliard kub metre barabar bolup, bu gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Sammitde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyňarasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giňgerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar. Bitarap Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Hytaýyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bu günki gün dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrülen Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi geljekde-de dostlukly türkmen we hytaý halklarynyň bähbidine hyzmat eder.
Maýa ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI