08/12/2023
690
Türkmen Bitaraplygy: geçmişden — geljege
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda: «Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy, uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler. Muny bolsa diňe bilelikde we Birleşen Milletler Guramasynyň aýgytly orny bolanda gazanyp bolar. Häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar. Esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy, hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär» diýmek bilen, munuň Türkmenistanyň düýpli garaýşydygyny aýratyn nygtady.
Biziň ýaşaýan döwrümiz iki müňýyllygyň kesişýän eýýamy, adamzadyň öz taryhynda geljege gönükdirilen aýgytlaýjy pursady başdan geçirýän döwürleriniň biridir. Syýasatda güýje daýanmak usuly hernäçe gadymy bolsa-da, onuň öňüni almaga gönükdirilen gurallar, serişdeler hem öz köklerini has gadymyýetden alyp gaýdýar. Bitaraplyk bolsa urşuň öňüni almaga gönükdirilen şeýle serişdeleriň iň möhümidir. Berilýän nusgawy kesgitlemä laýyklykda, «bitaraplyk» diýmek uruşda, dawa-jenjellerde iki tarapyň ne biriniň, ne-de beýlekisiniň tarapyny tutmazlygy aňladýan bolsa-da, onuň düýp tebigaty hiç hili hereketsizlikden, gol gowşuryp oturmakdan ybarat däldir. Aslynda, bitaraplygyň urşa, dawa-jenjele ýigrençden, oňa bolan nägilelikden dörändigini ýatlasak, onuň düýp mazmunynda agzalan nogsanlyklary köki-damary bilen ýok etmegi niýet edinýän ynsanperwer pelsepe dur. Başgaça aýdanymyzda, bitaraplyk — bu biperwaýlyk ýa-da özüňi üzňe tutmak däldir. Ol güýjüňe baýrynmak hem däldir. Bitaraplyk — bu gara güýji gowşatmak, başaryp bolsa, ony agyzdyryklamakdyr, mätäje hemaýat etmekdir, akyldar Magtymgulynyň sözleri bilen aýtsak, «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýen ýörelgä eýermekdir, «çar tarapa il bolmaga» çagyryşdyr. Mollanepesiň aýdyşy ýaly, «iki adam uruşsa, öter ýaly ýol bermezlik, birine gep berip, beýlekisine al bermezlikdir», ýagny taraplary dawa-jenjele küşgürmezlikdir. Bitaraplyk söweşmän ýeňmek sungatydyr. Bitaraplyk söweşiň öňüni alyp, asudalygy gazanmak sungatydyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden şeýle ynsanperwer tebigata eýerýän bitaraplyk ýörelgesini öz daşary syýasatynyň binýadynda goýdy. Halkymyzyň bu ýoluny dünýä jemgyýetçiligi oňlady. Birleşen Milletler Guramasy iki gezek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny öz Kararnamalary bilen berkidip, halkara jemgyýetçiligi bu syýasaty goldamaga çagyrdy. Şunlukda, bitaraplyk barha dartgynlaşýan dünýäde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyň düýp özeninde duran ýörelgedir. Her ýylyň 12-nji dekabrynyň BMG tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan edilip, onuň tutuş dünýäde baýram edilmegi, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2020-nji ýylyň sentýabrynda Milletler Bileleşiginiň meýdançasynda Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilip, oňa goşulýan döwletleriň sanynyň ýylsaýyn artmagy ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giňden goldaýandygynyň nyşanydyr.
Türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer tebigatyny ata-babalarymyzyň döreden kuwwatly imperiýalarynyň öz döwründe ählumumy geosyýasatyň ugruny oňyn tarapa gönükdiren daşary syýasy çözgütlerinde aýdyň görmek bolýar. Iki eýýamyň çatrygynda 470 ýyla golaý dowam eden, Rim we Hytaý imperiýalarynyň arasynda möhüm merkez bolan Parfiýa imperiýasynyň uzak wagtlap ýaşamagynyň «syry» hem onuň bitaraplygy halkara gatnaşyklarynyň özeninde goýmagyndadyr. Geliň, mysallara ýüzleneliň!
Öz döwründe gadymy Hytaý we Rim imperiýalarynyň güýji ýaly kuwwata eýe bolan Parfiýa şalygynyň paýyna yklymyň şol iki imperiýasyny birikdiren yklymara söwda ulgamynyň — Beýik Ýüpek ýolunyň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi düşüpdir. Munuň özi dürli dindäki, dürli syýasy gurluşdaky, hersi öz bähbidini araýan dürli matlapdaky döwletleriň arasynda özara ylalaşygy gazanmagy, parahatçylygy üpjün etmegi talap edýärdi. Hut şonuň üçin-de, Parfiýa, sözüň doly manysynda, parahatçylygyň gymmatynyň uruşdan möhümdigine düşünip, güýji däl-de paýhasy öz daşary syýasatynyň özeninde goýupdyr. Pähim-paýhasa eýerilip ýöredilýän daşary syýasat bolsa Rim gaznasyna uruşlar zerarly gelýän girdejilere ýa-da serhetdäki gümrük ýygymlaryna garanda, Parfiýa has köp girdeji getiripdir. Şeýle bolansoň, bu imperiýanyň taryhyny fransuz çeşmeleri esasynda içgin öwrenen taryhçy J.Orazgylyjowyň belleýşi ýaly, Parfiýa döwletiň daşary syýasy ugrunyň has kämil nusgasynyň — bitaraplyk derejesiniň awtory hökmünde çykyş edipdir. Bu dereje halkara şertnamalar bilen resmi taýdan berkidilip, ykrarnama eýe bolupdyr. Munuň özi Parfiýa imperiýasynyň adamzadyň gazananlarynyň altyn gaznasyna ýene bir goşandy hasaplanýar.
Eýsem, Parfiýa imperiýasy tarapyndan bitaraplyk taglymaty nähili durmuşa geçirilipdir?! Geliň, bu barada akademik Antuan Sen-Marteniň 1850-nji ýylda Parižde neşir edilen «Ärsaklaryň taryhyndan parçalar» atly kitabyna salgylanyp gürrüň edeliň! Bu şeýle bolup geçýär: biziň eýýamymyzdan öňki 71-nji ýylda konsul Lusiý Lisiniý Lukulyň serkerdeligindäki rim goşuny Mesopotamiýa çozýar. Parfiýa imperatory Frat III öz serhetlerinden uzagrakda ýaýbaňlanan bu harby hereketleri synlap, oňa goşulman, bitaraplygyny saklamagy müwessa bilýär. Üstüne rim howpy abanan pont we ermeni şalyklary dessine kömek sorap, ilçilerini Parfiýa köşgüne ýollapdyrlar. Olar Rime garşy üçtaraplaýyn ýaranlygy döretmegi teklip edipdirler. Parfiýa Rime garşy berjek kömeginiň öwezine özüne berilmegi teklip edilen goňşy Mesopotamiýanyň demirgazyk etraplaryndan ýüz öwrüpdir. Rim bolsa özüne garşy Parfiýanyň başda durmagynda bileleşigiň döräýmeginden çekinipdir. Üçtaraplaýyn ýaranlyk barada gepleşikleriň gidýändigi duýlan badyna, Lukulyň adyndan Nusaýa derhal çapar ýollanýar. Rim hem, öz gezeginde, Parfiýany Mesopotamiýadaky şalyklary eýelemek üçin ýaranlyga çekmäge synanyşypdyr. Emma parfiýa şasynyň rim ilçisine jogaby sypaýy-diplomatik äheňde bolupdyr. Parfiýa güýçli garşydaşa garşy göreşde özünden hemaýat islän goňşularynyň ynam rişdesini üzmek islemän, olara duýgudaşlygyny saklapdyr. Rim has ussat diplomaty — Sekstilini anyk jogap üçin ýollanda hem Ärsaklar neberesiniň şol bir jogaby gaýtalanypdyr. Öz bitaraplygyny saklajakdygyny aýdyp, gaýtam ol Rimden munuň öwezine Parfiýanyň serhetlerini bozmajakdygyny şertnama üsti bilen berkitmegini talap edipdir.
Diplomatik gepleşikler esasynda b.e.öňki 69-njy ýylda iki imperiýa özara şertnama baglaşýarlar. Netijede, Parfiýanyň bitaraplygy berkidilýär. Bu taryhda döwletiň bitaraplyk ýagdaýynyň hukuk taýdan resmi berkidilen ilkinji subutnamasydyr. B.e.öňki 66-njy ýylda Lukul Rime yzyna çagyrylypdyr. Mesopotamiýa bilen uruş alyp barmak Gneý Pompeýe tabşyrylypdyr. Onuň eden ilkinji işi Frat III bilen şertnama baglaşmak bolupdyr. Şunlukda, Parfiýanyň bitaraplyk derejesiniň möhleti uzaldylypdyr.
Aradan birnäçe wagt geçenden soňra, Rim imperiýasy şertnamany bozup, Parfiýa garşy ýaranlygy döretmäge girişipdir. Ahyrynda düýbünden paýhassyz herekete baş goşup, Mark Krassy Parfiýa garşy ýörişe ugradypdyr. Aýgytly söweş b.e.öňki 53-nji ýylda Harranyň eteginde bolupdyr. Ana, şonda türkmenler bitaraplygyň döwletiň gowşaklygynyň däl-de, eýsem, sarsmaz kuwwatynyň alamatydygyny görkezipdirler. Öz döwletiniň çägine duşman ýygnyny salman, ony günbatar serhedinde paýhynlap, taryhda yz galdyrypdyrlar. Bu Rimiň taryhynda iň masgaraçylykly ýeňliş hasaplanýar. Parfiýanyň bu ýeňşi diňe rimliler üçin däl, hemmeler üçin ders alarlyk sapak bolupdyr — bitarap ýurduň gowşak döwlet bolmaýandygy äleme aýan bolupdyr. Bu hakykaty subut etmek üçin Parfiýa ýene-de ençeme ýyllyk arakesmeden soň rimlilere «mylakatlylyk sapagyny» bermeli boldy. Şondan soň Rim diplomatiýada has usully bolup, özüniň Gündogardaky kuwwatly goňşusy bilen arasyny bozmazlyga çalşypdyr. «Agyr hupbatlardan soňra, Parfiýa bilen dostluk şertnamasyny baglaşan imperator Neron rimlileriň arasynda uly meşhurlykdan peýdalandy» diýip, amerikan taryhçysy Nelson Diwboýs «Parfiýanyň syýasy taryhynda» atly kitabynda bu wakanyň syýasy netijesini jemleýär.
Ine, türkmen Bitaraplygynyň kökleriniň gylyçdyr gürzüden, naýzadyr galkandan, agyr-agyr goşundan-da rüstem binýada — paýhasa, parasada gulluk etmäge daýanýandygynyň nusgalyk mysaly. Munuň özi asyrlar geçse-de, ata-babalarymyz tarapyndan gurlan beýleki döwletlere hem ýolgörkeziji boldy. Halkymyzyň beýik ogly Baýram han: «Parahat we agzybir ýaşamak sungaty bilen deňeşdirilende, ýeňiş gazanmak sungaty hiç zatdyr» diýýär. Parahat we agzybir ýaşamak sungaty hem uzak wagtyň dowamynda amala aşyrylýan «taýýarlygy», irginsiz zähmet çekmegi, möwriti geçen pikirlerden we hereketlerden daşlaşmagy, döredijilik yhlasyna hem-de höwesine ýol açmagy talap edýär. Türkmen diplomatiýasynyň taryhynda uly yz galdyran şeýle mysallar bu günki günde Bitarap Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen ýola goýýan hoşniýetli gatnaşyklarynda ýerlikli ulanylýar. Beýik serkerde Baýram han ýene-de: «Kimdir birini ýeňmekden onuň bilen ylalaşykda we agzybirlikde ýaşamak has güýçli sungatdyr» diýýär. Diýmek, türkmen Bitaraplygy söweşmän ýeňmek arkaly, parahatçylygy gazanmak sungatydyr. Bu sungat iki tarapa-da öz datly miwesini eçilýär.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme:
"Türkmenistan" gazeti, 8.12.2023 // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/128771
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI