27/05/2023
722
Pyragynyň buýsançly ady belentde
Taryhyň örän agyr ýoluny geçen halk adamzat paýhasynyň äpetleriniň atlary bilen bir hatarda durjak şahyry hem-de akyldary döretdi. Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly nusgalyk eserler häzirki döwürde diňe bir Gündogaryň goňşy halklarynyň däl, eýsem bütindünýä medeniýetleriniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak derejede täsir etdi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýygyndysynyň sanawyna Türkmenistan tarapyndan iberilen Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň girizilmegi tötänden däldir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Bu türkmen halkynyň we tutuş türk dilli dünýäniň halklarynyň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň edebiýatynyň dilden we ýazmaça mirasyndan seýrek mysal bolup durýar. Magtymgulynyň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň, agzybirligiň we jebisligiň senasy bolup, bütindünýä alymlary we şahyrlary üçin gollanma boldy. Ýygyndy ÝUNESKO-nyň berýän maglumatlaryna görä, ýakyn garyndaşlary, obadaşlary, şahyrlar, alymlar, şeýle hem halk bagşylary tarapyndan Magtymgulynyň asyl golýazmalaryndan göçürilen 80-den gowrak diwandan ybarat. Şahyryň golýazma eserleriniň nusgalary häzirki wagtda Daşkent, Sankt-Peterburg, London, Budapeşt, Stambul gaznalarynda saklanýar.Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Aýgözel AŞIROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.