Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Institut «ýaýdyr», uçurymlar «peýkam»
    Institut «ýaýdyr», uçurymlar «peýkam» surady
    24/06/2023

    865

    Institut «ýaýdyr», uçurymlar «peýkam»

    Şol gün türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň uly mejlisler zalynda institutyň ähli fakultetleri, şeýle hem täze açylan magistratura ugry boýunça okuw möhletini tamamlan uçurymlaryň ak ýola düşmegi mynasybetli professor mugallymlaryň, hatda uzaklardan gelen ene-atalaryň hem gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyny synlaýarkaň, näme üçindir bu bilim ojagynyň bäsleşikler durmuşy bilen baglanyşykly bolýan taryhy pursatlarda içine sekizburçly haly düşelen Ak öýüň merkezinde goýulýan ajaýyplyk – Oguz hanyň altyn ok-ýaýy hem göýä şu ahwalatlaryň ruhy daýanjy mysaly hakydaňy zol-zol gurşap alyp durdy. Göwnüme bolmasa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem okuw durmuşynyň bu ýerde gazanylýan ajaýyp üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýän tamamlanyş dabarasynyň – tutuş bir ýylyň jemini jemleýän baýramçylyk dabarasy bilen ol altyn ok-ýaýyň arasynda bir täsin ruhy baglanyşyk bar ýalydy. Şu we beýleki çözgütleriň gözleginde biziň ilkinji söhbetdeş bolanymyz Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugry boýunça uçurym magistr Gyzylgül Mommyýewady. Ol şonda öz ýürek buýsanjyny şeýleräk dile getiripdi:

    – Biziň magistrlik ugruny tamamlan bu okuw ýylymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýuna giňden taýýarlanylýan günlerine gabat gelmegi buýsanjymyzy goşalandyrýar. Näme diýeniňde, beýik şahyrymyzyň Hywadaky Şirgazy medresesini tamamlaýşy babatda:

    Mekan eýläp, üç ýyl iýdim duzuňy.
    Gider boldum, hoş gal gözel, Şirgazy.
    Ötürdim gyşyňy, Nowruz ýazyňy,
    Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

    - diýen bolsa, goşgudaky bu hoşlaşyk ruhy diňe meniň däl, eýsem magistrlik ugruny tamamlan uçurymlaryň ählisiniň hakydasynda-da: “Hoş gal, gözel institutymyz!” diýen röwüşde ýaňlanýandyr diýesim gelýär. Çünki geçen döwrüň dowamynda bu ýerde iýen duzumyz, alan bilimimiz diňe bir ömrümiziň gözel bölegi bolup ykbalymyza baky girmek bilen çäklenmän, eýsem, ol geljegimize röwşen ynamlary hem berýär. Bize magistrlik okuwymyzy üstünlikli tamamlamakda goldawlaryny aýamadyk institutyň ýolbaşçylaryna, bize ders beren halypa mugallymlarymyza çäksiz hoşallyk sözlerimi aýdasym gelýär.

    Magistriň aýdýan sözleri göwnüňe jaý bolup durdy. Ol sözleriň bu günki baýramçylyk dabarasynyň many-mazmunly öwüşginliklerine baýdygy görnüp durdy. Ýöne altyn ok-ýaýly hakyda bilen içgin baglanyşygy tapmak üçin entegem žurnalistik ýol bilen başgalar bilen hem sorag-jogap alyşmalaryň zerurlygy duýulýardy.

    Bu ugurda bize gabat gelip, söhbetdeş bolmak miýesser eden institutyň okuw bölüminiň başlygy Şamyrat Ataýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde magistraturanyň açylmagy hormatly Prezidentimiziň dünýä ülňülerine laýyk gelýän halkara žurnalistleriniň taýýarlanylmagy babatda öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmeginiň aýdyň netijesidir. Şu ýyl institutyň düzümindäki okatmagyň magistr ugurlaryny uçurymlaryň 53-si tamamlady. Olaryň 12-si Sanly diplomatiýa, 6-sy Gündogary öwreniş, 6-sy Seljeriş we strategiki meýilleşdiriş, 12-si Halkara hususy hukugy, 13-si Halkara jemagat hukugy, 4-si bolsa Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ýaly magistrlik ugurlaryna degişlidir.

    Institutymyzyň taryhynda ilkinji gezek 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap okatmagyň bakalawr hem-de magistr ugurlaryna geçildi. Berilýän bilimiň täze innowasion ugurlaryny ornaşdyrmak maksady bilen, diplomatiýanyň milli mekdebine 2021-2022-nji okuw ýylynda Sanly diplomatiýa, Halkara hususy hukugy, Halkara jemagat hukugy ýaly ugurlary boýunça magistratura ýaşlar kabul edilipdi. Şu 2022-2023-nji okuw ýylynda bolsa, Gündogary öwreniş, Seljeriş we Strategiki meýilleşdiriş hem-de Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugurlary boýunça magistratura okuwlary açyldy. Iki ýylyň dowamynda hem magistrantlary okatmaga, maglumatlar bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilen okuw otaglary döredilipdi. Magistrantlaryň okadylmaly dersleri alymlyk derejeleri, hünär atlary bolan tejribeli mugallymlara ynanylypdy.

    Bu dünýä ülňülerine laýyk gelýän işiň gözbaşlary barada institutyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy Akmuhammet Jumagulyýewiň aýdýan sözleri institutda magistratura işiniň guralyşyna düýpli taryhylaýyn ýörelgeler esasynda çemeleşilýändigini görkezýär.

    – Bu iş öz gözbaşyny, esasan, geçen asyryň ortalaryndan alyp gaýdýar – diýip, mugallym taryhyň ýumagyny çözläp ugraýar. — Ýewropa bilim giňişliginde bilim ugrunda dürli döwletleriň arasynda döräp duran bökdençlikleri aradan aýyrmak üçin 1999-njy ýylda Ýewropa döwletleriniň 29-sy bilim ulgamyny bir ülňä getirmek babatda Bolon şertnamasyna gol çekişýärler. Bu ulgama Russiýa 2003-nji ýylda, Gazagystan 2011-nji ýyldan goşulyşýar. Biziň ýurdumyzda täze ulgama Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen täze ulgama ilki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, ondan soň Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda geçilipdi. Ynha, indi bolsa biziň Halkara gatnaşyklary institutymyzda hem bu döwrebap işe giň ýollar açylyp, okatmagyň bakalawr hem-de magistr ugurlary boýunça okuwlar üstünlikli alnyp barylýar.

    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň müdiriniň w.w.ý.ý. Mähriban Gandymowa hem institutda şu okuw ýylynda açylan Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy ugry boýunça magistrleri taýýarlamak işinde üstüne köp jogapkärçilik düşen mugallymlaryň biridir. Mähriban mugallymdan magistrleriň okuwlaryny tamamlaýyşlary, alan bilim derejeleri barada soranymyzda ol bu ugurdaky öz garaşyşlaryny şeýle beýan etdi:

    – Bu işiň maksady kommunikasiýa işlerini guramakda sanly ulgamyň, häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini açmakdan, syýasy kommunikasiýanyň meseleleri boýunça magistrantlaryň bilimlerini ulgamlaşdyrmakdan, olaryň internet žurnalistikasy baradaky nazary bilimlerini we tejribe gorlaryny baýlaşdyrmakdan ybarat boldy. Ýylyň ahyrynda magistrleriň taýýarlan synag bahalary, goran ylmy barlag işleri olaryň degişli derslerden ýeterlik bilim alandyklaryny aýdyň görkezdi. Ynha, magistr Gyzylgül Mommyýewanyň «Sanly žurnalistikanyň tehnologiýalarynyň iş aýratynlyklary» atly dissertasiýa işinde sanly žurnalistikanyň tehnologiýalarynyň wezipelerini, ugurlaryny, iş aýratynlyklaryny we bu ulgamdaky daşary ýurt tejribelerini öwrenmek bilen olaryň milli žurnalistika ornaşdyrylmagynyň ähmiýetini aýdyň kesgitlenilýär. Dissertasiýa işiniň dowamynda seljerişiň induktiw, deduktiw, deňeşdirme, analiz we sintez ýaly möhüm tärleri ulanylyp geçirilen ylmy-barlag işi özüniň oňyn netijesini beripdir. Magistrlik işini goran ähli uçurymlaryň hem ylmy işlerinde öňe sürülýän teklipler, aýratyn hem sanly žurnalistikanyň durmuşymyza has içgin ornaşdyrylmagy babatda aýdylýan teklipler özleriniň täzeçilligi bilen tapawutlandy. Biz geljekki okuw ýylynda gazanylan tejribelere has içgin daýanylmagy esasynda magistraturada okajak täze magistrleriň bilim derejeleriniň hil taýdan has-da täze derejede boljakdygyna ynam edýäris.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI