Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Hünärli ýigit — miweli daragt
    Hünärli ýigit — miweli daragt
    Hünärli ýigit — miweli daragt
    Hünärli ýigit — miweli daragt
    21/12/2023

    2145

    Hünärli ýigit — miweli daragt

    Ýoluň ugry bilen daşyňy gurşap alan ajaýyp tebigatyň gözelliklerini synlap barýarsyň. Şol gadam urup barşyňa, ýol ugrundaky käbiri durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadan gojalara, käbiri bolsa ýaňy durmuşyň gapysyndan ätlän juwana çalym edýän agaçlarda nazaryň eglenýär. Dünýäniň bezegi, älem-jahanyň gelşigi, adamzadyň howasy — agaçlar. Agaçlaryň seresi bolsa olaryň miwelisi. Ynsanyň naýbaşysy bolsa, elbetde, hünärlisi.
    Türkmeniň aýtmadyk zady ýok! Pähim-paýhasy taryhyň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan halkymyz «Hünärli är hor olmaz, dost-duşmana zar olmaz», «Hünär eýesini eziz eder», «Ýigit görki – hünär» ýaly nakyllary ýönelige döretmändir ahyry. Her bir ynsanyň ýaş wagtynda hünär saýlap, öz öňünde maksat goýup, şol maksada ýetmek üçin zähmet çekmegi onuň durmuşyndaky iň jogapkärli işleriň biri. Hünär saýlamak meselesi barada agzanymyzda, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň şu setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Her kim bir hünäre ýetirse höküm, // Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir». Her bir ynsanyň öz höwes edýän, baş çykarýan hünärini saýlap almaklygy onuň diňe bir özi babatda däl, eýsem, il-güni, ata Watany üçin hem möhüm bolup durýar. Her bir adamyň çekýän zähmeti, hünärine bolan söýgüsi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşine hem aýratyn goşant goşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen Ýaş diplomatlaryň mekdebi ýaş nesilleri diplomatik hünäre ugrukdyrmakda, olaryň Bitarap Watanymyzyň parahatsöýüjilikli daşary syýasatyna bolan gyzyklanmalaryny artdyrmakda netijeli işleri alyp barýar. Geljekde dünýä ýüzünde Türkmenistan döwletimize wekilçilik etjek halkaraçy hünärmenleri saýlap almak, has dogrusy, geljekki türkmen diplomatlaryny ýüze çykarmak, şeýle uly jogapkärçiligi öz egnine alyp biljek mynasyp ýaşlary saýlap-seçmek, elbetde, ýeňil-ýelpaý iş däl. Şeýle jogapkärçilikli işde bolsa Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň möhüm orny bar. Bu bäsleşigiň geçirilip başlanany ýaňy ýaly hem bolsa, eýýäm bäsleşigiň I möwsüminiň gatnaşyjylarynyň we ýeňijileriniň 9-ysy, II möwsüminiň gatnaşyjylarynyň we ýeňijileriniň 11-isi türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýar. Ykballary özgerdýän bu bäsleşik maňa hem hünär saýlamak meselesinde ýol görkeziji çelgi boldy. Onda ýeňiji bolmagym bilen, ykbalym düýpgöter üýtgäp, ýurdumyzyň daşary syýasatyna, döredijilige bolan höwesim has hem artdy. Şol höwes, şol hyjuw bolsa meni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden hoşlaşyljak 2023-nji — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu ýokary okuw mekdebiniň bagtyýar talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi.
    Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Häzirki wagtda bolsa bäsleşigiň «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda III möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty Jumamyrat Gurbangeldiýewiň «XVIII asyrdaky Orta Gündogar geosyýasatynyň «uly oýnunda» Magtymguly göçümi» atly ylmy makalasynda: «Biziň çuňňur ynanjymyza görä, Magtymguly mongol çozuşlaryndan soňra türkmeniň düýp ojagyndan örňemäge mejbur bolup, Hindistany, Orta Gündogary, Kawkazy, Anadolyny öz içine alan halajy, akgoýunly, garagoýunly, osman, sefewi, owşar türkmenleri tarapyndan gurlan döwletdir şadöwletleriň döwlet guruş tejribesini çuňňur öwrenip, olaryň meşhur şalarynyň oňyn mirasyny geljekde ata Watanda «ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn» diýýän döwletiniň binýadyny tutmalydygyna magat göz ýetiripdir» diýip belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy diňe bir şahyr hökmünde däl, eýsem, XVIII asyrda bolup geçýän syýasy wakalardyr göçümlere akyl ýetirmekligi başaran syýasatçy hem bolupdyr. Geljekki ykbalyny diplomatiýa hünärine baglamak isleýän parahatçylygyň ýaş çaparlary üçin hem beýik filosof, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň umman kibi çuň döredijiligini, onuň ömür ýoluny, şahsyýetini içgin öwrenmek zerur bolup durýar. Olar munuň üçin yhlas bilen okamagy dowam edýärler. 2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň IV oýny hem munuň şeýledigini aňryýany bilen subut etdi. Bäsleşigiň nobatdaky oýny akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Döwletalynyň» atly şygrynda beýan eden Osman imperiýasynyň XVII-XVIII asyrlardaky halkara gatnaşyklaryna we daşary syýasatyna bagyşlanyldy. Bäsleşigiň bu oýnuna Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Nurgeldi Ataýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Atajan Döwletow, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kürmämmet Nobatow, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Şatlyk şäherindäki takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 43-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Leýli Ýagşymyradowa we Azat Amansähedow, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 58-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mahym Püreşowa, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň 9-njy synp okuwçysy Gülbahar Haitowa dagy gatnaşdylar.
    Bäsleşige «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baba Saryýew, şeýle-de institutyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Karaýew we Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew dagy adalatly eminlik etdiler.
    Bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Medine Myratberdiýewa we Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Kürmämmet Nobatow ýeňiş gazanmagy başardylar. Bäsleşige gatnaşyjy okuwçylaryň özlerine berilýän sowallara ýiti zehinlilik, ugurtapyjylyk, ezberlik bilen jogap bermekleri, olaryň bäsleşige näderejede taýýarlykly gelendiklerini doly aýdyňlygy bilen subut etdi. Biz bu zehinli ýaşlaryň edil miweli agaçlar deýin öz saýlap aljak hünärleri üçin jan aýaman zähmet çekip, ezber hem erjel hünärmenler bolup, Garaşsyz baky Bitarap Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly, ilhalar ynsanlar bolup ýetişjekdiklerine tüýs ýürekden ynanýarys!

    Yhlas HALLYÝEW,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby
    «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň
    I we II möwsümleriniň ýeňijisi.

    https://turkmenportal.com/tm/blog/71554/parahatchylygyn-yash-chaparlary-iii-mowsumin-yene-2-sany-yarym-finalchysy-belli-boldy

    https://turkmenportal.com/blog/71605

    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/78725/parahatcylygyn-yas-caparlary-iii-mowsumin-4-nji-oynunyn-netijeleri

    https://turkmenistan.gov.tm/ru/post/78714/yunye-vestniki-mira-itogi-4-oj-igry-iii-sezona-proekta

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI