19/12/2023
986
HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY HALKARA HUKUK MESELELERI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça edýän taýsyz tagallalary hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny hasda artdyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan toplumlaýyn, umumygöwrümli we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýagny ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr» diýip bellenilmegi, Türkmenistan Watanymyzda daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň meseleleri birinji derejeli ähmiýete eýedigine aýdyň subutnamadyr.
Atmosferanyň halkara-hukuk goragy tebigy gurşawyň halkara-hukuk goragynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň goragy toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol dünýä derejesindäki beýleki ekologik meseleleriň hem çözülmegini öz içine alýar. Olaryň hataryna: howanyň üýtgemegi (ählumumy howanyň maýlamasy ýa-da parnik täsiri), Ýeriň ozon gatlagynyň goragy, fotohimiki tüssäniň täsiri, aşgarly ýagyşlar, atmosferanyň himiki, biologiki, bakteriologiki we radiasiýa bilen hapalanmagy we beýlekiler degişlidirler. Alym O.L.Dubowigiň garaýşyna görä, “atmosfera howasyny, ozon gatlagyny we klimaty goramak – ählumumy, sebitleýin we milli derejelerde amala aşyrylýan tebigaty goramak işiniň wajyp ugurlaryň biridir”. O.N.Kuznesowa bolsa: Atmosferanyň netijeli halkara-hukuk goragyny amala aşyrmak üçin, howanyň hökmany hukuk ýagdaýyny kesgitlemeli diýip belleýär. Howanyň hukuk ýagdaýy baradaky meselä geçmezden öň, ilkinji nobatda, «atmosfera», «atmosfera howasy», «howa» diýen düşünjeleriň gatnaşygyny kesgitlemek gerek. Ýeriň atmosferasy «atmos» – «bug we gurşaw» diýen grek sözünden gelip çykyp, ol Ýeriň daşyndan onuň bilen bile aýlanýan howa gurşawydyr. M.M.Brinçuk «atmosfera howasy» we «atmosfera» düşünjeleri biri-birine gabat gelýän bir düşünje däl» diýip hasaplaýar. W.Winogradow bolsa «atmosfera» düşünjesini «atmosfera howasy» düşünjesinden giň düşünjedigini, «atmosfera howasynyň goragynyň» Ýeriň bir bitewi görnüşinde atmosferasyny goramagyň wajyp bölegi bolup durýandygyny belleýär. 2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunynyň 1-nji maddasynyň 1-nji 6-njy we bentlerine laýyklykda, «atmosfera howasy» – daşky tebigy gurşawyň, atmosfera gazlarynyň tebigy garyndysyndan ybarat bolup durýan düzüm bölegidigi, şeýle-de, «atmosfera howasyny goramak» — onuň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etmeginiň öňüni almak maksady bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň, atmosfera howasynyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işi berkidilýär.
Bilermenler atmosfera howasynyň hukuk ýagdaýyny iki hili häsiýete eýedigi bilen tapawutlandyrýarlar. Birinjiden, haçanda döwletiň howa giňişligi barada gürrüň edilende halkara howa hukugynda, şol çägiň geriminde ýerleşýän, serhet çyzygynyň üstünde ýerleşýän howa sütüni ýaly kesgitlenilýär. Şol giňişligiň düzümi elmydama üýtgeýänligine garamazdan, ol döwletiň çägi boýunça umumy düzgünler bilen hereket edýän giňişlik hökmünde garalýar. Şeýle hukuk ýagdaý döwlet we döwletara ylalaşyklarda kesgitlenilýär we ol kadalar howa gatnawlaryny, geçelgelerini ýagny, howa koridorlaryny kesgitlemekde hukuk taýdan düzgünleşdirmekde ulanylýar.
Ikinjiden, halkara ekologiýa hukugynyň çäklerinde howany goramak barada gürrüň edenimizde, oňa bir bitewi bölünmeýän resurs, baýlyk hökmünde seredýäris. Hapalaýjy çeşmeleriň islendik göwrümi diňe ýerli ýa-da belli bir ýere degişli derejede zyýanly maddalaryň ýaýramagyna täsirini ýetirmän eýsem, döwletiň çäginden hem daşyna çykýar. Şol sebäpden serhetden geçijilik häsiýetliligi bilen howanyň hapalanmagynyň garşysyna göreşmekde dünýä bileleşiginiň güýçleriniň jebisleşmegini talap edýär.
Howanyň ýagdaýynyň üýtgemegi onuň gözegçilik astyna alyp bolmaýanlygy bilen howplulygy hem-de täsiriniň organizmleriň we şol sanda adamyň ýaşaýşyna howp salýandygy, olary goramak boýunça iş ýüzünde aýgytlaýjy çäreleriň, şeýle-de olaryň peýdalanylmagy we goralmagy babatda milli we halkara derejelerde hukuk düzgünleşdirilmesiniň ulgamlaýyn alnyp barylmagyny talap edýär. Dünýä jemgyýeti bu mesele boýunça bilelikdäki güýçler bilen göreşmelidirler. Bu çygyrda wajyplygy boýunça birinji derejede duran bu mesele Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan atmosfera howasyny goramak hakynda köptaraplaýyn konwensiýanyň kabul edilmegini talap edýär. Häzirkizaman halkara hukugynyň ösüş tapgyrynda atmosfera howasynyň netijeli halkara-hukuk goragy sebitleýin derejede, ýagny BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Muňa mysal edip, BMG-niň «Howanyň üýtgemegi hakynda» Çarçuwaly konwensiýasy (1992 ý.) we onuň Kioto teswirnamasyny (protokoly) (1997ý.) aýtmak bolar. Bu bolsa atmosfera howasyny parnik gazlaryň zyňyndylaryndan, beýleki hapalaýjy maddalardan gorap, tejribede ol zyňyndylaryň we beýleki hapalaýjy maddalaryň azaldylmagyna ýardam edýän halkara-hukuk düzgünleşdirilmesi bolup hyzmat edýär. Bulardan başga-da, «Ozon gatlagyny goramak hakynda» Wena konwensiýasy (1985 ý.) we ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça onuň Monreal teswirnamasy (1987 ý.) atmosferany goramak çygrynda kesgitli orny eýeleýär.
Atmosfera howasyny goramakda gytaklaýyn hem bolsa galtaşýan halkara namalary halkara ynsanperwerlik hukugynyň (ýaragly çaknyşyklaryň hukugy) çäginde emele gelip başlady. Olaryň ilkinjisi hökmünde «Gury ýer uruşlarynyň kanunlary we adatlary hakynda» Konwensiýany (1907 ý.) «Uruşda bogujy, zäherli ýa-da beýleki şuňa meňzeş gazlaryň we bakteriologiki serişdeleriň ulanylmagyny gadagan etmek hakynda» Teswirnamasyny (1925 ý.) getirmek bolar. Bu ýerde ýaragsyzlandyrmak babatda howanyň goralmagyna ýardam edýän halkara ylalaşyklarynyň barlygyny hem bellemek zerur. Ýagny «Atmosferada, kosmiki giňişlikde we suw astynda ýadro ýaragyny synag etmegi gadagan etmek hakynda» Şertnamany (Moskwa şertnamasy) (1963 ý.), «Ýadronyň ýetiren zyýany üçin raýat jogapkärçiligi hakynda» Wena konwensiýasyny (1963 ý.), «Ýadro ýaragynyň ýaýradylmazlygy hakynda» Ylalaşygyny (1968 ý.), «Bakteriologik (biologik) we zäherleýji ýaraglaryň işlenilip taýýarlanmagyny, öndürilmegini we saklanylmagyny gadagan etmek we olary ýok etmek hakynda» Konwensiýany (1972 ý.) bu wajyp halkara resminamalary hökmünde görkezmek bolar.
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň soňlarynda howanyň üýtgemegine adamyň täsiri baradaky antropogen taglymaty has ýiti ýüze çykdy. Köp alymlaryň pikirine görä, parnik gazlaryň, esasanam, kömürturşy gazynyň atmosfera zyňyndylarynyň göwrüminiň artmagy sebäpli, dünýäde ähliumumy maýlama hereketi ýa-da ýeriň ýokarky gatlagynyň ortaça temperaturasy ýokarlandy. Bu barada 1988-nji ýylda Bütindünýä meteorologiýa guramasy we BMG-niň Daşky gurşaw Maksatnamasy YUNEP tarapyndan döredilen Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenleriň topary (HÜHBT) howanyň ýagdaýy boýunça nutuklary yzygiderli taýýarlap çap edýär. Bu toparyň esasy maksady 09.05.1992-nji ýyldaky Howanyň üýtgemegi hakynda çarçuwaly konwensiýanyň we onuň 11.12.1997-nji ýyldaky Kioto teswirnamasynyň işini kämilleşdirmek we onuň bilen bagly işleri durmuşa geçirmek bolup durýar. Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasyna 1995-nji ýylyň 5-nji iýunynda we BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada çarçuwaly konwensiýasynyň Kioto teswirnamasyna 1998-nji ýylyň 10-njy dekabrynda goşuldy. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri ol hem bu toparyň ýagny, Howanyň üýtgemegi boýunça hökümetara bilermenleriň topary 2007-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda A.Gorom bilen bilelikde dünýäde parahatçylygyň işine möhüm goşant goşan şahsyýetlere we guramalara berilýän Nobel baýragyna mynasyp bolanlygydyr.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistan toplumlaýyn, umumygöwrümli we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty alyp barýar. 2019-njy ýylda rejelenen görnüşinde tassyklanan Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň maksady ygtybarly amatly şertleriň döredilmeginiň, ähli ileri tutulýan pudaklaryň howanyň üýtgemegine netijeli hem-de sazlaşykly uýgunlaşmagynyň we ýurduň pes-uglerodly ösüşine ýardam edýän howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça netijeli çäreleri işläp taýýarlamagyň üsti bilen Türkmenistanyň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny hem öz içine alýan durmuş-ösüşiniň howanyň üýtgemeginiň täsirine durnuklylygyny üpjün etmek, şeýle-de BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasy, Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygy we degişli Durnukly ösüş maksatlary boýunça öz borçnamalaryny wagtynda ýerine ýetirmek bolup durýandygyny aýratyn bellärliklidir. Mundan başga-da, howanyň üýtgemeginiň has uly täsiri ýetýän pudaklar ýagny oba we suw hojalygy, saglygy goraýyş, toprak we ýer serişdeleri, ekoulgamlar hem-de tokaý hojalygy pudaklary kesgitlenildi. Olaryň hersi üçin howanyň täsirini gowşadýan uýgunlaşma çäreleriniň sanawy teklip edildi. Häzirki wagtda howanyň ýagdaýy öwrenilip, ykrar edilen halkara howa nusgalaryny ulanmagyň esasynda geljekde onuň üýtgemeginiň mümkin bolan tertipleri taýýarlanyldy. Bu maglumatlaryň deňeşdirilmegi howanyň ortaça derejesiniň yokarlanandygyny we Türkmenistanda soňky ýyllarda ygallaryň mukdarynyň azalandygyny mälim etdi. Milli strategiýa kabul edilenden soňky döwürde dürli halkara guramalarynyň kömegi bilen belli bir derejede howanyň üýtgemeginiň meseleleri bilen bagly bolan ýerine ýetirilen taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň suw serişdelerini durnukly dolandyrmakda energiýanyň netijeliligi we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmak babatda 2015-2021-nji ýyllaryň taslamasy hem durmuşa geçirildi. Howanyň üýtgemegi boýunça Hökümetara bilermenler toparynyň 5-nji hasabatynyň çykaran netijelerine laýyklykda, howanyň çaklanylýan üýtgemeleri gije-gündiziň hem-de aýyň dowamynda howanyň ýylylyk derejesiniň, basyşyň, çyglylygyň üýtgäp durmagyna; sebit we ýerli gerimde tebigy howa hadysalarynyň - gurakçylygyň, suw joşgunlarynyň hem-de sil suwlarynyň, tozanly tupanlaryň we beýlekileriň ýygylygynyň we güýjüniň artmagyna getirýär.
Umuman, howanyň ählumumy üýtgemegi Türkmenistanyň oba we suw hojalygy, ilatyň saglygy, toprak we ýer serişdeleri, ekoulgamlar (ösümlik we haýwanat dünýäsi) we tokaý hojalygy ýaly pudaklara hem-de howply howa (tebigy gidrometeorologik) hadysalaryň ýüze çykmagyna uly täsir edýär. Şonuň bilen baglanyşykly bu ulgamlarda işeňňir uýgunlaşma çärelerini geçirmegiň derwaýys zerurlygy ýüze çykýar.
Milli we halkara derejesinde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak barada yzygiderli umumyadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ugurda halkara derejesinde geçirilýän maslahatlarda degişli teklipleri öňe sürýär. Ýaňy ýakynda, has takygy, 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna gatnaşyp, ol ýerde ählumumy howa başlangyçlarynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge doly ygrarlydygyny, teklip edilýän Howa we saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny we Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek babatda saglygy goraýyş meselelerinde umumy tagallalary, bitewüligi tassyklamak üçin Jarnamanyň goldanylmagynyň wajyplygyny aýdyp çykyş etdi. Bulardan başga-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini açmak baradaky ýurdumyzyň başlangyjyny täzeden beýan etdi. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny ýene-de bir ýola aýdyňlygy bilen subut etdi. Çünki XXI asyrda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek wezipesi dünýä halklarynyň Ýer togalagynyň hemmeleriň umumy öýüdigine göz ýetirmegi netijesinde aýratyn möhüm ähmiýete eye boldy, biz ony geljekki nesillerimiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine gözümiziň göreji deý gorap saklamalydyrys.
Aýjan OMAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI