04/09/2024
772
Ene sarpasy — milletiň mertebesi
Şahyr Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly, Kaspi kenarymy, Wolga ýakasy, Murgap jülgesimi... tapawudy ýok: ene hemme ýerde ene bolmagynda galýar. Ene — bütin ynsanyýetiň barlygy. Ähli baýlyklaryň seresi. Ene söýgüsi ähli halklar üçinem düşnüklidir. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyzyň öz käbesi Ogulabat ejäniň hormatyna sözden diken heýkeliniň — «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň dürli dillerde sözleşýän halklarda-da aýratyn gyzyklanma döretmegi tebigy ýagdaýdyr. Enelere bagyşlanan ajaýyp eseriň pars dilinde terjime edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabaraly maslahatda hem şular barada täsirli söhbet edildi.
Gülşat ÝUSUBOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory:
— Taryha ser salanymyzda, halkymyzda zenan mertebesiniň näderejede belentde tutulandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenler zenany ar-namysyň baýdagy, maşgala ojagynyň seresi hasaplaýar. Milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri hem mährem enelere goýulýan hormatyň belent nyşanydyr. Kitapda: «Ene söýgüsi ähli halklar üçin düşnükli dilde beýan edilýär. Ony terjime etmek, ylmy adalgalar, medeni sözler bilen aýratyn teswirlemek gerek däl» diýlip bellenilmegi onuň dürli halklar üçin ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp eserinde mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň mysalynda enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýmagyň owal-ahyr halkymyza mahsus ýörelgedigi baradaky hakykaty anyk maglumatlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň üsti bilen açyp görkezýär.
Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň gadymdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize laýyklykda baýlaşdyran däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Şunda öz ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden Ogulabat ejemiziň medeni mirasymyzyň ösdürilmegine goşan goşandy hemmämiz üçin nusgalykdyr. Milli Liderimiziň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat eje watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, adamkärçiligiň, maşgala mukaddesligine wepadarlygyň, milli gymmatlyklara söýginiň belent nusgasyny görkezdi. Onuň ömür ýoly, durmuşy nesiller üçin görelde mekdebine öwrüldi. Ol ýanýoldaşy Mälikguly aga bilen bilelikde perzentlerini türkmen maşgalasynyň iň gowy däpleri esasynda terbiýeledi. Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem durmuş basgançaklaryny öz ene-atasynyň görelde sapaklary bilen başlady.
Ogulabat eje milli gymmatlyklarymyzyň döwrebap derejede ösdürilmeginde, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginde, el işlerine juda ussat halypa hökmünde bu beýik sungaty nesillere geçirmekde, mynasyp şägirtleri ýetişdirmekde taýsyz hyzmatlary bitirdi. El iş zenanyň ýüzüniň tuwagy, nesil terbiýesiniň açarydyr. Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte, nepis alajalar asyrlar aşyp gelýän dünýä nusgalyk milli ýörelgelerimiziň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ene mukaddesligi sözüň, parasatly pikirleriň üsti bilen beýan edilýär. Kitabyň «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» atly bölümlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň asylly häsiýetleri, çeper el işleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýratyn bellenilýär. «Sözden başlanýar ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi» bölümlerindäki rowaýatlar hem ýaş nesli watançylyk ruhunda, belent ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu ajaýyp kitabyň pars dilinde neşir edilmegi bolsa goňşy döwletiň giň okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň medeniýetine, milli ýörelgelerine, maşgala mukaddesliklerine goýýan sarpasyna has ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik berer.
Ýazga geçiren
Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 04.09.2024 ý. // https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/161745