Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Çagalary goramagyň halkara güni – ýaş nesiller bilen bagly ähmiýetli sene
    Çagalary goramagyň halkara güni – ýaş nesiller bilen bagly ähmiýetli sene surady
    30/11/-0001

    1028

    Çagalary goramagyň halkara güni – ýaş nesiller bilen bagly ähmiýetli sene

    Garaşsyzlyga eýe bolan ilkinji günlerinden bäri Türkmenistan ýaş raýatlar üçin durmuşda oňaýly şertleri üpjün etmek baradaky meselelere has jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär. Biziň ýurdumyz dünýäniň 190 döwletiniň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyny tassyklap, çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň bähbitleriniň goralmagyna degişli borçnamalary berjaý etmegi boýun aldy.
    Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden köpsanly halkara resminamalaryny hem kabul etdi. Çagalaryň hukuklary we olaryň goragy hakyndaky halkara resminama hökmünde, ýurtlaryň heniz taryhda görülmedik köplügi bilen ratifisirlenen Çagalaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýada ynsana degişli ähli hukuklardan çagalaryň hukuklary doly haklydygy ykrar edilýär. Bu halkara hukuk resminamasy 1989-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-sine Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edildi we 1990-njy ýylda güýje girdi.
    Çagalara howandarlyk etmegiň meselelerinde çagalaryň bähbitleriniň birinji derejede möhümdigine pugta ynanyp, çagalara olaryň bikanun alnyp gidilmeginiň ýa-da goýberilmezliginiň amatsyz netijelerinden serhetüsti goragyny bermäge hem-de olaryň hemişelik ýaşaýan döwletlerine haýal etmän gaýtarylmagyny üpjün etmegi, şeýle hem ýanyna barmak hukugynyň goralmagyny üpjün etmegi maksat edinýän amallary işläp taýýarlamaga çalyşmak maksady bilen 1990-njy ýylyň 25-nji oktýabrynda Gaagada Çagalaryň serhetüsti ogurlanmagynyň raýat jähtleri hakyndaky Konwensiýasy kabul edildi.
    Çagalaryň diri galmagyny, goralmagyny we ösmegini üpjün etmek hakyndaky Bütindünýä Jarnamasy 1990-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda kabul edildi. Bu Jarnamanyň esasy maksady çagalaryň bähbitleri üçin has oňat geljegi üpjün etmek bolup durýar.
    Garaşsyz Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hakyky demokratik jemgyýete mahsus bolan çaganyň hukuklary “Bilim hakynda”, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda” we Türkmenistanyň beýleki Kanunlarynda öz beýanyny tapdy.
    “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanda bilim bermek işiniň we bilim ulgamyny dolandyrmagyň umumy esaslaryny berkarar edýär. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bolsa, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär. Bu Kanun Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi, ýaş raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, şeýle hem ýaşlar birleşikleriniň hukuklaryny amala aşyrmagy kepillendirmäge niýetlenendir.
    Türkmenistan döwletimiz daşary ýurt döwletleri bilen bir hatarda çagalaryň hukuklary we olaryň goraglygy bilen bagly halkara hukuk resminamalary kabul etmek we olary ýerine ýetirmek işlerden başgada halkara derejesinde bellenilip geçilýän ähli baýramçylyklary hem giň gerimde dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Ynha, şular ýaly baýramçylyklaryň biri hem her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilip geçilýän “Çagalary goramagyň Halkara günüdir”. Bu sene Türkmenistan döwletimiziň milli baýramçylyklaryna öwrülen günleriň biridir. Çagalary goramagyň halkara gününiň döremeginiň öz taryhy bardyr. 1949-njy ýylda Fransiýada Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň sessiýasynda 1-nji iýun çagalaryň goragynyň güni diýlip çözgüt çykarylýar we 1950-nji ýylda 51 döwlet bu baýramçylyk bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy hem öz gezeginde bu pikiri goldaýar we çagalaryň hukuklaryny, janyny we saglygyny goramaklygy öz işiniň aýratyn ugurlarynyň biri bolar diýip yglan edýär. Şeýlelik bilen 1950-nji ýyldan başlap bu güni Çagalary goramagyň Halkara güni diýlip bellenilip başlandy. 1-nji iýun tomus paslynyň ilkinji güni, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşylýan tomus dynç alyş döwrüniň başlanýan güni bilen Çagalary goramagyň Halkara gününiň gabatlanyp bellenilmegi dünýädäki ähli çagalaryň şatlygyny has-da ýokary galdyrýar. Häzirki wagtda bu baýramçylygyň ýaşyl reňkli düşegiň merkezinde Ýer şarynyň şekili, töweregi bäş sany dürli reňkdäki adamjyklaryň görnüşleri ýerleşdirilen baýdagy hem bardyr.
    Bu baýramçylyk indi dünýäniň her künjeginde giňden bellenilip geçilýär. Bu gün mynasybetli dürli görnüşli ýagny, sport ýaryşlary, çagalara degişli kinofilmleriň ýa-da gepleşikleriň görkezilişi, surat çekmek boýunça bäsleşikler, medeni, aýdym-sazly çäreler uly göwrümlerde çäreler geçirilýär. Şeýle çäreler biziň ýurdumyzdada hem ýokary derejede hut hormatly Prezidentimiziň özüniň gatnaşmagynda ýurdumyzda giňden bellenilýär.
    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
    Ata-babalarymyz şu gymmatlyklary, ýagny döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasap edipdirler. Şu ýörelgelere eýerip, ýurdumyzda ýaşlarymyza adamzadyň bagtly ýaşaýşy üçin iň gerekli bolan asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, ynsanperwerlik, birek-birege goldaw etmek ýaly häsiýetleri terbiýelemek döwletlilik ýörelgeleridir. Bu ýörelgeleriň häzirki zamanyň ösüşe we parahatçylyga gönükdirilen şygary bilen umumy kökleri bardyr. Şunuň özi ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň tutuş adamzat üçin ählumumy häsiýetleriniň bardygyny aýan edýär. Sebäbi olar adamlary ýagşy işleriň başyny tutmaga, iň gowy adamkärçilik däplerine eýermäge çagyrýar. Ýurdumyzda çagalar üçin gurulýan köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy “Döwletliler köşgi” diýlip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz şeýle ykbally adamlar baradaky aladalaryň gerimini has giňeltmek maksady bilen ýörite haýyr-sahawat gaznasyny döretmek barada ýörite Karar kabul etdi. Bu gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň çäginde haýsydyr bir sebäp bilen kömege mätäç ýagdaýda galan çagalarymyza goldaw etmek üçin orny örän uly bolar.
    Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Biziň Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna - bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi. Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
    kafedrasynyň uly mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI