30/11/-0001
598
BAÝRAM HAN TÜRKMEN – GÖRNÜKLI DÖWLET IŞGÄRI WE DIPLOMAT
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Baýram han türkmen we hindi halklarynyň müňýyllyklarynyň dowamynda
kemala gelen dünýägaraýyşyny gözel, nepis ajaýyp şygyrlaryny siňdiren,
iki doganlyk halkyň arzyly oý-hyýallaryny, ahlak we edep ýörelgelerini
jahana ýaýan beýik söz ussadydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen taryhynda uly yz galdyran beýik taryhy şahsyýetlerimiziň ömür döredijiligini, edebi mirasyny we bitiren hyzmatlaryny öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de geljekki ýaş nesillere ýetirmek ugrunda, dünýä nusgalyk işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda taryhy şahsyýetlerimiziň hormatyna bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň türkmen şahsyýetlerine ýokary derejede baha berýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmen taryhynda öçmejek yz galdyryp, halkymyzyň hakydasynda uly orun alan şahsyýetlerimiz sanardan juda kändir. Türkmen taryhyna altyn harplar bilen adyny ýazdyrmagy başaran şahsyýetlerimiziň biri hem Baýram han Türkmendir. Baýram hanyň edermenligi, batyrgaýlygy, pespälligi, ynsanperwerligi, parasatlylygy ýaly türkmen milli häsiýetlerimizi suratlandyrýan rowaýatlar halkymyzyň arasynda giňden ýaýrandyr. Gahryman Arkadagymyz jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Türkmen medeniýeti” atly kitabynda şeýle belleýär: “Meşhur şahyr we serkerde Baýram han günleriň birinde serkerdeleri bilen sapara ýola rowana bolupdyr. Baýram hanyň gözi ýoluň ýakasynda ýatan çöregiň bölejigine düşýär. Ol derrew atyndan düşýär-de, çöregi alyp goltugyna salýar. Serkerdeleriniň biri: “Belent Serkerdämiz! Näme üçin bize buýurman, özüňiz atdan düşdüňiz?” diýip, ondan soraýar. Baýram han: “Çöregi ilki men gördüm, ony ýerden almagy başga birine buýurmak çörege hormat goýmadygym bolardy” diýip jogap beripdir”. Bu rowaýat müňýyllyklaryň dowamynda türkmen halkynyň sygnyp gelen ýörelgesi, nesiller üçin hiç wagt gymmatyny ýitirmejek ynsanperwer wesýeti.” [1, 163 s.] diýip, hormatly Prezidentimiz Baýram han türkmeni sarpalaýar.
Baýram hanyň durmuş ýoly barada ençeme awtorlar öz işlerinde gymmatly taryhy maglumatlary beýan edýärler. Baýram han türkmen Garagoýunly türkmen döwletini esaslandyryjylaryň biri bolan baharly ýa-da bahar ili taýpasyndan bolup, takmynan, 1500-1505-nji ýylda Badahşanda dünýä inýär. Baýram han gelip çykyşy boýunça ýokary gatlagyň wekili bolan Seýfaly begiň ogludyr. Seýfaly beg Gazna şäheriniň emeldarlarynyň biri eken. Baýram han öz döwrüniň ussat harby serkerdesi, tanymal döwlet işgäri, ençeme saz gurallara ezberlik bilen erk eden sazanda, dünýäniň syrlaryna akyl ýetirmegi başaran filosof we şahyr hökmünde taryha giren beýik türkmen şahsyýetleriniň biridir. Onuň bu başarnyklary ömrüniň ahyryna çenli hemrasy bolupdyr.
Ýaş wagty Baýram hanyň kakasy Seýfaly beg aradan çykýar. Şondan soňra, Baýram han Badahşandan Balha göçýärler. Baýram han türkmen başlangyç bilimleri we harby tärleri Balh şäherinde ele alypdyr. Gündogaryň meşhur dilleri bolan arap, pars dillerini hem Balh şäherinde düýpli öwrenipdir. Baýram han heniz ýetginjeklik döwründe çapyksuwarlyk, gylyçlaşmak, naýza zyňmak we ok atmak ýaly harby tilsimlere ezberlik bilen erk edipdir.
Baýram han Zahyreddin Muhammet Babyryň gullugynda bolan wagty adygyp, taryhy sahna çykýar. Muhammet Baýram han Türkmeniň 1523-nji ýylda Muhammet Babyr tarapyndan Muhammet Humaýuna janpena bellenmegi bilen ol şazada Humaýunyň ähli döwlet derejeli işlerinde, şonuň bilen birlikde harby işlerinde uly hyzmatlary bitirmäge başlapdyr [ 3, 14 s.]. Mertligi, batyrlygy we ugurtapyjylygy bilen Muhammet Babyryň göwnünden turýar. Ýaş ýigidiň başarnyklaryny göz öňünde tutup, Soltan Muhammet Babyr döwletiň ýokary wezipesi bolan goşun serkerdesi edip bellenilýär. Baýram han Beýik Mogollar döwletiniň imperiýa derejesine ýetmeginde aýgytlaýjy orny eýelän şahsyýetleriň biridir. 1526-njy ýylda Deliniň golaýyndaky Panipat düzlüginde bolan söweşde Deli soltanlygynyň goşuny derbi-dagyn edilýär we soltan Ybraýym Lodi jezalandyrylýar. Netijede, Zahyreddin Muhammet Babyryň goşuny ýeňiş gazanyp, Mogollar döwletiniň baýdagynyň belentden parlamagyna getirýär.
Wagtyň geçmegi bilen 1530-njy ýylda Muhammet Babyr aradan çykýar. Heniz Babyr dirikä Beýik Mogollar döwletiniň başyna ogly Humaýuny miräsdüşer edip belleýär. Soltan Humaýunyň döwründe Mogollar döwleti gowşap başlaýar. Ýagny, Beýik Mogollar döwletiniň tagt ugrunda Zahyreddin Muhammet Babyryň ogullarynyň arasynda ýiti göreş başlanýar. Bu ýagdaý Mogollar döwletiniň kuwwatyny pese düşürýär. Döwletiň içinde bolup geçen içki gapma-garşylyklardan peýdalanan Biharyň häkimi Sur nesilşalygyny esaslandyryjy Şir han 1539-njy ýylda Humaýuna garşy aýgytlaýjy söweşe girýär. Netijede, Şir han tagty eýeläp özüni şa diýip yglan edýär.
Döwlet agdarylyşygyndan soňra, Humaýun tagty taşlap Sefewiler döwletine sygynýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin Baýram han oýlanyşykly hereket edip, Mogollar döwletini täzeden dikeltmäge çalyşýar. Muhammet Humaýunyň bähbidini göz öňünde tutup, Sefewi döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýar. Bu gatnaşyklar 1540-njy ýylda Mogol döwleti bilen Sefewi döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklary gaýtadan dikeldýär. Baýram han goşuna kömek üçin Sefewiler döwletiniň soltany Tahmasp I ýardam soraýar. Şeýlelikde, Mogollar döwleti bilen bilelikde Sefewiler döwletiniň goşuny birleşip söweşe taýýarlyk görýärler. Baýram han goşunyň serdary edip bellenilýär. Netijede, Baýram hanyň ýolbaşçylygyndaky goşun ýeňiş gazanýar. Baýram hanyň kömegi bilen Humaýun ikinji gezek Beýik Mogollar döwletiniň tagtyna geçýär. Şondan soňra, Humaýun Baýram hany döwletiň ýokary wezipesi bolan, goşunbaşy we baş weziri edip belleýär. Söweşde görkezen edermenligi üçin “Hanlaryň hany” diýen hormatly dereje berilýär. Mundan başga-da, Humaýun Baýram hana Kandagary peşgeş berýär. Bu ýagdaý Humaýunyň doganlarynyň arasynda närazylyk döredýär. Uzak wagt geçmänkä Humaýun şa 1556-njy ýylda aradan çykýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda şeýle taryhy maglumatlar beýan edilýär: ”Baýram hanyň Humaýun şanyň mirasdüşeri diýlip yglan edilen ýaş Akbaryň terbiýeçisi edilip bellenilendigi size taryhdan mälimdir. Soň bolsa ýaňy on bir ýaşan Akbar şa tagtyna göterilýär. Baýram han şazada hemişe goldaw bermeli bolýar. Oňa «Akbaryň beýnisi» diýler ekeni. Şazada şol döwrüň ylymlaryny öwretmegi, onuň berk bedenli hem-de sagdyn bolup ýetişmegini, kämil söweş endikleriniň kemala gelmegini meşhur serkerde ünsünden düşürmändir.” [2, 229 s.]. Akbar bilen Baýram han has ýakyn gatnaşykda bolupdyr. Soltan Akbar hormat bilen atabegi Baýram hana “Han baba” diýip ýüzlenipdir. Mogollar döwletini 1556-1560-njy ýyllar aralygynda Akbaryň adyndan Baýram han dolandyrypdyr. Bu döwürde Mogolllar döwletiniň gülläp ösen döwri bolup, halk abadan, bolelin, parahat durmuşda ýaşapdyrlar. Baýram han takmynan 1557-nji döwletiň kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen Zahyreddin Muhammet Babyryň agtygy Selime soltan begime öýlenýär. Baýram hanyň hökümdar nesli bilen has-da ýakynlaşmagy daş-töweregindäki duşmanlaryna ýaramandyr. Duşmanlar dürli ýollar bilen Baýram hany köşkden çetleşdirmek isläpdirler. Baýram han Akbar soltanyň gullugyndaka 1557-nji ýylda Kandagarda uly gozgalaň turýar. Kandagar Baýram hanyň mülki bolansoň, Tahmasp şa dostuna kömek etmek üçin, gozgalaňy basyp ýatyrmaga goşun iberipdir [6]. Bu ýagdaýdan peýdalanan bahyllar Baýram han döwleti eýelemäge çalyşýar diýip, Akbara meçew berýärler. Başda Akbar şa ynanmadyk hem bolsa, soňra tagty elinden gider gorkusy gaplap alýar. Şeýlelikde, Akbar soltan Baýram hany döwlet wezipelerden boşadyp, köşkden çetleşdirýär.
Döwletiň düýbi tutulan gününden bäri janyny gurban etmäge taýyn bolan Baýram hana “döwlete hyýanatçylykda” aýyplanmagy juda agyr degipdir. Baýram han öz perzendi ýaly zyýada gören Akbara şeýle namany ýazyp iberipdir: “Birnäçe görip adamlar maňa zyýan ýetirmek maksady bilen bir topar bolgusyz zatlary toslap meni size ýamanlapdyrlar. Şeýlelikde olar meni ýok etmegiň küýüne düşüpdirler. Her bir adamyň özüni dürli töhmetlerden goraýşy ýaly, men hem şol hili töhmetçilerden özümi goramaga mejburdyryn. Bir topar haýynlar siziň töweregiňizde bolandyklary üçin, özüm siziň ýanyňyza barmagy makul bilmeýärin. Siz bilip goýuň, türki kowumlarda öz iýen duzuna kast edýän adamyň bolmaýanlygy bütin dünýä bellidir. Eger meni iýen duzuma kast eden diýip hasap edýän bolsalar, goý onda olar ýönekeý bir esgeri iberip, meniň kellämi kesdirip siziň huzuryňyza eltsinler, goý bu waka gelejekde döwlet işine hyýanat etmegi ýüregine düwen adamlara sapak bolsun. Eger şeýle etmeseňiz, meni goşun serkerdeligi wezipesinden boşadyp, goşuny köşgüň başga bir ynamly adamyna tabşyryň. Men bolsa Maşada gitmekligi ýüregime düwdüm, o taýdan hem Nejef, Kerbela... ýaly mukaddes ýerlere baryp, siziň şahlyk täji-tagtyňyzyň ebedilik bolmagy hem siziň näzi-nygmatlar içinde ömür sürmegiňiz üçin dileg edip gezjekdirin”. Haty okap gören Akbar soltan ýalňyşandygyna düşünýär we täzeden öňki eýelän wezipeleriniň ählisini bermekçi bolýar. Emma Baýram han köşk wezipelerinden boýun gaçyryp, mukaddes ýerlere aýlanyp zyýarat etmekligi ýüregine düwýär. Baýram hany 1561-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Gujaratda Mübärek Lohany diýen haýyn zalymlyk bilen arkasyndan pyçaklaýar we wepat bolýar [4, 13 s.].
Adamzat taryhyna altyn harplar bilen adyny ýazdyrmagy başaran beýik türkmen şahsyýetleriniň biri Muhammet Baýram han watansöýüjiligi, mertligi, edermenligi we belent adamkärçiligi, akyl-paýhasy bilen halklaryň hakydasynda orun alandyr. Baýram han diňe bir gylyjyň güýjüne daýanman eýsem, dilewarlyk başarnyklary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy başarandyr. Watana wepadarlykda soltanlaryň ynamyny gazanan Baýram han Mogollar döwletiniň dargamagynyň öňüni alyp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Baýram hanyň taryhy keşbi, bitiren işleri, döredijilik ussatlygy ýaş nesiller üçin görüm-görelde mekdebidir.
Edebiýat:
1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017.
3. Aýdogdyýew M., Nazarow A., Baýram han Türkmen we onuñ döwri – Aşgabat, 2004.
4. Türkmen hanlary we serdarlary. – Aşgabat, 1992.