30/11/-0001
694
Baýram han Türkmen – döwlet işgäri we diplomat (Döwran KARAJAÝEW)
Türkmen milletiniň ruhy sypatyny, özüniň millet hökmündäki özboluşly aýratynlyklaryny ýaşlara öwretmek islendik döwürde hem derwaýys meseleleriň biri bolmagynda galýar. Hut şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiziň watançylyga, halallyga, adalatlylyga we ynsanperwerlige ýugrulan asylly işleri ähli döwürler üçin bahasyny hiç bir zat bilen ölçerip bolmajak pähim-paýhasdyr, gymmatlykdyr.
Ata-babalarymyzyň mertlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk, il-ýurduňy söýmeklik ýaly mukaddes ýörelgeleri bu günki gün ähli adamlar babatynda nusgalyk ýoldur. Geçmişde ýurt goran gerçeklerimiz diňe şol mukaddes ýola ygrarly bolup, il-günümiziň, mukaddes Watanymyzyň hatyrasyna beýik işleri amal edendiklerine gojaman taryh şaýatlyk edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Watanyny goran merdanalaryň synmaz gaýraty her bir döwürde hem ýaşlarymyz üçin nusgalykdyr. Häzirki döwürde Watanyňy söýmek diýmek, bu hanlar hany Baýram han ýaly halallygyň hem adalatyň ýoly bilen öz asylky terbiýäňi, zandyňda baryňy aýan edip, ata-babalaryň ýoluna ygrarly bolmakdyr, olaryň mynasyp neslidigiňi subut edip bilmekdir» [1, 65-66 s.] diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiz taryhy şahsyýetlerimize, beýik söz ussatlarymyza mynasyp derejede sarpalamak bilen olaryň taryhy ýoly, edebi mirasyny halkymyza we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak ýaly asylly ýörelgeleri mynasyp derejede dowam edýär. Milli Liderimiz türkmeniň ägirt şahsyýetleriniň hem şöhratly, hem kynçylykly ýollarynda Watanyny, il-gününi goran pederlerimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerligi, adalatlylygy, agzybirligi we parahatçylygy üpjün etmek bilen bagly umumy ykrar edilen ýörelgelere eýerendiklerini nygtamak bilen şeýle belleýär: «Türkmenler aslynda ýeňmek, üstün çykmak, gurmak, döretmek hem-de parahatçylygy gorap saklamak üçin ýaradylan halk. Muny pygamberiň hadyslaram, taryhy kyssalar hem tassyklaýar. Ymmatyň ussat alymlary, ulamalary, hökümdarlary, serkerdeleri hem şolaryň neslinden çykar diýilýär. Olar ot, suw, ýel ýaly tebigy güýçlerden soňra, hökmürowan iň güýçli gerçekler hökmünde ýatlanylýar. Agzybirlige per berseler, ýeňmek, üstün çykmak, beýik bolmak olaryň ykbaly» [2, 5 s.].
Halkymyzyň köp asyrlyk şöhratly taryhyna nazar aýlanymyzda özüniň pähim-parasatlylygy, adalatlylygy, ynsanperwerligi we edermenligi bilen mynasyp yz galdyran şahsyýetlerimiz az däl. Ol şahsyýetler öz adynyň yzyna «Türkmen» tahallusyny goşup, dürli döwletleriň syýasy durmuşynda möhüm orny eýelemegi başardylar. Şolaryň hatarynda Mürze Barhurdar Türkmen (XVI asyr), Isgender beg Türkmen (1560-1634), Muhammetguly Kutubşa Türkmen (1580-1611) we Muhammet Baýram han Türkmen (1498-1561) aýratyn orny eýeleýärler. Bu şahsyýetleriň arasynda Muhammet Baýram han «Türkmen» tahallusyny göteren şahslaryň iň görnüklisidir. Ýokarda sanap geçen şahsyýetlerimiziň ikisi döwlet işgäri we taryhçy, beýleki biri hökümdar hem şahyr bolsa, Baýram han Türkmen ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri, ussat şahyr we diplomat hökmünde taryhda öçmejek yz goýandyr [10].
Muhammet Baýram han Türkmeniň ömür ýoluna bagyşlanyp ýazylan taryhy kitaplarda, şonuň bilen birlikde ol ýa-da beýleki ylmy gollanmalardyr makalalarda onuň doglan ýyly, ýeri dogrusynda dürli hili garaýyşlar öňe sürülýär. Ol baradaky pikirleriň aglabasy bolsa biri-birine çapraz gelýär.
Taryh ylymlarynyň kandidaty O.Ekäýew Muhammet Baýram han Türkmeniň 1497-1498-nji ýyllarda Badahşan welaýatynyň Gala-i-Zafar diýen ýerinde eneden dogulandygy, onuň heniz ýaş wagty ejesi Nakyba hanymyň aradan çykandygy, ony terbiýelemekligi atasy Ýaraly begiň baştutanlygynda hossarlary tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilendigi baradaky maglumatlary öz işlerinde beýan edýär [7, 10 s.].
Bulardan başga-da, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ç.Rüstemowa özüniň «Muhammet Baýram han» atly makalasynda görnükli türkmen serkerdesiniň ömür ýoly bilen baglanyşykly maglumatlary birnäçe taryhy çeşmelere salgylanyp delillendirýär. Has takygy, «Baýram hanyň doglan ýyly, ömri we işi baradaky maglumatlar orta asyr taryhçysy, mogol imperatory Ekberiň şahsy mürzesi bolan Abul Fazl Allaminiň işlerinde has takyk berlipdir. Ol mogollar imperiýasynyň kätiphanasynda saklanan döwlet resminamalaryny, Ekberiň şahsy we gulluk hat-petegini, ýatlamalaryny ýazga geçiren meşhur galamgärdir. Onuň «Akbarnama», «Aýin-i-Akbari» (Ekberiň hökümdarlygynyň dikeldilmegi) ýaly işleri hem bu elin maglumatlaryň esasynda ýazylandyr.
Abul Fazl Allaminiň berýän maglumatlaryna görä, haçan-da Baýram han Humaýunyň (mogol imperatory Muhammet Babyryň mirasdüşer ogly) ýanynda gulluk etmäge başlanda 16 ýaşly ýetginjek eken.
Bu pikiri Ram Kişor Pandeý hem tassyklaýar. Ol özüniň «Muhammet Baýram han Türkmeniň ömri we edermenlikleri» atly kitabynda Baýram hanyň mogollar köşgünde gulluk etmäge 1523-nji ýylda, entek 16 ýaşly ýetginjekkä gelendigi» baradaky maglumaty mysal getirýär. Eger şu maglumatlara salgylansaň, onda Baýram hanyň 1507-nji ýylda eneden doglandygy baradaky ylmy çaklamalaryň hakykata ýakynlygyna esas döreýär.
Galyberse-de awtor Baýram hany mogol goşunyna hut imperatoryň – Babyryň getirendigi, ony öz mirasdüşeri şazada Humaýunyň şahsy goragçysy edip belländigi barada ýazmak bilen Baýram han bilen Babyryň ilkinji gezek duşuşygynyň 1523-nji ýylda bolup geçendigi baradaky maglumata ünsi çekýär.
Baýram hanyň 1507-nji ýylda doglandygy baradaky çaklamalary tassyklaýan başga-da bir çeşmä ünsi çekesimiz gelýär.
Mogol patyşasy Muhammet Babyryň gyzy Gulbeden begimiň, bu döwriň belli taryhçysy Badaoniniň işlerinde Baýram hanyň Humaýunyň wesýetine görä, 1557-nji ýylyň dekabr aýynda Babyryň agtygy Gülruh Begimiň gyzy Selime begime öýlenendigi we onuň şol wagt 50 ýaşynda bolandygy bellenýär. Bu hem onuň 1507-nji ýylda doglandygyny tassyklaýar. Şeýle hem bu awtorlaryň Baýram hanyň 53 ýaşda ýogalandygy barada berýän maglumatlary hem muňa güwä geçýär» [9].
Şeýlelikde, Muhammet Baýram Türkmeniň doglan senesi barada ylmy edebiýatlarda dürli pikirler bar. Biziň pikirimizçe, şol garaýyşlardan has takygy hökmünde Ram Kişor Pandeýiň «Baýram hanyň mogollar köşgünde gulluk etmäge 1523-nji ýylda, entek 16 ýaşly ýetginjekkä gelendigi» baradaky maglumatydyr. Onuň bu pikirini belli türkmen taryhçysy O.Ekäýewiň «Baýram hanyň edermenligini, başarjaňlygyny gören Babyr patyşa 1523-nji ýylda ony ogly Humaýuna terbiýeçi we janpena belleýär. Ogly Humaýuna bolsa, Baýram hanyň aňyrsynyň türkmen beglerindendigini, onuň bilen mylakatly, hormatly bolmalydygyny tabşyrýar» [7, 11 s.] diýen setirleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Muhammet Baýram han Türkmeniň durmuş beýanyny Beýik Mogollar döwleti hem-de onuň hökümdary Humaýun bilen bilelikde öwrenmeli bolýar. Hindistanda Beýik Mogollar döwleti Mawerannahrdan gaçyp gelen Teýmirleňiň nesilleri tarapyndan esaslandyrylypdyr. XV asyryň ahyrlarynda XVI asyryň başlarynda özbekler Altyn Ordadan süýşüp gelen Teýmirleňiň mirasdüşerlerini Merkezi Aziýadan kowupdyrlar. Beýik Mogollaryň döwletini esaslandyryjy Babur Samarkandyň häkimi bolupdyr. Emma özbekler bilen uruşda ýeňlip Owganystana gidipdir. Kabul welaýatyny eýeläp, Babur Hindistana ýörişleri geçiripdir. Babur 1526-njy ýylda Beýik Mogollaryň döwletini esaslandyrýar. «Mogol» ady «mongol» sözünden gelip çykypdyr [5, 246 s.]. Türki kowumlaryndan gelip çykandyklaryna garamazdan, hindiler olaryň ählisini mongol (hindi şiwesinde – mughal) diýip atlandyrypdyrlar. Bu at Babyr tarapyndan esaslandyrylan nesilşalyga-da berlipdir. Ýewropa dillerinde bu nesilşalyk mogollar diýlip atlandyrylypdyr. Beýik Mogollaryň döwleti türkmenleriň, Orta Aziýanyň halklarynyň arasynda, şeýle hem Eýranda Körekenleriň [1] döwleti ady bilen tanalypdyr [6, 471 s.].
Zahyretdin Babyr 1530-njy ýylda aradan çykandan soňra, onuň ornuna 22 ýaşly ogly Humaýun tagta geçýär. Baýram han Türkmen bolsa baş weziriň wezipesine bellenilýär. Ol şol bir wagtyň özünde goşunbaşy wezipesini hem ýerine ýetirýär. Şeýlelikde, görnükli serkerde Baýram han Türkmen özüni diňe bir harby sungatda tanatman, pähimli filosof, ýiti zehinli şahyr, diplomat hökmünde hem tanadypdyr. Onuň diplomatik taýdan gazanan üstünlikleri diňe bir öz şan-şöhradyny belende galdyrman, eýsem Beýik Mogollar döwletiniň syýasy we ykdysady taýdan täzeden dikelmegine uly mümkinçilikleri döredipdir. Muhammet Baýram han Türkmeniň diplomatik üstünlikleri barada şulary görkezmek bolar.
Taryhçy O.Ekaýewiň belleýşi ýaly, 1539-njy ýylda Biharyň häkimi Şirhanyň Humaýuna garşy gozgalaň turuzyp, Beýik Mogollar döwletiniň tagtyny eýeläninde gaýtadan Humaýunyň tagta çykmaklygynda Baýram han Türkmeniň syýasy-diplomatik tagallalary uludyr. Ol hatda Humaýuny öz doganlary bilen ylalaşdyrýar. Şeýle etmek arkaly Muhammet Baýram han Türkmen Beýik Mogollar döwletiniň Hindistanda patyşa bolmak umydyny ýitiren Humaýunda ynam döredýär [7, 14 s.]. Baýram hanyň islendik meseleleri özüniň ýiti pähim-paýhasy bilen dawasyz, diplomatik ýollar arkaly çözendigi baradaky maglumatlaryň ýene-de bir, ol hem Humaýunyň Sefewi hökümdary Tahmas şa bilen özara gepleşikleri geçirmeklige razylygyny gazanmaklygydyr. Netijede, Baýram hanyň tagallasy bilen Tahmasp şa Humaýuny diýseň gowy garşylaýar. Bu barada R.Pandeý «Humaýunyň Eýrana ýörişi pursaty hut Baýram hanyň tagallasy bilen şowlulykdan başlanýar» diýip belleýär.
Görnükli filosof Ç.Rüstemowa Baýram han Türkmeniň Beýik Mogollar döwleti bilen Sefewi döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklary oňyn çözmekligi bilen baglanyşykly şeýle maglumatlary getirýär: «Baýram han Humaýunyň ýene-de Hindistana ýeňiş bilen dolanmagy üçin iň zerur ädimiň onuň Eýran patyşasy bilen duşuşyp, mogol imperiýasynyň ykbalyny halas etmek barada gepleşik geçirmekdigine we harby goldawy gazanmakdygyna şazadany ynandyrýar. 1543-nji ýylyň aýaklarynda Humaýun Baýram hanyň maslahatyna eýerip, Eýrana gaýdýar. Baýram han bu ýurduň Sistan, Hyrat, Maşat ýaly şäherlerinde Humaýunyň ýerli häkimler bilen duşuşyklarynda özüniň «ýokary ilçi» diýen derejesine mynasyp rol oýnaýar.
Hatda ol ýerli hökümdarlar bilen öňden gelýän tanyşlygyna daýanyp, mogol imperatorynyň bu ýerde hormat, sylag bilen garşylanmagy üçin zerur şertleriň barysyny döretmegi başarýar. Şeýlelikde, Baýram han Eýran şasy Tahmasp I bilen duşuşyga barýan ýolda Humaýunyň howpsuz-hatarsyz hereket etmegini üpjün edýär. Baýram hanyň Eýrandaky hormat-sylagyna ymykly göz ýetiren Humaýun oňa eýran tarapy bilen geçiriljek duşuşyklary we gepleşikleri guramaklygy tabşyrýar we ony özüniň ilçisi hökmünde öňünden şa köşgüne iberýär.
Köp sanly taryhy işleriň awtorlarynyň, şol sanda orta asyr taryhşynasy Perişdäniň berýän maglumatlaryna görä, Eýran şasy Tahmasp Baýram han bilen bolan duşuşygynda onuň öz saçyny şaýylaryňky ýaly syrdyryp, kellesine şaýylaryň geýýän topbusyny ýa-da ýörite taýýarlanylan täji geýmekligi talap edýär. Baýram han aslynda musulmanlaryň şaýy toparyndan bolansoň bu teklibi ikirjiňlenmezden ýerine ýetirip bilerdi. Emma ol Tahmasp şa ýüzlenip «özüniň başga bir soltanyň hökmüne boýundygyny» aýdýar.
Baýram hanyň bu hereketi maňzyna batmadyk Tahmasp Humaýun bilen duşuşygynyň möhletini birbada yza çekdirýär... Emma Baýram han ruhdan düşmeýär, ol iki tarapyň hem gepleşiklere günibirin başlamagy üçin bar ukybyny, güýjini gaýgyrman işleýär. Sefewi türkmenleriniň döwletiniň hökümdarynyň köşgünde öňden tanalýan Baýram hany şanyň ýakyn adamlarynyň käbirisi hem goldaýarlar.
R.Pandeý Humaýunyň Tahmasp şa bilen birnäçe gezek geçiren duşuşyklarynyň dowamynda Baýram hanyň onuň görnükli ilçisi, iň wepaly dosty we maslahatçysy hökmünde Eýran şasyna we onuň köşk emeldarlaryna özüni görkezendigini ünsi çekýär. Taryhy çeşmelerde Baýramyň «Han» diýen derejä ilkinji gezek Eýran şasynyň köşgünde eýe bolandygy bellenýär. Çünki, iki hökümdaryň özara duşuşyklary turuwbaşdan ugrugyp gidibermeýär we diňe Baýram hanyň irginsiz tagallalary we gepleşikleri ussatlyk bilen ýola goýmagy netijesinde taraplaryň ylalaşyga gelmegine ýol açylýar.
Tahmasp I ilkinji duşuşykda Humaýuna hem edil Baýram hanyň öňünde goýan teklibini tekrarlaýar we onuň köşk emeldarlarynyň öňünde şaýy topbusyny geýmegini soraýar. Sünni ygtykatly Humaýun muňa erbet gatyrganýar we «özüni masgaralamak» diýip kabul edýär.
Emma Baýram han ony köşeşdirip, bu ýagdaýdan onuň sabyrlylyk we parasatlylyk bilen baş alyp çykmalydygyny, çünki mogol imperiýasynyň gelejeginiň ykbalynyň bu köşkde geçiriljek gepleşikleriň netijesi bilen berk baglanyşyklydygyny düşündirýär. Baýram hanyň maslahatyna eýeren Humaýun soňky duşuşyklarda örän oýlanyşykly hereket edýär we özüne hödürlenýän şaýy topbusyny eline alyp Tahmaspa ýüzlenip şeýle diýýär: «Bu täji diňe ýeňijiler geýmäge mynasypdyr. Häzirki pursatda men söweşde ýeňlen bir esger, eger-de Siziň ýardamyňyz bilen gelejekde ýurduma ýeňiş bilen dolanyp, Siziň merhemetli eliňizden alnan bu täji geýmäge mynasyp bolsam, özümi iň bagtly adam saýardym» [9].
Taryh ylymlarynyň kandidaty J.Gurbangeldiýew Sefewi döwleti bilen Beýik Mogollar döwletiniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň berkemeginde Muhammet Baýram han Türkmeniň syýasy-diplomatik tagallasynyň ýokarydygyny şeýle belleýär: «Ilki Sefewileriň diplomatik goldawyny üpjün eden Baýram han Türkmen Owganystanda goşun toplap, birleşen sefewi-mogol goşunyna serkerdelik edip, 1555-nji ýylda Delini Beýik Mogollara gaýtaryp berýär. Şeýlelikde, Baýram hanyň bu imperiýanyň gaýtadan dikeltmekdäki syýasy-diplomatiki hem-de harby tagallasy bimöçberdir. Bu hyzmaty üçin hut Tahmasp şanyň we Humaýunyň bilelikdäki permany bilen Baýram hana «Han hanan», ýagny «Hanlar hany» diýen belent dereje berlipdir. Taryhçy Ö.Gündogdyýew şonda hatda Baýram hany bütin türkmen taýpalarynyň aksakaly diýip yglan etmek hakda-da pikiriň orta atylandygyny ýazýar» [8].
Humaýun aradan çykandan soňra, tagta onuň ogly Ekber geçýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Humaýun patyşa Baýram hany 1542-nji ýylda dünýä inen ogly Akbaryň atalygy edip belleýär. Mälim bolşy ýaly, şonda döwleti dolandyrmak ýaş Akbaryň başyna düşýär. Şol döwürde hem Baýram hanyň hakyky şahsyýeti açylyp görkezilýär. Şonda ýaş Akbaryň tejribesizliginden peýdalanmak isleýänler bem bolupdyr. Ýöne Baýram hanyň ýokary adamkärçiligi, beýik häsiýetl
Latest News
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI