10/12/2025
23
ADAMYŇ HUKUKLARYNY WE AZATLYKLARYNY GORAMAKDA HALKARA WE MILLI RESMINAMALARYNYŇ ÄHMIÝETI
Halkara giňişliginde her ýylyň 10-njy dekabry Adam hukuklarynyň halkara güni hökmünde bellenilip geçilýär. Onuň taryhy 1948-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary hakyndaky ilkinji resminama 30 maddadan ybarat bolup onda, esasy hukuk çeşmesi hökmünde adam hukuklary, azatlyklary hakynda giňişleýin bellenilip geçilendir. Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy Jarnamasy bütin dünýäde iň köp 500-den gowrak dilde terjime edilen resminama bolup, ol dünýä jemgyýetçiligi hem-de her bir adam üçin örän möhüm hukuk resminamasydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň netijesinde, adam hukuklary babatda syýasy, ykdysady, durmuş we hukuk özgertmeleri, şol sanda hususy eýeçilige geçilmegi, raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, bularyň hemmesi ýurdumyzda adam hukuklarynyň hemmetaraplaýyn üpjün edilmeginiň amatly şertini döretdi.
Adam hukuklary her bir raýat jemgyýetini gurýan ýurduň esasy ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepiliniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şerti bolup durýar. Häzirki wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem-de goramak bu döwletiň döwrebap ösüş derejesiniň alamatydyr.
Türkmenistan döwleti Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden başlap, halkara resminamalarynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýändigini yglan etdi. Munuň özi, adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de kanunçylygymyzda adam hukuklary boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzda ýöredilýän syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Türkmenistan adamyň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan jogapkärçilige doly düşünýär we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar. Umumadamzat gymmatlyklary we ählumumy ykrar edilen halkara ýörelgeleri biziň milli kanunçylygymyzda ileri tutulýar. Esasy Kanunymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem milli kanunçylygyň kämilleşmegine esas döredýär. Kabul edilýän kanunlar konstitusion kadalary aýdyňlaşdyrmaga, demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, kepillendirilen hukuklaryň hemmesini amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretmegiň hukuk kadalaryny berkidýär.
Döwletimizde durmuşa geçirilýän ähli işlerde adamzadyň bähbidi nazarlanýar. Ýurduň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň hem esasy maksady ilata bolelin ýaşaýşy üpjün etmekden ybarat. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny kepillendirýän halkara hukuk resminamalarynada goşulyşdy. Olardan 1948-nji ýylda kabul edilen Adam hukuklarynyň Ähliumumy Jarnamasyny bellemek ýerliklidir. Hukuk döwletimiz goşuluşan halkara hukuk resminamalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklarynyň deňhukukly subýekti bolup, dünýäniň döwletleri bilen jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlary boýunça giňişleýin hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Döwletimiz adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitleriniň goralmagyny ileri tutmak, halkara hukuk kadalaryna ygrarly bolmak, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan ynsanperwer ulgamda halkara kadalaryny ýokary derejede ýerine ýetirmek bilen, Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda, şeýle hem adam hukuklary babatda ýurdumyzyň tassyklan halkara şertnamalarynda ýazylan adam hukuklaryny we azatlyklaryny netijeli amala aşyrmak üçin syýasy, ykdysady, durmuş we beýleki kepillikleri döredýär.
Raýat jemgyýetiniň syýasy ýörelgeleri bolan raýatlaryň deňhukuklylygy we olaryň syýasy, ykdysady we gaýry gatnaşyklardaky deňligi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň ýokary derejede ykrar edilmegi, şahsyýetiň hukuk goraglylygyny üpjün edýän netijeli serişdeleriň ulgamynyň hereket etmegi we beýlekileriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek işleri hem döwletimizde giň gerimde alnyp barylýar. Şu maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen 2016-njy ýylda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň edarasy Adalatçynyň diwany (Ombudsmen instituty) döredildi. “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny Adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de onuň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranda garaşsyzlyk hem-de haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat bermezligi Adalatçynyň diwanynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.
Kanuna laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň berjaý edilmegine, olaryň bozulan hukuklarynyň dikeldimegine ýardam bermek adalatçynyň esasy wezipesidir. Şunda Türkmenistanyň raýatlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlary hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar hem göz öňüne tutulýar. Adatça düzgün bozmalaryň aglabasy bilmezlikden ýüze çykýar. Emma, muňa garamazdan hukuk ylmynda kanuny bilmezlik onuň öňündäki jogapkärçilikden boşatmaýar diýen taglymat giňden ýaýrandyr. Şoňa görä-de, adamyň we raýatyň hukuklarynyň bozulmagynyň, kemsidilmeginiň, azatlyklarynyň dürli görnüşde bikanun çäklendirilmeginiň öňüni almak maksady bilen adamlaryň hukuk düşünjeligini, medeniýetini we aň-bilimini ösdürmäge ýardam bermek hem adalatçynyň wezipesine degişlidir. Şeýle-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we utgaşdyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň esasy wezipesine degişlidir.
Türkmenistan adam hukuklary baradaky halkara borçnamalary gyşarnyksyz ýerine ýetirmekligi bilen uly üstünliklere eýe boldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda “Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär” diýip bellenýär.
Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyndaky sözlän sözünde: “Türkmenistanda adamyň we raýatyň Konstitusiýada hem-de kanunlarda kepillendirilen hukuklaryny, azatlyklaryny goramak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň baş maksady bolup durýar” diýip nygtamak bilen, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň kanun çykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Adam hukuklary we azatlyklary barada hereketleriň milli meýilnamalary kabul edilmegi, häzirki wagtda ýurdumyzda “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy”, şeýle hem “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020–2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy”, “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa” üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminamalar adam hukuklaryny we azatlyklaryny mundan beýläk hem üpjün etmäge, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda adam hukuklaryny goramak babatdaky işleri ilerletmäge, ýurdumyzyň halkara resminamalary esasynda öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmäge gönükdirilendir.
Adam hukuklary boýunça halkara ülňüler döwletleriň berjaý etmeli borçlaryny kesgitledi. Adam hukuklaryna hormat goýmak borjy adamyň döwlet tarapyndan kepillendirilýän hukuklaryny hem-de azatlyklaryny ykdysady we durmuş ösüşine bolan erkini we ukybyny döredýär we tutuş adamzadyň ösüşini üpjün edýär.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.
Latest News
03/12/2025
MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ HALKARA GÜNI
21/11/2025
WORLD TELEVISION DAY