21/07/2024
951
Žurnalistika aňsat kär däl, emma kynçylyklar kämilleşmek üçin mümkinçilikdir
Kalbyňa gelen oỷ-pikirleri kagyza geçirmek her kime miýesser etmeýär. Käbirleri içki joşgunyny goşgy bilen beýan etse, käbirleri kyssa görnüşinde ýazga geçirýär. Bulardan tapawutlylykda, biziň bu günki söhbetdeşimiz Rahmet Gylyjow bu işi çeper terjime bilen beýan edýär. Biz halypa žurnalist bilen öz saýlap alan hünäri hakda, galyberse-de, ýaş žurnalistleriň biläýmeli zatlary barada söhbetdeş bolmakçy.
— Rahmet aga, söhbetdeşligimizi hakyky žurnalistiň nähili bolmalydygy baradaky siziň pikiriňiz bilen başlaýaly?!
— Aslynda, meniň saýlap alan hünärim žurnalistika hünäri däl-de, arap dilidi. Emma ykbal meni žurnalist bolmaklyga taýýarlady. Men 1983-nji ýylda ýaňy 7 ýaşymy dolduran wagtym döredijilik bilen meşgullanyp başladym. Has takygy, çagalyk durmuşy bilen bagly ilkinji goşgymy şol wagtlar ýazdym. Goşgularym 2-nji synpda «Mydam taýýar» gazetinde, etrap, welaýat gazetlerinde çap edilýärdi. Şeýle hem düzme, beýannama ýazmak boýunça etrap, welaýat bäsleşiklerine gatnaşýardym. Ýagny saýlap alan hünärim arap dili hem bolsa, bir tarapym gös-göni žurnalistika bilen baglanyşyklydy. Bu hünäre başlanymda «Nädip kämilleşmeli?» «Kämilleşmegiň syry nämede?» diýip, kän pikir edýärdim. Kämilleşmegiň syryny men hem öz halypalarymdan şeýle eşidipdim: «Gowy okamak isleseň, köp okamaly, gowy ýazmak isleseň, köp ýazmaly». Asyl munuň bar syry şundan ybarat eken. Hakyky žurnalist her gün ýazasy gelmese-de, azyndan bir sahypa ýazmaly. Žurnalist hökman gürlemeli, pikir alyşmaly we öz pikirini beýan etmegi başarmaly. Kerim aş-Şaziliniň: «Akylly, düşünjeli, sowatly adam bir ugra degişli hemme zady, hemme ugra degişli bir zady gowy bilmeli» diýşi ýaly, žurnalistler ähli hünärden baş alyp çykmagy başarmaly.
— Siziň terjime eden meşhur eserleriňiziň biri bolan «Halallyk kyssalarynda» şeýle jümle bar: «Başlamak hemişe kyn». Eýsem, siz bu hünäre ilkinji başlangyjy nämeden başladyňyz?
— Hakykatdan hem, ähli işiň iň kyn ýeri — başlamak. Durmuşda başlamak üçin ähli zat taýýar, diňe biziň işe girişmegimiz zerur. Men başlangyjy öz höwesim bilen başladym. Sebäbi höwes bilen bir işe başlasaň, aňsat-aňsat kynçylyk duýulmaýar. Bilermenleriň hem aýdyşy ýaly: «Ýa halaýan işiňizi ediň ýa-da edýän işiňizi halaň». Men hem halaýan işime yhlasly we ynamly çemeleşip başlapdym. Elbetde, žurnalistika hünäri aňsat hünär däl. Bu hünär hiç hili goýbolsun etmekligi kabul etmeýär. Elmydama synanyşmaly, birinji gezekki işiňiziň okyjylarynyň, oňa oňat baha berenleriň sany az bolup biler, emma ynsan öz maksadyna ýetmeklik üçin elmydama maksada okgunly hereket etmeli, gaýta-gaýta synanyşmaly. Men hem başlangyjy şular dogrusynda başlapdym.
— Rahmet aga, ýaňy siz: «Žurnalistika aňsat hünär däl... ol goýbolsun etmekligi kabul etmeýär» diýip bellediňiz. Diýmek, žurnalistika özüne ýetesi hysyrdyly-hupbatly kär. Öz mysalyňyzda aýdanyňyzda, siz bu jogapkärli işde nähili kynçylyklary başdan geçirdiňiz?
— Hawa, durmuşyň kynçylyklary bolýar, emma bu adaty zat. Durmuş kynçylyklary bilen gyzykly. Aslynda, pikirlenip durmuşa akyl ýetirsek, kynçylyk diýen zat hem yok. Kynçylyklara mümkinçilik, biziň taplanmagymyza ýardam edýän şertler diýip düşünmeli. Bir işe başlanymda, kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsam we ol iş ugruna bolmasa, diýmek bu bolmaly zat, diýmek men özümi has kämilleşdirip, täzeden başlamaly diýip pikir edýärin. Hiç haçan ýaltanmaly däl, bu işi şu wagta çenli hiç kim başarmandyr diýen düşünjäni hem kellämizden aýyrmaly.
— Dogry aýdýarsyňyz, başlangyç — ähli zatda örän möhüm orna eýe. Biziň okaýan ýokary okuw mekdebimizde hem diplomat bolmak isleýän ýaşlaryň ilkinji ädimlerini ätmekleri üçin «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi geçirilýär. Sizem bu bäsleşik barada öz pikiriňizi aýdaýsaňyz?!
— Ýaş zehinleri ýüze çykarmakda diýseň gowy bäsleşik. Maňa hem bu bäsleşikde emin agza bolmak nesip edipdi. Şonda men bu bäsleşigiň nähili adalatlydygyna göz ýetirdim. Bu bäsleşik halkaraçy ýaşlary eýýäm mekdep döwründe öz saýlap alan jogapkärli hünärine taýýarlaýar diýseň hem boljak. Sebäbi ol ýaşlaryň iňlis dili, taryh ýaly halkaraçy hünär üçin zerur bolan bilimlerini kämilleşdirmeklerine ýardam edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda mümkinçilikler diýseň köp, çünki ýokary okuw mekdebiňizde dünýäni görüp gelen, Türkmenistany Ýer ýüzüne tanadan halypa diplomatlarymyz mekdep okuwçylary bilen taýýarlyk döwründe söhbetdeş bolýarlar. Bu okuwçylar üçin däl, siziň üçinem örän uly mekdep. Şol halypalar bilen bir gapydan bile girip çykmaklygyň özi uly bagt. Bu bäsleşigiň başlanyna kän wagt bolmadyk hem bolsa, onuň her möwsümine muşdaklary, hatda meniň özümem uly höwes bilen garaşýaryn. Onsoňam bu bäsleşik hem milli, hem döwrebap, hem-de geljege gönükdirilen. Biz hem jemgyýetçilik ýerlerinde söhbetdeş bolanymyzda ýaş nesilleri ýüze çykarmakda «Parahatçylygyň ýaş çaparlarynyň» örän uly ähmiýete eýedigini wagyz edýäris.
— Tejribeli halypa hökmünde ýaşlara nähili maslahat berýärsiňiz?
— Men muny bir rowaýat bilen düşündirsem has jüpüne düşer. Teýmirleň serkerde bolan wagty giren söweşleriniň ählisinden ýeňler eken. Ine, bir gün ýene söweşden ýeňlip gaçyp gelýärkä, häzirki Lebap welaýatynyň Burdalyk diýen obasyna barýar. Şol obada bir ýaşulynyň öýünde myhman bolýar, emma goja onuň Teýmirleňdigini bilmeýär. Olar nahara başlanlarynda Teýmirleň palawyň ortasyna elini uzadýar welin, ýaşuly: «Seniň palaw iýjek bolşuň edil Teýmirleňiň ýurt basyp aljak bolşuna meňzeýär» diýse, Teýmirleň goja: «Ol nähili edýärmiş?» diýip ýüzlenýär. Goja: «Ol ýurdy eýelemäge goşunyň ortasyna ýöriş edip başlaýar, ýer eýelejek bolsaň, ýuwaş-ýuwaşdan ilki gyralaryny eýeläp, yzygiderli ýöriş etmeli» diýýär. Gojanyň hem aýdyşy ýaly, bir zada başlanyňyzda başyndan başlamaly, ilki bir zada ünsüňi berip ýuwaş, ýöne ynamly ädimler bilen üstünlige tarap gitmeli. Jemgyýetde her kimiň öz orny we ýerine ýetirmeli borçlary bar. Siziň talyp hökmünde ýerine ýetirmeli borjuňyz — diňe okamak. Ýene bir zat: hiç wagt geçmişi alada edip ýaşamaň, goý, düýn düýnde galsyn!
— Rahmet aga, beren gyzykly gürrüňleriňiz, gymmatly maslahatlaryňyz üçin köp sag boluň!
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan:
Tumar JOLLYKOWA,
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
«Ýaş diplomatyň sesi»
2024-nji ýylyň 20-nji iýuly. Ýörite tejribelik sany.