21/06/2024
809
Zähmet gatnaşyklary: şert, hukuk we döwür
Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Halkara Zähmet Guramasy (HZG) bilen işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan HZG-niň binýatlaýyn konwensiýalarynyň ählisine goşulyp, olardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» kabul edilmegi, onda bu gurama bilen bilelikdäki işleri ýerine ýetirjek ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň anyk kesgitlenilmegi öňde goýlan wajyp wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, hususan-da, durmuş-zähmet gatnaşyklaryny halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ösdürmäge ýardam berer.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisi geçirildi we oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmek häzirki döwürde zähmet çygrynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gatnaşyklaryň hukuk binýadyny pugtalandyrmakda Halkara Zähmet Guramasynyň binýatlaýyn ýörelgelerinden ugur alynýar. Mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygyny üpjün etmek bu gün ýurdumyzda zähmet gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy ýörelgeleri bolup durýar.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halkara Zähmet Guramasyna agza boldy hem-de onuň 11 sany konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyz konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalara ygrarly bolup, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýar. Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksinde, Zähmet kodeksinde, «Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we beýleki kanunçylyk namalarynda HZG-niň konwensiýalaryndan gelip çykýan kadalar öz beýanyny tapdy. Bu resminamalar raýatlaryň zähmete bolan konstitusion hukuklaryny goramak, zähmet we önümçilik şertlerini gowulandyrmak babatynda gurama bilen bilelikde saldamly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Hyzmatdaşlygyň durmuş-zähmet gatnaşyklaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek çygrynda ösdürilmegi Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarýar hem-de ony ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny kemala getirýär. Hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi gurama tarapyndan ykrar edilýän «Hemmeler we her kim üçin mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy» atly ýörelgäni üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.
HZG-niň konwensiýalary binýatlyk, ileri tutulýan we tehniki görnüşlere bölünýär. 1944-nji ýylda ABŞ-nyň Filadelfiýa şäherinde geçirilen Halkara zähmet maslahatynda Halkara Zähmet Guramasynyň umumy maksatlaryny hem-de wezipelerini kesgitleýän Filadelfiýa jarnamasy kabul edildi. Bu Jarnama guramanyň Düzgünnamasynyň möhüm düzüm bölegine öwrüldi. 1998-nji ýylda HZG-niň ýene-de bir Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen, Düzgünnama bileleşme erkinligi we köpçülikleýin gepleşikleriň geçirilmegine bolan hukuk; zähmet gatnaşyklarynda kemsidilmeleriň gadagan edilmegi; mejbury zähmeti ýok etmek; çaganyň zähmetini ulanmagy gadagan etmek ýaly 4 sany esasy ýörelge girizildi. Bu ýörelgelerden HZG-niň 8 sany binýatlyk konwensiýasy gelip çykýar. Türkmenistanyň olaryň ählisine goşulandygyny bellemek gerek.
Zähmet gatnaşyklaryny mynasyp zähmet we durmuş adalatlylygy esasynda guramak wezipesi häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmän, täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu, ilkinji nobatda, sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklarda adam faktorynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy bilen düşündirilýär. Munuň özi adamyň erk-islegi we durmuş hajatlary näçe köp kanagatlandyrylsa, şonça-da ykdysady işiň netijeliliginiň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, işçi güýjüniň goşulan gymmaty döretmäge ukyply öndüriji güýç bolup durýandygyny nazara alsak, onda onuň öndürijilikli işlemegi üçin amatly zähmet şertleriniň gowulanmagyna, durmuş goraglylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýän mehanizmiň döredilmegi, şeýle-de höweslendiriş çäreleriniň dogry kesgitlenmegi depginli ykdysady ösüşi üpjün etmegiň baş şerti bolup durýar.
Durmuş dialogyny goldamak boýunça dünýä derejesinde alnyp barylýan işler durmuş-zähmet gatnaşyklaryny ösdürmekde Halkara Zähmet Guramasynyň ornunyň örän uludygyna şaýatlyk edýär. Durmuş-zähmet gatnaşyklary işgärleriň hem-de olaryň toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary we baglanyşygy häsiýetlendirýän gatnaşyklar bolup, zähmet durmuşynyň hilini düzgünleşdirmäge gönükdirilendir. Şunda işiň durmuş, ykdysady we psihologik çygyrlarynyň zähmetiň hilini şertlendirýändigini bellemek zerurdyr.
Zähmet çygrynda durmuş adalatlylygy ýörelgesiniň üpjün edilmegi, ilkinji nobatda, zähmet çekýän adamyň mertebesiniň goralmagyny aňladýar. Iş berijiler bilen işgärleriň arasynda gepleşikleriň we dialogyň geçirilmegi möhüm hasaplanýar. Ikitaraplaýyn ylalaşygyň gazanylmagy ählumumy abadançylyga getirýär. Şunda uly jogapkärçilik döwletiň paýyna düşýär. Döwlet başyny başlaýjy, kadalaşdyryjy, arbitr, işjeň ýa-da takatly ýerine ýetiriji hökmünde çykyş etmek bilen, durmuş dialogyny we toparlaýyn gepleşikleri üstünlikli alyp barmakda kesgitleýji orny eýeleýär. Döwletiň güýçli we ygtybarly tarap bolmagy esasy şertleriň biridir. Zähmet dünýäsiniň meselelerine iş bilen üpjünçilik we hünär taýdan taýýarlamak meselelerinden üzňe garap bolmaýar. Zähmet çekýän, iş gözleýän raýatlaryň meselelerini çözmäge ygtyýarlandyrylan zähmet we iş üpjünçilik ministrlikleriniň bolmagy Halkara Zähmet Guramasynyň alyp barýan işleriniň netijeliligine uly täsir edýär.
HZG tarapyndan diňe halkara kadalaryň işlenip taýýarlanylmagy ýeterlik däldir. Onuň netijeli bolmagy köp babatda döwlet derejesinde, şeýle-de sebit we halkara derejede alnyp barylýan degişli syýasata baglydyr. Wagt durmuş meseleleri öňe sürlende, oňa uly ähmiýet berlende amala aşyrylýan işleriň ýokary netije berýändigini görkezýär. Bu kanunalaýyklyk ýurdumyzyň mysalynda aýdyň görünýär.
Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň kemala gelmegine täsir edýän şertler köpdür. Durmuş syýasaty we onuň aýratynlyklary, ykdysadyýetiň ählumumylaşmagy, şeýle-de önümçiligiň ösen derejesi bu gatnaşyklaryň ösmegine düýpli täsirini ýetirýär. Ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak maksadyndan ugur alýan durmuş syýasaty durmuş-zähmet gatnaşyklaryny emele getirýän we düzgünleşdirýän mehanizm hem bolup durýar. Durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň esasy maksady zähmet bazarynda, zähmet haklary çygrynda ýagdaýy gowulandyrmakdan, işgärleri durmuş taýdan goramakdan we durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.
2019-njy ýylda ýurdumyzyň bu guramanyň Üçtaraplaýyn maslahatlaşmalar hakynda (halkara zähmet kadalary) Konwensiýasyna goşulmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu Konwensiýa halkara zähmet kadalaryny işläp taýýarlamak we ulanmak maksady bilen, üçtaraplaýyn durmuş hyzmatdaşlygynyň taraplarynyň gatnaşyklaryny kesgitleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurdumyzda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn toparyň işini amala aşyrmakda döwlet edarasyna wekilçilik edýän tarapyň utgaşdyryjysy hökmünde bellenildi. «Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny durmuş hyzmatdaşlygy barada zähmet kanunçylygynyň maddalarynyň halkara hukuk kadalaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, şeýle topary döretmegiň we onuň işiniň hukuk esaslaryny emele getirýär. Ahyrky netijede, ol ýurdumyzda durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine itergi berýär.
Halkara Zähmet Guramasy adamlary mynasyp iş orunlary bilen üpjün etmek arkaly mynasyp zähmetiň gazanylmagy, hemmeleriň deň şertlerde iş bilen üpjün edilmeginiň hem-de jemgyýetiň durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmegiň hasabyna durmuş adalatlylygynyň berkarar edilmegi ugrunda çykyş edýär. Bu başlangyç parahatçylygyň, jemgyýetde asudalygyň hem bagtyýar durmuşyň üpjün edilmeginiň möhüm şerti hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynda amala aşyrylýan syýasatyň ykdysady we maliýe çygyrlarynyň iş bilen üpjünçilik ulgamyna edýän täsirini öwrenmek HZG-niň esasy wezipesine girýär.
HZG-niň Iş üpjünçilik hakynda Konwensiýasy ileri tutulýan resminamalaryň biri bolup, ýurdumyzyň oňa goşulmak meselesi soňky ýyllarda yzygiderli öwrenilip gelindi we onuň düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2021-nji ýylyň 13-nji martynda geçiren maslahatynda bu konwensiýany tassyklamak hakynda çözgüt kabul edildi we häzirki döwürde ondan gelip çykýan düzgünleri milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär. Munuň özi durmuş-zähmet gatnaşyklarynyň döwrebap derejede kämilleşdirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler, öz gezeginde, ýurdumyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşynyň, rowaçlygynyň kepili bolmak bilen, ertirki günümiziň üstünliklere beslenjekdigine ynamy has-da berkidýär.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň
Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
Çeşme:
Türkmenistan 21.06.2024ý.// https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/153231