19/03/2025
625
Ýylyň şygary – bagtly geljek üçin görkezme
2025-nji ýylyň 19-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Ýylyň şygary – bagtly geljek üçin görkezme” atly okuw seminary geçirildi. Maslahat Dünýä diller kafedrasy tarapyndan gurnalyp, oňa “ Ýaş diplomatlaryň ” mekdebiniň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler diplomatiýanyň taryhy, kanuny esaslary, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda tutýan orny hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar halypa mugallymlar bilen sorag-jogap alyşmak arkaly bu ugurdaky bilimlerini has-da çuňlaşdyrdylar.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.