12/06/2024
838
ÝÜREKLERDE GAHRYMANA ALKYŞ BAR
Eziz ýurdumyz Türkmenistany “Bagtyýar ýaşlaryň mekany” diýip atlandyrylsa hakykatdan daş düşdigimiz bolmaz. Çünki döwletimizde ýaşlar üçin alnyp barylýan işler bimöçberdir. Olar üçin döredilýän giň mümkinçilikler sanardan kän. Onsoň neneň şeýle bagtyýar ýurtda ýaşaýandygyňa bolan buýsanç sözlerini beýan etmejek?! “Ýaşalan günlere däl, ýatda galan pursada ömür diýilýär” diýen jüpüne düşen sözlerde aýdylşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda ylgan edilen ylmy işler boýunça bäsleşikde meniň hem ýeňiji bolmagym, durmuşymyň ýatlama sahypasyna baky möhürlendi. Talyp ýüregimiň ýürek sözlerini goşgy bilen beýan edesim gelýär:
Ýaşlar Siziň bilen badyn beýgeldýär,
Ajap ykbal bizi menziler ýetir.
Taýsyz mertlik, ynam, yhlasyňyzda
Watanyň nurana geljegi ýatyr.
***
Gahryman Arkadag, Gahryman Serdar,
Galkyndyrdy talyp ýaşlaryň göwnün.
Beýik yhlaslardan, belent ruhlanyp,
“Ýaş alymy” boldum bagtyýar döwrüň.
***
Gahrymanlar gaýratlydan döreýär,
Edermenlik, mertlik baky ýaryňyz.
“Ýaş alymlar” size ömür dileýär,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz!
Zähmet çekilen ýerde gadyr bilinýär. “Ýaş alym” adyna mynasyp bolmagym, meni geljekdäki ylmy gözleglere ruhlandyrdy. Bu bäsleşige “Howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň halkara hukuk esaslary” atly ylmy işim bilen gatnaşdym. Ylmy işimde bu ugurdan ýurdumyzyň durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk işleri barada ylmy maglumatlary giňişleýin beýan etmäge çalyşdym.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigatdan rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlyk giň gerimde ösdürilýär. Bu ugurda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny, Pariž ylalaşygyny we kabul edilýän beýleki halkara resminamalary iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler geçirilýär. Şu nukdaýnazardan halkara hukugyndan gelip çykyp, adam saglygyna zyýan ýetirýän hapa howadan täze önüm öndürmek, ony jemgyýete peýdaly etmek boýunça dünýä tejribesini öwrenmäge synanyşdym. Elbetde, şu ylmy işimizi geljekde ýurdumyzyň bu ugurdan durmuşa geçirjek işleriniň has-da öndürijilikli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirýärin.
Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, hünär endiklerimizi kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli durmuşa geçirýän işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Umyt ANNAGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
12/06/2024
Yhlasa myrat…12/06/2024
YLYMLY ÝAŞLAR – KÄMILLIGIŇ ÝOLUNDA