571
Ýurduň milli bähbitlerini üpjün etmek — türkmen diplomatlarynyň möhüm wezipesi
Amangeldi RAHMANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, professor, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi.
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň: «Akyl kesmez, dür ýasalmaz ussatsyz» diýip belleýşi ýaly, haýsydyr bir kär ýa hünär hakynda gürrüň gozgalanda, ilkinji nobatda, şol ugruň sütün halypalary oýuňa gelýär. Häzirki zaman türkmen diplomatiýasy diýlende-de, köpleriň göz öňünde diplomatik gullugyň weterany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Hormatly il ýaşulusy Amangeldi Rahmanowyň keşbiniň janlanýandygy şübhesizdir. Şu günki hünär baýramçylygy Garaşsyzlyk ýyllarynyň bütin dowamynda halkara giňişlikde ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, halypalyga gol beren bu ussat şahsyýet üçinem diplomatiýada geçen köpýyllyk ýoluna ser salmaga, geljekki maksat-meýillerini anyklaşdyrmaga mümkinçilik bolsa gerek, megerem.
Amangeldi Rahmanow aňly-başly durmuşynyň ýarym asyrdan gowrak wagtyny halkara işe, halkara gatnaşyklara, daşary syýasata we diplomatiýa bagyşlady. Şol döwrüň 16 ýylynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýolbaşçy wezipelerde işlese, 14 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda Bitarap Türkmenistana wekilçilik etdi. Häzir bolsa ol şu ýyl özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny bellejek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki diplomatlar bilen tejribesini hem bilimlerini paýlaşýar. Halypa diplomat bu gün iň ýokary diplomatik wezipä we derejä eýe bolan ilçilerdir ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, döwlet işgärleri bolup ýetişen şägirtlerine, olaryň daşary syýasat strategiýamyzyň durmuşa geçirilmegine goşýan saldamly goşantlaryna guwanýandygyny buýsanç bilen tekrarlaýar.
Biz hem gazetimiziň şu sanynda döwrüň türkmen diplomatlarynyň öňünde goýýan wajyp wezipeleri baradaky pikir-garaýyşlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmagyny sorap, diplomatik gullugyň aksakgaly Amangeldi Rahmanowa ýüz tutduk.
«Türkmenistan»
Şu gün ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri özleriniň hünär baýramçylygyny — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi uly guwanç we daşary syýasy işde gazanan uly üstünlikleri bilen dabaraly belleýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu sene mynasybetli türkmen diplomatlaryna Gutlag ýollady. Diplomatik işgärleriň gününe şeýle uly ähmiýet berilmegini, milli senenamada türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň peýda bolmagyny birnäçe nukdaýnazardan düşündirse bolar. Meniň pikirimçe, munuň özi, birinjiden, diplomatik işe, diplomatik gulluga döwletimiz tarapyndan berilýän uly ünsden habar berýär. Ikinjiden, türkmen diplomatlaryna olaryň döwlet Baştutanymyzyň, jemgyýetimiziň we onuň her bir raýatynyň öňündäki ägirt uly jogapkärçiligini ýene-de bir gezek ýatladýar. Üçünjiden, biziň döwletliligimiziň we onuň hemişelik daýanjy bolup durýan daşary syýasy, diplomatik gullugymyzyň netijeliliginiň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň bähbitlerine hyzmat edýär. Dördünjiden, Watanymyz üçin watançylyk we buýsanç duýgularynyň artmagyna, türkmen diplomatiýasynyň abraýynyň ýokary göterilmegine ýardam edýär. Bäşinjiden, Watanymyza ak ýürekden gulluk eden we öz gullugyny dowam etdirýän, özüniň şol hyzmatyna ähli güýjüni, tejribesini hem bilimlerini bagyşlaýan, ýurdumyzyň milli bähbitlerini çuňňur ynamlylyk bilen mynasyp goran we olary üpjün etmegini dowam etdirýän halypa diplomatlara goýulýan sarpa bolup durýar. 18-nji fewral diňe bir türkmen döwletiniň garaşsyz ösüşiniň taryhyndaky möhüm ähmiýetli waka bolman, eýsem, ol şu döwürde geçilen ýoly seljermek, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmegiň häzirki tapgyryna baha bermek we onuň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, ýaş türkmen diplomatlaryny taýýarlamakdaky ylmy-nazary, guramaçylyk işleriniň tejribesini seljermek üçin hem täsirli serişde bolup durýar.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy barada gürrüň etmek bilen, ýurdumyzda öz wagtynda daşary syýasatyň, diplomatiýanyň ynamly we täsirli ulgamynyň emele gelendigini hem-de işleýändigini, ylmy taýdan çuňňur esaslandyrylan, onuň esasynda milli, sebitleýin we giň halkara bähbitler duran daşary syýasy strategiýanyň hereket edýändigini aýratyn belläp geçeliň. Hut şol strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyzyň daşary syýasaty we diplomatiýasy gysga wagtyň içinde hil taýdan täze derejä çykdy, barha işjeň häsiýete eýe boldy hem-de adamzadyň öňünde duran wajyp ählumumy meseleleri çözmäge ukyplydygyny görkezdi.
Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny durmuşa geçirip, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerika yklymynyň ýurtlary, Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, başga-da ençeme abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu günki gün Türkmenistan parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, ekologik, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça we beýleki birnäçe daşary syýasy başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär hem-de olar dünýä bileleşiginde giň goldawa mynasyp bolýar.
Dialogyň parahatçylygy üpjün etmegiň, urşuň we gapma-garşylygyň öňüni almagyň iň gowy usuly bolup durýandygy bellidir. Şoňa görä-de, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda dialogyň filosofiýasyny öňe sürmek bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny teklip etdi, şeýle hem 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şunda Türkmenistanyň howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakynda konsepsiýasynyň binýatlyk häsiýete eýe bolup durýandygyny, onuň ýörelgeleriniň ýurdumyzyň ykdysady, energetika, ekologiýa, suw, ulag diplomatiýasy we başga ugurlar boýunça daşary syýasy başlangyçlarynyň esasyny düzýändigini hem aýratyn nygtamaly.
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni 2008-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen döredilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem baýramçylygydyr. Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň mugallymlarynyň öňünde-de ýurdumyzyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde diplomatik gullugymyzyň öňünde durýan geljekki türkmen diplomatlaryny taýýarlamak, olaryň hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly örän möhüm, özboluşly borçlar we wezipeler durýar. Sözüň giň manysynda şol wezipeler, birinjiden, Türkmenistanyň diplomatik gullugy üçin işgärleriň ýörite taýýarlygynyň we täzeden taýýarlygynyň ýeke-täk ulgamyny döretmekden; ikinjiden, daşary syýasat we halkara gatnaşyklar çäginde hereket edýän döwlet gurluşlaryny ýokary hünärli bilermenler bilen üpjün etmekden; üçünjiden, halkara gatnaşyklaryň we häzirki zaman dünýäsiniň ösüşiniň düýpli meseleleri boýunça ylmy-barlag işlerini amala aşyrmakdan ybaratdyr.
Bu günki gün TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty ýokary okuw mekdebi hökmünde okuw we halkara ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýar, halkara işlere, şeýle-de hünärler boýunça talyplaryň dil taýýarlygyna aýratyn üns berýär. Bu bolsa geljekki türkmen diplomatlaryny hünär işine olaryň ähli köpdürlüliginde amaly taýdan taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu bilim ojagy indi birnäçe ýylyň dowamynda daşary syýasat we halkara gatnaşyklar boýunça hereket edýän döwlet gurluşlaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edip gelýär. Häzirki wagtda institutyň ýüzlerçe uçurymy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat wekilhanalarynda, onuň merkezi diwanynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzda zähmet çekýär. Has netijeli ýokary okuw mekdebiniň özüniň belli professor-mugallymlar düzümi, ýokary okuw we ylmy gazananlary bilen tapawutlanýandygy düşnüklidir. Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary hem 15 ýyla golaý döwrüň dowamynda türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebini milli öwüşginli belli ýokary okuw mekdepleriniň birine öwürmegi maksat edinip, ýadawsyz zähmet çekýärler.
Diplomatik gullugyň ägirt uly akyl zähmetini talap edýän örän jogapkärli, inçe we çylşyrymly iş bolup durýandygyny, şunda diplomatik işgärleriň seçilip alynmagyna, olary taýýarlamaga we täzeden taýýarlamaga aýratyn talaplaryň bildirilýändigini hem aýtmak gerek. Elbetde, bu ýerde gürrüň, ozaly bilen, diplomatiýanyň ylalaşyp bilmegiň sungaty bolup durýandygy, şunlukda, diplomatyň öz kärdeşlerini ynandyryp, olar bilen ylalaşyp, bilelikde kabul ederlikli çözgütleri tapyp bilmek ukyby, şeýle hem onuň dünýäniň we diplomatiýanyň taryhyny, ene dilini, ençeme daşary ýurt dillerini, ýurdunyň milli bähbitlerini, habar tehnologiýalaryny gowy bilmegi barada barýar. 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy we ol parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly daşarky şertleri döretmegi; halkara syýasy giňişlikde Türkmenistanyň ornuny güýçlendirmegi we halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletimiziň milli bähbitlerini yzygiderli goramagy maksat edindi. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy tarapyndan durmuşa geçirilýän bu Konsepsiýa parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek; Türkmenistanyň Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek; daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak; durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam etmek; halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmäge, olara ýokary ahlak we adalatlylyk standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek ýaly esasy wezipeleriň amal edilmegine gönükdirildi.
Täze taryhy döwürde-de türkmen diplomatlary «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyna eýe bolan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşantlaryny goşýarlar, Watanymyzyň maddy, ruhy we intellektual kuwwatyny baýlaşdyrýarlar. Pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi, diplomatik gullugyň ähli işgärlerini türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesi hemişe belentde bolsun!
Makala 18.02.2023 senesinde "Türkmenistan" gazetinde çap edildi:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/94878