Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýurdumyzda deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar
    Ýurdumyzda deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar
    Ýurdumyzda deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar
    10/02/2024

    1047

    Ýurdumyzda deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligi ýokarlanýar

    Ýurdumyzda başy başlanan beýik özgertmeleriň oňyn netijeleri hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyny we öňdengörüjiligini tutuş dünýä açyp görkezdi. Türkmenistany senagat taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny daşarky bazarlara çykarmak, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň kosmosy özleşdirýän döwletleriň hataryna goşulmagy, obadyr şäherleriň keşbiniň tanalmaz derejede özgermegi, paýtagtymyzyň dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülmegi, geljegiň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy ýaly ägirt uly işleriň hemmesiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli aladalary bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.
    Ýurdumyzda deňiz-derýa pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we gämileriň gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen milli kanunçylygymyzy halkara standartlara laýyk getirmek halkara ylalaşyklara goşulmak arkaly kanunlarymyz yzygiderli kämilleşdirilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotuny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, dünýä standartlaryna laýyklykda, deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek, daşary ýurtlar bilen söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara Deňiz Guramasynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy netijesinde uly işler alnyp barylýar.
    Türkmenistan tarapyndan deňiz-derýa pudagynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Halkara Deňiz Guramasynyň halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasyna goşulmak baradaky teklip berildi. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Hökümetiniň 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçiren mejlisinde Halkara Deňiz Guramasynyň (HDG) 1965-nji ýylda kabul edilen halkara gämi gatnawlaryny ýeňilleşdirmek baradaky Konwensiýasyna (FAL Konwensiýa) Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meselä seredildi we oňyn baha berildi. Mälim bolşy ýaly, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämileri we ýükleri resmileşdirmek işlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de olary kadalaşdyrmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan 1993-nji ýylyň 26-njy awgustynda HDG-nyň agzalygyna kabul edilip, häzirki wagtda bu guramanyň birnäçe resminamalaryna goşuldy.
    HDG – bu Birleşen Milletler Guramasynyň deňiz gatnawlaryny kadalaşdyrmak we düzgünleşdirmek boýunça ýöriteleşen halkara guramasy bolup, gämi gatnawynyň howpsuzlygyny berjaý etmek, daşky gurşawy goramak we deňiz ulagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de gämi gatnawyny bütinleýin ulgam hökmünde kadalaşdyrmak we goldamak bilen meşgullanýan halkara guramadyr. Häzirki wagtda dünýäniň 129 sany döwleti FAL Konwensiýasynyň agzasydyr. FAL Konwensiýasy deňiz ulagy arkaly ýükleri we harytlary daşalmagyny hem-de global üpjünçilik zynjyrlarynyň hereketine päsgelçilik döredýän käbir resmi çäreleriň täsirlerini azaltmak we olaryň çaltlaşdyrylmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe talaplary öz içine alýar. FAL Konwensiýasynyň düzgünleriniň talaplary ony kabul eden ýurtlara gämileriň portlara girmegi we çykmagy bilen bagly zerur bolan maglumatlaryň elektron görnüşde alynmagyny üpjün etmek maksady bilen “bir penjire” ulgamynyň döredilmegini, girizilmegini we ulanylmagyny talap edýär. Konwensiýanyň “bir penjire” ulgamyny girizmek talaby 2024-nji ýyldan dünýäniň ähli portlarynda hökmany talap bolup durýar. Konwensiýa ýük daşaýjylar tarapyndan öňünden berilýän resminamalaryň sanyny çäklendirýär we döwlet gözegçilik edaralarynyň gämilerden talap edýän resminamalaryň sanyny belleýär, ýagny umumy deklerasiýa, ýüküň deklerasiýasy, gäminiň ätiýaçlyk zatlarynyň deklerasiýasy, ekipažyň şahsy goşlarynyň deklerasiýasy, gämi roly, ýolagçylaryň sany we howply ýükleriň manifesti we ş.m.
    FAL Konwensiýasynyň Türkmenistan tarapyndan tassyklanmagy bilen, gämileriň portlara girmegi we çykmagy bilen bagly kagyz resminamalarynyň ýerine elektron görnüşde maglumatlary bir gezeklik ibermek üçin “bir penjire” ulgamyny guramakda, gäminiň porta girmegi hem-de çykmagy bilen halkara adalgalary ulanyp elektron habarlary standartlaşdyrmak üçin zerur bolan maglumatlaryň kesgitlemelerini we formatlaryny sazlamak (mysal üçin: gäminiň ady, IMO belgisi, kapitanyň ady, gidýän porty, konteýner belgisi we ş.m.), döwlet serhedindäki deňiz barlag nokatlarynda adamlara, ulaglara, ýüklere, harytlara döwlet gözegçiligi usullary kämilleşdiriler.
    Bulardan başga-da, FAL Konwensiýasynyň ýurdumyz tarapyndan ratifikasiýa edilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda” Kararynyň ýerine ýetirilmegi maksady bilen alnyp barylýan işleriň çäginde deňiz menzillerinde gözegçilik ýerlerinde sanly ulgama geçmegi we halkara talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge goşandyny goşar. Bu konwensiýa girmek baradaky işler, ilkinji nobatda, gämi bunker hyzmatlary üçin halkara talaplaryny ýerine ýetirmek üçin geçirildi. Konwensiýa Türkmenistan üçin 2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde güýje girer diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we Aragatnaşyk Gullugynyň metbugat gullugy (“Türkmendenizderyayollary”) habar berýär.
    Bunker konwensiýasy HDG tarapyndan 2001-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edildi we 2008-nji ýylyň 21-nji noýabrynda güýje girdi. Onuň esasy maksady, jogapkärçilik meselelerini kesgitlemek we bunker ýangyjynyň hapalanmagy üçin onuň öwezini dolmakda bitewi halkara standartyny kabul etmekden ybaratdyr. Konwensiýa ýangyç dökülmegi netijesinde ýaralananlara ýeterlik, çalt we netijeli öwezini dolmagy üpjün edýär. Häzirki wagtda bu gurama dünýäniň 100-den gowrak döwletleri agza bolup durýar.
    Ýeri gelende, ýurdumyzda 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Bunker ýangyjyndan hapalanmakdan zeper ýetmeginiň raýat jogapkärçiligi hakynda halkara Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyň kabul edilendigini bellemek gerek.

    Dürli BALLYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI