30/11/-0001
487
ÝUNESKO-nyň hemaýatynda ýaşlaryň meselesi boýunça Bütindünýä kongresi
Watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen Türkmenistanyň ösüşiniň strategik wezipeleriniň biridir. Ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly orny eýeleýändigini, dünýä derejesindäki öňdebaryjy ornuny göz öňünde tutanyňda, ýaşlar syýasaty milli döwlet bähbitleriniň ileri tutulýan ugry bolup durýar.
Häzirki wagtda halkara derejesinde hem ýaşlar baradaky alada möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Globallaşýan dünýämiziň geljegi bolan giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar baradaky syýasat dünýä döwletleriniň ählisinde ileri tutulýan ugurlygyna galýar. Bu syýasaty ösdürmekde halkara jemgyýetçiligi öz tagallalaryny birleşdirip, ählumumy derwaýys meselelerden üstünlik bilen baş alyp çykmaga ymtylýarlar. Her bir meselede ýaşlaryň gatnaşmagyny gazanmak, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmakda mümkinçilikleri döretmek bütindünýä ähmiýetli halkara guramalaryň aýratyn hem Birleşen Milletler guramasynyň gün tertibinde esasy orny eýeleýär. Bu babatda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ýaşlar baradaky alyp barýan işleri belläp bolar. Muňa ÝUNESKO-nyň ilkinji gezek ýaşlaryň jemgyýetiň durmuşyndaky ornuny has-da berkitmek maksady bilen ýaşlar boýunça Bütindünýä kongresini geçirmek başlangyjy mysal bolup biler.
Ýaşlaryň meselesi boýunça Bütindünýä kongresi Halkara ýaşlar ýylynyň başlanmagyny alamatlandyran möhüm wakalaryň biri. 1985-nji ýylyň 8-15-nji iýuly aralygynda Barselonada (Ispaniýa) geçirilen we Ispaniýanyň hökümeti bilen bilelikde ÝUNESKO tarapyndan hemaýatkärlik edilýän Bütindünýä ýaşlar kongresi taryhy waka öwrüldi. Bu ähmiýetli maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden 600 sany ýaşlar we synçylar gatnaşdy. ÝUNESKO1964-nji ýylda Grenobleinde geçirilen ýaşlar baradaky ilkinji konferensiýadan bäri ýaşlaryň jemgyýetdäki ýagdaýyna we ornuna syn etdi we geljekdäki ugurlary kesgitlemäge synanyşdy. Gurultaýyň esasy işi üç tapgyrda geçirilip, olarda ýaşlaryň durmuşy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň ösüşe, gözleglere, önümçilige we döredijilige goşan goşandy we işe bolan garaýyşlary barada öz pikirlerini öňe sürdiler. Şol günden bäri hem bütindünýa Ýaşlar kongresi yzygiderlikde dürli ýurtlarda geçirilip gelinýär.
Aýbölek KAKABAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň V ýyl talyby.