13/04/2022
922
ÝOKARY DEREJEDE GEÇEN DUŞUŞYK
Asyrlarboýy goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklarynyň taryhynda umumylyklar köpdür. Bu ýagdaý halklaryň arasyndaky däbe öwrülen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mäkäm binýadyna esaslanýan oňyn gatnaşyklar häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça baý tejribe toplandyr.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň özara dostlukly gatnaşyklarynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk aýratyn orna eýedir. Bilim ulgamy barada gürrüň açylanda, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamany bellemek guwançlydyr.
Iki döwletiň arasyndaky bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Akmaljon Kuçkarow bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtap, geljekde hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmek babatynda pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory institutyň döredilmeginiň taryhy, gurluşy, kafedralaryň alyp barýan işleri, halkara hyzmatdaşlygy we ýokary hereket edýän okuw we ylmy merkezleri barada gürrüň berdi. Şeýle hem rektor Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň bilelikdäki alnyp barylýan taslamalary aýratyn nygtap geçdi. Duşuşygyň dowamynda jenap Ilçi Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin birnäçe teklipleri öňe sürdi.
Duşuşykdan soňra Jenap Ilçi üçin institutyň içinde ýörite gezelenç gurnaldy. Jenap Ilçi gezelenjiň dowamynda institutyň Türkmen diplomatiýasynyň muzeýi, nemes dili kitaphanasy, türk dili kitaphanasy hem-de ýakynda açylan Hindistan burçy bilen tanyşdy. Mundan başga-da, Jenap Ilçi institutyň Ak öýünde ýazgy edilýän «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly telebäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 7-nji oýnuna tomaşa etdi. Myhman oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, iki ýurduň arasyndaky alnyp barylýan gatnaşyklar barada gürrüň berdi. Jenap Ilçi Türkmenistanda ýaşlaryň zehinlerine ýokary derejede üns berilýändigini belläp, okuwçylara özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagy maslahat berip, olara geljekde hem uly üstünlikleri arzuw etdi.
Merdan Berdinyýazow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň
mugallymy.