776
Ýokary bilimi kämilleşdirmäge bagyşlanan Bütindünýä maslahaty
2022-nji ýylyň 18-nji maýynda ÝUNESKO-nyň guramagynda gibrid görnüşinde geçirilýän Bütindünýä ýokary bilim boýunça maslahat (WHEC2022) Ispaniýanyň Barselona şäherinde öz işine başlady. Maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş guramasynyň, Dünýä Bankynyň we beýleki birnäçe halkara guramalaryň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýokary derejeli wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gapbar Hallyýew hem sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Bu halkara maslahat dünýäniň we adamzadyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ýokary bilimi ösdürmek boýunça pikirleri we tejribeleri, ýokary bilimiň täze döwrüniň ýol kartasyny taýýarlamagy, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryny global derejede amala aşyrmaga gönükdirilen täze bilimleri hem-de innowasiýa baradaky döredijilik pikirleri hödürlemegi maksat edinýär.
ÝUNESKO-nyň 3-nji Bütindünýä ýokary bilimi ösdürmek boýunça maslahaty öz işini 2022-nji ýylyň 18-20-nji maý aralygynda dowam eder.
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.