14/05/2024
571
Ynsanperwerligiň belent nusgasy
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Şahyryň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülen goşgulary çeperçiligi, many taýdan çuňlugy, milli mazmuna baýlygy, ynsanperwer ideýalary gozgaýandygy bilen tapawutlanýar. Şahyr döwlet gurmakda ynsanperwer syýasaty öňe sürmek bilen, durmuşdaky kanuny orunlary barada oňyn pikirleri öňe sürüpdir. Ol sahawatlylyk, ynsanperwerlik düşünjeleriniň her bir adamda bolmagyny isleýär:
Jümle mahlukga açyk tutgul ýüzüň,
Ger tiliňden diýgin, gelse hoş sözüň.
Şahyryň döredijiliginde onuň ýaşan döwrüne degişli ähli ugurlarda bolup geçýän ýagdaýlara çeper sözüň üsti bilen parasatly baha berilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygynyň biri-de çuňňur mana ýugrulan çeper goşgularynyň adamzada mahsus bolan gylyk-häsiýetleri özünde jemleýändigindedir. Hut şol sebäpli hem, şahyryň şygyrlary dünýä halklarynda aýdyma öwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň artmagyna uly itergi berýän artykmaçlykdyr.
Şahyryň many-mazmuna baý, watansöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan şygyrlary adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar, oňa ruhy lezzet berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen topragynyň hakyky watançysy, joşgunly waspçysy Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jemgyýetimiziň ruhy kämilligine, ahlak sagdynlygyna hyzmat edýär, halkymyzyň watansöýüjiligini, erkinligini, bitewüligini, agzybirligini, ýokary adamkärçilik sypatlaryny wasp edýän belent aýdym bolup ýaňlanýar.
Dürli BALLYÝEWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.
Çeşme: "Biznes reklama" gazeti - 13.05.2024 ý.