Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ylym-bilim ulgamy: öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär
    Ylym-bilim ulgamy: öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär surady
    07/03/2024

    1354

    Ylym-bilim ulgamy: öňdebaryjy tejribeler özleşdirilýär

    Katar Döwletiniň bilim ulgamynda toplan oňyn tejribesini öwrenmek we bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet golaýda Doha we Lusail şäherlerinde iş saparynda boldy.
    Katarda ylym-bilim ulgamy döwlet syýasatynyň strategik ugry hasaplanýar. Muňa Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasy (Qatar Foundation) tarapyndan maliýeleşdirilýän «Bilim şäherçesinde» ýerleşýän halkara uniwersitetleriň işi bilen tanşanyňda, has anyk göz ýetirmek bolýar. Nebitdir gazdan gelýän girdejiniň bir bölegini ylym-bilime maksadalaýyk gönükdirmek bilen, Kataryň Hökümeti bu babatda dünýä nusgalyk işleriň ençemesini amala aşyrypdyr.
    Bu döwletde bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ýurduň ozalky emiri Hamad bin Halifa Al Taniniň ýanýoldaşy Şeýh Mozanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ýolbaşçysy, maşgala meseleleri boýunça Ýokary geňeşiň prezidenti, bilim boýunça Ýokary geňeşiň wise-prezidenti, ÝUNESKO-nyň ýörite wekili bolup, Katary «Kremniý ýurduna» öwürmek başlangyjynyň hem öňbaşçysydyr. Şu maksat bilen, 2008-nji ýylda Kataryň Ylym we tehnologiýalar parky açylýar. Oňa «Microsoft», «Shell», «General Electric» ýaly meşhur kompaniýalar 225 million amerikan dollary möçberinde maýa goýupdyr. Mundan başga-da, hanym Moza «Bilim şäherçesini» esaslandyryp, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy halkara uniwersitetleriniň şahamçalarynyň açylmagy ugrunda tagalla etdi.
    Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ştab-kwartirasy «Bilim şäherçesinde» ýerleşýär. Ýeri gelende bellesek, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylda bu ýurda amala aşyran saparynyň barşynda agzalan gazna bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, Katarda halkara uniwersitetleriň şahamçalaryny açmak babatda toplanan tejribäniň uly gyzyklanma döredýändigini belläpdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem 2023-nji ýylyň martyndaky döwlet saparynyň çäginde Katar gaznasyna baryp, onuň işi bilen ýakyndan tanyşdy. Şunda bu düzümiň öz maliýeleşdirýän ylmy barlaglarynda saglygy goraýyş, energetika, maliýe-bank ulgamlary, jemgyýetçilik ylmy ýaly möhüm ugurlara üns berýändigini nygtamak gerek. Ol dünýäniň dürli ýurtlarynyň uniwersitetleri, Amerika we Ýewropa yklymlarynyň ylym-bilim merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Geçen 30 ýyla golaý döwrüň dowamynda Katar gaznasy adam kapitalyna maýa goýumlary goýmak, bilimiň innowasion nusgasyny kemala getirmek bilen baglanyşykly iri taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirdi. Şulardan ugur alsaň, ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygy ileri tutýan Kataryň gazanan oňyn tejribesini öwrenmek üçin Türkmenistanyň bilim wekiliýetiniň dört günüň dowamynda bu döwletde iş saparynda bolmagy tebigy ýagdaýdyr.
    Saparyň barşynda biz Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministrliginde, Milli kitaphanasynda, Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetinde, Lusail, Katar uniwersitetlerinde geçirilen duşuşyklara gatnaşdyk. Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän «Bilim şäherçesinde» ýerleşýän halkara uniwersitetleriň işi bilen ýakyndan tanyşdyk. Geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanda hem «Bilim şäherçesinde» ýerleşýän uniwersitetleriň şahamçalaryny açmagyň, olarda türkmen ýaşlaryny okatmak üçin talyp ýerlerini bölüp bermegiň, türkmen talyplaryny Kataryň uniwersitetlerine gysga möhletli okuwlara ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al Horr bilen geçirilen duşuşykda 2017-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen bu bilim ojagynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda katarly hyzmatdaşymyz türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebiniň işi, halkara gatnaşyklar boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň milli tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şunda degişli Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, institut tarapyndan hereketleriň «Ýol kartasynyň» taslamasynyň taýýarlanandygy, ýakyn wagtda onuň diplomatik ýollar arkaly katar tarapyna iberiljekdigi aýdyldy. Onda TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlaryndan ybarat wekiliýeti Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutyna tanyşlyk saparyna ibermek göz öňünde tutulýar.
    Duşuşygyň barşynda Diplomatiýa institutyna türkmen-katar gatnaşyklaryna degişli, şeýle hem Gündogar diplomatiýasy, Kataryň taryhy, arap dünýäsiniň halkara gatnaşyklary baradaky kitaplaryň, ylmy monografiýalaryň türkmen tarapyna berilmegi arkaly özara kitaphana hyzmatdaşlygyny ýola goýmak teklip edildi. Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna arap dilini öwretmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen okuw otagynyň döredilmegine katar tarapynyň ýardam bermegi barada hem pikir alşyldy. Katar tarapy teklipleri oňyn garşylap, olar boýunça degişli işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy. Şeýle-de katarly hyzmatdaşymyz türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň düzüminde täze açylan Diplomatik protokol boýunça ýöriteleşdirilen okuw merkezinde Katar Döwletiniň diplomatik protokoly we etiketi boýunça okuw sapaklaryny geçmäge taýýardygyny mälim etdi.
    Türkmen wekiliýetiniň agzalary Doha şäherinde ýerleşýän Kataryň Milli muzeýi, Yslam sungaty muzeýi, Milli kitaphanasy bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Şeýle-de biz «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» şygary astynda geçirilýän «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisinde guralan Türkmenistanyň, Kataryň, Saud Arabystany Patyşalygynyň milli pawilýonlaryna aýlanyp gördük.
    Iş saparynyň dowamynda Katarda barlyp görlen uniwersitetler bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleriniň bardygy öwrenildi. Dostlukly ýurtdaky ilkinji hususy milli bilim ojagy bolan Lusail uniwersitetiniň tejribesi deslapdan öwrenilende, onuň täjirçilik we işewürlik, bilim we sungat, hukuk, maglumat tehnologiýalary boýunça kollejleri bilen ýurdumyzyň bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlaýan ugurdaş bilim ojaklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň uly geljeginiň bardygy ýüze çykaryldy. Öz gezeginde, Lusail uniwersitetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga isleg bildirýän ugurlary boýunça işleşmäge taýýardygyny mälim etdi. Bulardan başga-da, gymmatly kagyzlaryň biržasynyň, dünýä ykdysady bazarynyň ösüş meýillerini, yslam maliýesi we yslam maliýe hukugyny talyplara öwretmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlaryny Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetine gysga möhletli tanyşlyk saparyna ugratmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi. Şeýle-de biz Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gazna tarapyndan ýurduň çäginde açylan 8 sany halkara ýokary okuw mekdebiniň arasynda 2005-nji ýyldan bäri Katarda hereket edýän Jorjtaun uniwersitetiniň Diplomatik gullugynyň mekdebi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ýagdaýlary barada hem gyzyklandyk.
    Umuman, Türkmenistanyň bilim wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran gulluk iş sapary hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini mynasyp durmuşa geçirmekde halkara tejribäni öwrenmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle saparlara dahylly bolup, dostlukly ýurtlaryň ylym-bilim babatda gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

    Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.

    Çeşme: "Türkmenistan" gazeti. - 7.03.2024 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI