964
YLMY MASLAHATYŇ NETIJESI
2022-nji ýylyň 10-njy martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Ýaşlaryň ylmy-gözleg işleri” atly ylmy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň çykyşlary diňlenildi. Ylmy maslahat tutuşlygyna iňlis dilinde alnyp baryldy.
Iňlis dili häzirki wagtda giňden ulanylýan dilleriň biri hasaplanylýar. Dünýä döwletleriniň aglabasynda bu dil döwlet dili ýa-da ikinji dil hökmünde ulanylýar. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlaryň daşary ýurt dillerini bilmek başarnyklaryny ösdürmek üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Talyplar dil başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň içinde we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere, ylmy-amaly maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar.
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Ýaşlaryň ylmy-gözleg işleri” atly ylmy maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Maslahatda Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Laçyn Hojaýewa, Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýna Babaýewa, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Resul Gylyjow, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Batyrmuhammet Orazow dagylar çykyş etdiler. Maslahata işjeň gatnaşandyklary üçin Aýna Babaýewa we Batyrmuhammet Orazow degişli şahadatnamalara mynasyp boldular.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.