30/11/-0001
835
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine bagyşlanan maslahaty
2021-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary inistitutynyň uly mejlisler zalynda 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda uly üstünlik bilen geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijelerine we ähmiýetine bagyşlanan maslahaty geçirildi.
Institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşan bu maslahatda sammitiň işi dogrusynda, esasan-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýokary netijelere baý bolan we halkara derejesinde has-da ähmiýetli orna eýe bolýan üstünlikli işleriň buýsançly gürrüňi edildi. Çykyşlarda giňden nygtalyşy ýaly, bu gezekki sammit umumy dünýädäki we sebitdäki dürli ugurlar bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn çözgütleriniň tapylmagy hem-de umumy maksatlara aýgytly ýetilmegi bilen baglanyşykly örän netijeli geçdi diýmäge esas berýär.
YHG tarapyndan amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çäginde tehnologiýa, aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamlarynda, ulag-üstaşyr we multimodal geçelgelerini emele getirmek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy giňeltmek we has-da çuňaltmak zerurlygynyň ýüze çykmagy düýpli çözgütleri talap edýändigini aýtdylar. Çünki bu ugurlar ählumumy ykdysady ösüşiň aýgytlaýjy esasy hökmünde çykyş edýär. Bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryny ulanyp, täze logistika we energetika ugurlaryny emele getirmäge doly hukukly we baý mümkinçilikli netijeli sebitiň we gatnaşyjynyň ornuny eýeleýän halkara hyzmatdaşlyk bolup durýan bu gurama Türkmenistanyň tagallasy bilen ýakyn geljekde umumy möhüm wezipeler hökmünde şu aşakdakylary belleýär:
1) Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy;
2) Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy;
3) Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy.
Türkmenistanda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek we täzelerini döretmek ileri tutulýan ugurlaryň arasynda durýar.
Şeýle hem beýleki halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda BMG, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Aziýa Ösüş Banky, şeýle-de beýleki sebitleýin we dürli ugurlar boýunça halkara guramalary bilen umumy maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek zerur.
Bu sammitiň netijesinde Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammiti Bitarap Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde giň gerimli netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
Maslahatda çykyş edenleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerine tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar we milli Liderimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Batyr KAIROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Dünýä dilleri kafedrasynyň
mugallymy.