03/06/2023
712
ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Aşgabada sapary boldy
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen Türkmenistanyň alyp barýan hyzmatdaşlygy netijeli häsiýete eýe bolup, özara ynanyşmak, umumy abadançylyk bähbitlerine esaslanýar. Bu abraýly guramanyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidiň Aşgabada bolan sapary hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek subut etdi.
Saparynyň başynda Baş sekretar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň dünýä bileleşiginde tagallalaryny mundan beýläk-de birleşdirmegiň, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň, adamlaryň durmuşynyň ykdysady hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljak Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Helga Mariýa Şmid saparynyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändigi nygtaldy. Soňky ýyllarda parlamentara hyzmatdaşlygy olaryň üstüni ýetirdi. Sebitiň howpsuzlyk meseleleri hyzmatdaşlygyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli meseleler boýunça gurama bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistanyň ygrarlydygy beýan edildi.
Soňra bolsa ÝHHG-nyň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Serdarymyz bilen duşuşdy we bu ýokary derejedäki duşuşyk üçin özüniň hoşallygyny bildirip, Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, ýaşyl howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamalary gowşurdy.
Söhbetdeşligiň barşynda şeýle-de beýleki ileri tutulýan ugurlarda, hususan-da, ulag-üstaşyr, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek boýunça hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-nyň Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözülmegine, şol sanda ynsanperwer ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň ykrar edilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýändigine aýratyn üns çekildi.
Söhbetdeşligiň barşynda ÝHHG-niň Baş sekretary Bitarap Türkmenistanyň sebitde we onuň çäginden uzakda parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek babatdaky syýasatynyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen birlikde, energetika we ekologiýa howpsuzlygy, durnukly ulag, suw diplomatiýasy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilýändigine üns çekildi.
Bilşimiz ýaly, ýakynda Aşgabatda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahat geçirildi. Geçirilýän duşuşyklarda döwletimiz tarapyndan alnyp barylýan “Açyk gapylar” syýasatyna hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlyga, giň demokratik özgertmeler ugruna ýokary baha berlip, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geljekde-de türkmen tarapyna milli kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegine, umumy parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygy beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 1990-njy ýylda ÝHHG-niň Pariž sammitinde döredilen Parlament Assambleýasynyň işi gurama gatnaşyjy döwletlerde hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak üçin parlamentara dialogyň giňeldilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda ÝHHG-niň bu geňeş edarasynyň düzümine gurama gatnaşyjy döwletleriň 57-sinden parlamentarileriň 300-den gowragy girýär. Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy boldy we şondan bäri hem onuň işine işjeň gatnaşýar. Uly tejribesi bolan bu düzüm gyzyklanma bildirýän döwletleriň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilmegine we kanun çykaryjy edaralaryň işine ýardam berýär.
Aýjahan GULHANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI