Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Ýerli halklaryň Halkara güni
    Ýerli halklaryň Halkara güni surady
    30/11/-0001

    1055

    Ýerli halklaryň Halkara güni

    Ýerli halklar dürli medeniýetleriň, dinleriň, dil toparlarynyň wekilleri bolup, olar Ýer şaryndaky materikleriň ählisinde ýaşaýarlar. Ýerli halk düşünjesini bellibir ýerde hemişelik ýaşaýan adamlar topary diýip düşündirýärler. Olar ýaşaýyş derejesi boýunça syýasy, ykdysady, medeni ösüşiň dürli tapgyrlaryny başdan geçirýärler. Ýer planetasynda ýerli ilatlara esasy duş gelip bolýan ýerler hökmünde ewenkileri Uzak Gündogarda, eskimoslary we aleutlary Demirgazyk Amerikada we Uzak Gündogarda, saamlary Skandinawiýa ýurtlarynda we Kol ýarymadasynda, maorileri Täze Zelandiýada, indeýleri bolsa Amerikada görkezip bolar. Ýer planetasynyň ýerli ilaty 300 million adama golaýdyr. Ýerli ilatlaryň hukuklarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi 1957-nji ýylda Halkara Zähmet Guramasy tarapyndan kabul edilen Konwensiýadan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. 1994-nji ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Ýerli halklaryň Halkara gününi döretmek baradaky başlangyç öňe sürüldi. Bu teklip BA-nyň №49/214 belgili Rezolýusiýasy bilen kabul edildi.

    2012-nji ýylyň 26-29-njy marty aralygynda Kýotukeýn şäherinde Saam ýokary mekdebiniň binasynda ýerli halklaryň teležurnalistleriniň Halkara konferensiýasy geçirildi. Onuň çäginde ýerli halklaryň dillerinde öz işini alyp barýan žurnalistler üçin seminarlar, master-klas sapaklary gurnaldy. Şeýle-de 2019-njy ýyl BMG tarapyndan ýerli halklaryň dilleriniň Halkara ýyly diýip yglan edildi.

    Biziň bilşimiz ýaly, 1991-nji ýyldan bäri her ýylda Demirgazyk Norwegiýada Riddu Riddu festiwaly geçirilýär. Ilkibaşda bu festiwal ýerli halk bolan saam halkynyň medeniýetine bagyşlanyp gurnalýardy.

    Soňlugy bilen bolsa Riddu Riddu festiwaly ýerli halklaryň medeniýetlerini baglanyşdyrýan iri baýramçylyk çäresi hökmünde bellenilmäge başlady.

    1998-nji ýyldan bäri bolsa her ýyl Finlýandiýanyň Saam welaýatynda Inarada ýerli halklaryň kinofestiwalyny geçirmek däp bolup gelýär.

    2009-njy ýylyň 22-nji sentýabrynda BMG-niň Sekretariaty Ýerli halklaryň Halkara gününe bagyşlap ýörite poçta markasyny goýberdi.

    Sona HALYKOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI