Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • ÝEWROPA HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK GEŇEŞINIŇ DOLANDYRYJY DIREKTORY BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • DIPLOMATIÝA ÝOLUNDA HALKARA TEJRIBE
      • Ilçileriň leksiýalary
        • Täsirli duşuşyk
      • Halkara günler
        • ADAMYŇ HUKUKLARYNY WE AZATLYKLARYNY GORAMAKDA HALKARA WE MILLI RESMINAMALARYNYŇ ÄHMIÝETI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Китайско-туркменский народный диалог: созвучие идей Нейтралитета и Сообщества единой судьбы
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Ýeňişleriň Dürdänesi
    Ýeňişleriň Dürdänesi
    Ýeňişleriň Dürdänesi
    21/12/2023

    1484

    Ýeňişleriň Dürdänesi

    Okuwymyzyň irdenki nyzamyny tamamlap, sapagymyza barýan wagtymyz öňümizden çykan Dürdänäniň deňinden her kim «Gutlaýas, çempion!» diýip geçýärdi. Bu mylaýym gyza daşyndan seredip, eger-eger onuň karate boýunça Ýewraziýanyň çempionydygyna ynanyp bilmersiň. Ol şeýle bir çekinjeň welin, walla, haýran galaýmaly. Ýöne, tutluşyk meýdançasynda welin, garşydaşlary ondan çekinýär.
    Çaga göwnüniň islegi. Ynha, Dürdänäniň karate bilen meşgullanyp başlamagynyň baş sebäbi. «Ýüregiňizi diňläň!» diýleni. Çünki bu günki gün Dürdänäniň çagalykdaky saýlan şol ýoly ony sport äleminiň ýokary derejeli münberlerine eltdi. Hawa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Dürdäne Nazargylyjowa bu gün karateniň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, karate boýunça 1-nji derejeli sport ussadydyr.
    Üstünlik sözüniň «üstün» sözünden kök alýandygy mälim. Bu diňe garşydaşyňdan däl, eýsem, ilki bilen, özüňden üstün çykmagy aňladýar. Mahlasy, garşydaşyndan üstün çykan ýeňiji, özünden üstün çykan çempion bolýar. Dürdänäniň hem uly üstünlikleriniň aňyrsynda irginsiz türgenleşikler ýatyr. Bir zat hemişe aýratyn ünsümi çekýär, uly üstünlik gazanan adamlaryň köpüsi özleri hakynda gürlemekden çekinegen bolýar. Dürdäne hem şeýle-dä. Ondan ýeňişleri hakynda soraýaň welin, jogap bermekden geçip, çekinjeňligi bilen ýylgyryp duruberýär.
    2023-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen aşihara karate boýunça Ýewraziýanyň II açyk çempionatynda 21 — 24 ýaşly türgenleriň arasynda 65 kilograma çenli agram derejede Dürdäne çempion boldy. Häzirem ýadymda, biz bu habary eşidip, şeýle bir öz ýyllykdaşymyza buýsandyk. Aslynda, biziň okuwymyzda sportuň karate görnüşi boýunça dünýä we sebit çempionlary okaýar. Olardan Dawut Nazmyradowy, Ýusup Garajaýewy, Resul Atajanowy görkezmek bolar.
    Ýakynda Dürdänäniň «Biznes reklama» gazetinde çap edilen söhbetdeşliginde ol öz üstünlikleri barada şeýle belläpdir: «Karate boýunça ýaryşlara 2015-nji ýyldan bäri gatnaşýaryn. Şu wagta çenli öz ýaş derejämde kýokişunkaý karate boýunça 3 gezek (2016, 2018, 2019) Türkmenistanyň çempiony, 2 gezek (2015, 2017) çempionatyň kümüş medalynyň eýesi boldum. Mundan başga-da, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda karateniň kata görnüşi boýunça 2 gezek (2018, 2019), toparlaýyn kata boýunça hem 2 gezek (2018, 2019) 1-nji orna mynasyp boldum. Ulularyň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda kýokişunkaý karate boýunça 2 gezek (2022, 2023) bürünç medal hem-de 1 gezek (2023) altyn medal gazandym. Şeýle-de ulularyň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda 2022-nji ýylda karateniň kata görnüşi boýunça 3-nji orna, toparlaýyn kata boýunça bolsa 1-nji orna mynasyp boldum. Halkara ýaryşlar barada aýdanymyzda, 2023-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen aşihara karate boýunça Ýewraziýanyň II açyk çempionatynda 60 kilograma çenli agram derejede 18 — 21 ýaşly türgenleriň arasynda 2-nji orny, 21 — 24 ýaşly türgenleriň arasynda bolsa 65 kilograma çenli agram derejede 1-nji orny eýeledim».
    Karateden başga-da, Dürdäne sportuň taýboks we kikboks görnüşleri bilen meşgullanýar. Ol Taýboks boýunça 2018-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda 48 kilograma çenli agram derejede 3-nji orna, 2019-2020-nji ýyllarda bolsa ýaşlaryň arasynda 54 kilograma çenli agram derejede 2 gezek «Türkmenistanyň çempiony» diýen ada mynasyp bolýar. Şeýle-de, ulularyň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda 2018-nji ýylda 1-nji orny, 2019-njy ýylda 2-nji orny eýeleýär. Mundan başga-da, Dürdäne kikboks boýunça 2018-nji ýylda ýaşlaryň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatynda 48 kilograma çenli agram derejede 1-nji ýeri eýelemegi başarýar. Ynha, Dürdänäniň üstünlikleri şulardan ybarat. Ol birbada sportuň karate, taýboks hem-de kikboks görnüşleri boýunça ýurdumyzyň we halkara ýaryşlaryň çempionydyr. Biz hem oňa geljekki ýaryşlarda uly üstünlikleri arzuw edýäris. Dürdäne, çempionlyk hemişe ýaranyň bolsun!

    Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bitarap Watanymyzyň üstünlikleri surady

    17/12/2025

    Bitarap Watanymyzyň üstünlikleri
    NEUTRALITY  - THE MAIN PILLAR OF THE DEVELOPMENT OF TURKMEN DIPLOMACY surady

    16/12/2025

    NEUTRALITY - THE MAIN PILLAR OF THE DEVELOPMENT OF TURKMEN DIPLOMACY
    PARAHATÇYLYK SENASY surady

    15/12/2025

    PARAHATÇYLYK SENASY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI