849
Ýedi asyrlyk döwre bagyşlanan altynjy oýun
2022-nji ýylyň 29-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny geçirildi. Bäsleşigiň bu gezekki oýny «Osman döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly mowzuga bagyşlanyldy. Akyl-paýhas bäsleşiginden bir gün öň, ýagny 28-nji martda oňa gatnaşyjylar bilen Garaşsyzlyk binasyna ýörite gezelenjiň guralyp, ol ýerde institutymyzyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan türkmen taryhynyň beýik şahsyýetleri barada mekdep okuwçylaryna gürrüň berilmegi olarda uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da bäsleşik üçin ýörite gurlan Ak öýüň bu gezek Osman döwletiniň dürli döwürlerini alamatlandyrýan taryhy esbaplar bilen bezelendigini nygtap geçmegimiz gerek.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýnuna Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Mähri Ataýewa, Aşgabat şäherindäki dil dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ogulsoltan Orazberdiýewa we şol mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Jennet Akmämmedowa, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Kerem Durdyýew, Aýjeren Annageldiýewa, Çynar Garlyýewa, Kakageldi Akmyradow hem-de şol mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Ogulbagt Baýryýewa gatnaşdylar.
Dünýä taryhynda iň uzak dowam eden imperiýalaryň biri bolan Osman döwletiniň taryhyna, alyp baran daşary syýasatyna degişli sowallara mekdep okuwçylarynyň dessin we giňişleýin jogap berip bilmekleri olaryň öňünden maslahat berilen edebiýatlary birkemsiz özleşdirendiklerine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende belläp geçsek, «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýnuna «Pähimdarlar geňeşiniň» agzalary hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa ýurtlary bölüminiň geňeşçisi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Nurberdi Amanmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Ahmet Annaberdiýew hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Dünýä taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Şamuhammet Akmyradow dagy adalatly eminlik etdiler.
Örän çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Aýjeren Annageldiýewa hem-de Kakageldi Akmyradow ýeňiji boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine, şeýle-de oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de beýleki hemaýatkärler tarapyndan taýýarlanan gymmatbahaly sowgatlar, institutymyzyň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary gowşuryldy.
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýnuna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, «Abadan haly» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti, «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýeti, «Ýedi dogan» hususy kärhanasy hem-de «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti hemaýatkärlik etdiler. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny «Miras» teleýaýlymy bilen TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasy tarapyndan bilelikde ýazgy edildi. Oňa ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.
Mätgurban MÄTGURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/61954/parahatcylygyn-yas-caparlary-altynjy-oynun-jemleri
Soňky täzelikler
01/06/2024
ÝAŞ ÇAPAR