Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / ÝAŞLARA YNAM
    ÝAŞLARA YNAM
    ÝAŞLARA YNAM
    23/12/2023

    1094

    ÝAŞLARA YNAM

    Turuwbaşdan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly taryhy wakalara, ähli ulgamlarda uly üstünliklere beslendi. Amala aşyrylan giň gerimli işler, gazanylýan guwandyryjy netijeler taryha altyn harplar bilen ýazylar. Amala aşyrylýan işleriň diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi guwandyryjydyr.
    Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň çuňňur mazmuny bardyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. 30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem hormatly Prezidentimiz şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini aýratyn belledi.
    Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat, sergiler we dabaralar ýokary derejede, guramaçylykly geçiriler. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler.
    Geçiriljek maslahatda we sergide ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleri, ylmy açyşlary öz beýanyny tapar. Şunuň bilen baglylykda, 2-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Söwda-senagat edarasyna bardy hem-de bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Şunda Milli Liderimiz ýylyň ahyrynda geçiriljek ýaşlar forumyny we sergini üstünlik guramak boýunça gymmatly öwüt-nesihatlaryny we tabşyryklaryny berdi. Munuň özi – ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny hem buýsandyrdy. Geçiriljek dabaralar ýaşlaryň durmuşynyň möhüm senesine öwrüler.
    Ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda-da döwrüň talabyna laýyklykda, giň gerimli işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmek, geljekki halkaraçy hünärmenleri ýokary derejede taýýarlamak, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Meniň maksadym türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebini ählitaraplaýyn ösdürmekden we goldamadan ybaratdyr» diýen sözlerinden ruhy güýç alýan bu bilim ojagynda alnyp barylýan işleriň ýylsaýyn ýokary sepgitlere ýetýändigini uly buýsanç bilen bellemek bolar.
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary ýylyň-ýylyna ýurt we halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara, diplomlara mynasyp bolýarlar. Köp sanly bilim edaralary, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen daşary ýurtlaryň onlarça bilim ojaklarynyň arasynda degişli resminamalar we ähtnamalar arkaly ýygjam gatnaşyklar ýola goýuldy.
    Dünýäniň belli hem-de abraýly ýokary okuw mekdepleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Şeýle hem institut Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
    Beýik işleriň, giň gerimli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň belent ynamyndan ruhlanýan ýaşlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň hem goşandynyň bardygyna örän buýsanýarys. Ýene-de, sanlyja günden paýtagtymyzda ýaşlaryň dabaraly maslahaty hem-de sergisi geçirilip, bu iri forum türkmen ýaşlarynyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, ýetýän sepgitlerine göz ýetirmäge mümkinçilik berer. Watanyň şan-şöhratyny belende göterýän ýaşlaryň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň olar üçin döredip berýän uly mümkinçilikleriniň aýdyň netijesidir.

    Toýmyrat UŞAKOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI