Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY
    ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY surady
    20/03/2024

    13034

    ÝAŞLAR — WATANYŇ DAÝANJY

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryha altyn harplar bilen ýazylan 2023-nji ýylyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň neşir edilmegidir. Ýurdumyzda ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ilkinji neşirinde ýaşlaryň ujypsyzja çeken zähmetine ummasyz uly baha berip, ýaşlaryň ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň kitapda ýerleşdirilmegi ýatdan çykmajak buýsandyryjy waka boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý many – mazmunly bu kitaby geljekde diňe bir ýaşlar üçin ýol – ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.
    Hormatly Prezidentimiziň pähim – paýhasa ýugrulan bu kitabynda ähli ugurlar bilen bir hatarda Ýaşlar syýasatynyň kanunçylyk – hukuk binýady barada hem giňişleýin bellenilipdir. Bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet, Maşgala, llaty durmuş taýdan goramak, Ýaşaýyş jaý kodeksleri, «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Döwlet ylmy – tehniki syýasaty hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Meýletinçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Olarda we kabul edilen beýleki Kanunlarda ýaşlaryň hukuklary we borçlary bilen bagly meseleler öz beýanyny tapýar.
    Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny barada aýratyn belläp: «Bu Kanun ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy, Kanunda ýaşlaryň ykdysady taýdan özbaşdak bolmagyny, olary jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni durmuşa işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilik başlangyçlaryny ösdürmäge hem-de ýaş raýatlaryň hukuklaryny, borçlaryny durmuşa geçirmäge, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutuldy» diýip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýene-de bir biz ýaş hukukçy hünärmenleri begendiren hakykat Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň 59-njy sahypasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Ýaş parlamentariler topary hakynda» Karar kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisinde Ýaş parlamentariler toparynyň döredilmegi dünýä döwletleriniň parlamentleri hem-de abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegine, ýaş parlamentarileriň we zenan parlamentarileriň özara tejribe alşyp bilmeklerine täze mümkinçilikleri açdy. Bularyň ählisi biz ýaşlara döredilýän mümkinçilikleriň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz – ýaşlara döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, alyp barýan köp ugurly syýasatynda il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde hemişe rowaçlyklary arzuw edýäris.

    Begençmuhammet SERDARMUHAMMEDOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI