20/10/2026
14
ÝAŞLAR BARADA DÖWLET SYÝASATYNA BAGYŞLANAN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň belent paýhasly ýol-ýörelgelerine eýerip, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň çuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, olarda watansöýüjilik, ruhy ahlak we milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak duýgularyny kämilleşdirmek maksady bilen, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli tassyklanan Döwlet maksatnamasynyň” ähmiýeti, ýaşlaryň döwletiň hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady, ylym-bilim we innowasiýalar bilen gyzyklanýan, ösen tehnologiýalary özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary goldamak babatdaky mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Täsirli geçen wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar bagtyýar ýaşlaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza kalplarynyň egsilmez alkyşdan we guwanç duýgusyndan doludygyny ýene bir ýola buýsanç bilen belläp, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Medine HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby