05/04/2025
1403
ÝAŞ TÜRGENLERIMIZIŇ NOBATDAKY ÝEŇIŞLERI
2025-nji ýylyň 25-27-nji marty aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Uniwersiadanyň düzüminde bolan karate-do görnüşi boýunça ýaryşyň çäklerinde kumite boýunça sport ýaryşy geçirildi.
Ýaryşda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Rasul Atajanow 60 kg agramda we Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow 75 kg agramda çykyş edip, I orunlara, altyn medallara mynasyp boldular.
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary Rasul Atajanowy hem-de Dawut Nazmyradowy sport ulgamynda gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara geljekde okuwlarynda we sport äleminde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Mekan ANNAMEŇLIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara
gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady
gatnaşyklary
fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

28/04/2025
BEÝIK ÝEŇŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA
21/04/2025
PARYZDEPE ÝADYGÄRLIGINE GEZELENÇ